Hekaýa
Ol çet ýurtly myhman ýaly adamlara goşulman boş oturgyçlaryň bardygyna garamazdan gäminiň bir çüňkünde mangodan boşan ýeşşigiň üstünde otyrdy. Adamlaryň o bilen işi bolmaýşy ýaly onuňam adamlar bilen işi ýokdy. Diňe dälişge gözlerini töweregine aýlap, goltugyndan çykaran demir gutujykdan birki ýola ogurtlaýardy-da, el degmekden ýaňa garalyp giden skripka iglije elini uzadýardy. Şonda onuň nazary dünýä gaharly seredýän ýaly bolýardy. Käte onuň bolup oturşyny gören gartmaç eneler biri-birine başyny atyşyp şeýle diýerdiler:
– Saz adamynyň gussasyny egisse-de, ol ony terbiýelemeýän eken…
Ýöne onuň çalýan sazlary welin başga sazlary çalyp bilmeýän ýaly gaty gussalydy. Ony diňleseň özüňe-de, uly dünýä-de nebsiň agyrýardy. Onuň nämüçin gussaly saz çalýandygam basym belli boldy. Onuň ejesidir gelinligi birki ýyllykda biziň barýan derýamyzda gämi agdarylanda suwuň teýinde galypdyr. Guwwaslar näçe gözleselerem olary tapyp bilmändirler.
Bulary maňa skripka çalýan oglanyň golaýjygynda çuwutdyryp oturan garryja ýapon zenany aýtdy. Ol görnüşinden skripka çalýan oglanyň ilen-çalany bolmaga çemeli. Oglanyň ady Tagawa eken. Gelinliginiň ady Akiko.
Biz gidip barýardyk. Gäminiň üstündäki adamlaryň köpüsi işe barýan hemem işden gelýän adamlardy. Olar palbanyň üstünde üýşüşip durup, ikibir-ikibir bolup gürrüň edişýärdiler. Gürrüňleriň galapasy öýleri hemem obalary hakdady. Kijiçek boýly adam bir aýdýan sözüni köp gaýtalaýardy:
– Siz atyň nalyna ynanmazçylyk etmäň. Men size bir wakany gürrüň bereýin.
Bir daýhan ýolda gidip barýarka atyň nalyny tapýar. Şondan kän wagt geçdmänkä onuň baý hossarlarynyň jaýyna ot düşüp, ählisi heläk bolýar. Onsoň olaryň mirasy ýaňky nal tapan adama galyberýär.
Adamlar oň sözüne ýylgyyşýardylar. Kimem ynanmazçylyk edip başyny ýaýkaýardy.
Bir gyrada sag gözüniň aşagy gögerip duran ýaş gyz bilen gartaşanyrak aýal gürleşip otyrdy. Gartaşan aýal gyzdan “Kim gözüň aşagyny beýtdi?” diýip soraýar. Gyz bolsa ýüzüni aşak salyp oturyşyna oňa gürrüň berýär:
– Kim bor öýüdýäň. Bedrodan başga kim bolsun!
Gartaşan aýal ýene oňa sowal berýär:
– Bedro kim? Söýgüliňmi?
Gyz ýene pessaý gürleýär:
– Ýok-la, söýügilm-ä däl. Ýöne täze ädigi bar bolany üçin, onsoňam garmon çalyp bilensoň ony gowy göräýdim-dä… Ol bolsa her gezek serhoş bolanda urýar.
Gartaşan aýal ýene gürledi:
– Sen onsoň täze ädigi hemem garmon çalyp bilýändigi üçin özüňi urduryp ýörmüň?
Gyz uýaljaň gepleýär:
– Ýöne näme diýseňem ädiginiň reňki goňur bolansoň ol oňa gowy gelişýär. Garmonam erbet çalanok… Obamyzyň hemmesi ony diňleýä. Hat-da Dora daýza bir gezek agladam…
– Hä, şeýlemi. Ädiginiň gowy gelişýännigi hemem garmon çalyp bilýännigi üçin maňlaýyňa urduryber.
Gartaşan aýal şeý diýip gyzdan ýüzüni öwürdi. Öwrülmäkä-de şeý diýdi:
– Janam, bizem gyz bolup görüpdik, ýöne ýigidiň ädigine seredip baha bermändik.
Palbanyň o çetinden kimdir biriniň sesi eşidildi:
– Men obadan çykmankam ejem maňa şu sözleri tabşyrdy: “Oglum Miki, eger sen obamyz ýadyňa düşse, uzaklyklara seretgin. Uzaklyklaryň bary birmeňzeşdir. Şol ýerde hemmäniň öz obasy bardyr”. Ynha sizem obaňyzy göresiňiz gelse uzaklara serediberiň.
Bularyň hemmesi ýol gürrüňleridi. Sada adamlaryň agzyndan çykýan sözleri eşitmek ýakymlydy. Şonuň ýalam gussalydy. Sebäp seň öz önüp-ösen mekanyň seni eklemese, bir döwüm çörek üçin ýat ýurtlara sergezdan bolmaly bolsa, adamy hiç-hili günäkär edip boljak däldi.
Birden sesleriň üstüni basyp, gäminiň o çetinden däliniň gülküsi ýaly elhenç sesi eşidildi. Bi Tagawanyň sesidi. Adamlaryň hemmesi oňa tarap üşerildi. Soň ol ses ýuwaş-ýuwaşdan pessaýlap aýdyma öwrüldi. Näzik kirişler bolsa ony hasam aýdyň edip buýsançlyk bilen owazlandyrýardy. Ol aýdymyny öz ene dilinde – ýapon dilinde aýdýardy. Men oňa düşünemokdym, ýöne onuň näme diýýänini şeýlebir bilesim gelýädi. Duranlaryň biri şeý diýdi:
– Beýledebir betlabyz aýdym bor oguşýan, ol aýdymyň hiňňildisine däl-de, dişi agyrýanyň iňňildisine meňzeş…
Tagawanyň ýanynda oturan gartmaç ýapon zenany oglany ýumarlap şeýle diýýärdi:
– Gelinligi Akiko bilen ejesi derýanyň düýbünde galany bäri ol dälirän ýaly boldy. Hernä täze Aý dogan wagty onuň ýeldirgemesi barha güýçlenýär. Bu günem ol şeýle bolar…
Ol şeý diýip düýnki ýagan ýagşa ýuwlan Aýa seretdi. Aý bolsa Tagawanyň üstüni ýagtylandyrjak bolýan ýaly barha öňe süýşüp, biziň münüp barýan gämimize haýdaşlap gelýärdi.
Tagawa ýene öňki ýaly ses edip aýdymyna gygyrdy. Men mundan artyk saklanyp bilmän ýapon zenanynyň ýanyna bardym hemem garaçynym bilen ýalbaryp, aýdymyň sözleriniň näme diýýändigini soradym. Ýapon zenany gyýtmak gözlerini maňa tarap aýlap gaharly şeý diýdi:
– Näme senem dälimi?
Men oňa soňam kän ýalbardym. Haçan-da men onuň hor ellerine tegelek 10 dollary tutduramda ol az-kem ýumşap şu sözleri aýtdy:
– Manysy şeýleräk: “Akiko, sen meniň sesimi eşitýänsiň, Men sazym bilen seň ýasyňy tutýaryn. Ynha, basym menem ýanyňa bararyn. Onsoň biz ýene biri-birimizi göreris”.
Bu sözleri men basym kellämde aýlap, özümçe şeýleräk setirleri tasladym:
Akiko, eşidýänsiň sen meň sesimi,
Saz bilen tutýaryn men seň ýasyňy.
Ynha basym men ýanyňa bararyn,
Onsoň ýene gül jemalyň görerin.
Ah Akiko, sen meň şirin janymsyň,
Ah Akiko, imanym sen, ganymsyň.
Birden bar zat üýtgedi-de, adamlaryň garaşmaýan zady ýüze çykdy. Inni Tagawa däl-de, skripka gürleýärdi. Haçan-da skripkanyň kirşleri “Mader,… Maderi… – eje, eje jan” diýende adamlar naýynjarlyk bilen biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Olaryň bolşy hamala “eje” diýen sözi hut şu günki gün eşiden ýalydy. Garaýagyz togalak zenan bolsa kükregini iki eli bilen gysymlap şeýle diýýärdi:
– Men Mikojanymy – oguljygymy goýup gaýdypdym. Bu Mikojanyň sesi. Ol ajygýandyr. “Eje” diýip meni çagyrýar. Ana, süýdümem iýdirip başlady…
Garaýagyz zenanyň bolşy duranlaryň gaty köp ýyllardan bäri kükreginde saklanyp duran pynhan syrynyň açylmagyna sebäp bolan ýaly boldy. Indi olar çaganyňky ýaly gözlerini süzüp biri-birine ejeleri barada ýuwaşja pessaý sesleri bilen gürrüň berýärdi.
Gözi äýnekli hortap oglan begenýändigini ýa-da gynanýandygyny düşündirmän pessaý ses bilen ýanyndaky uzynak adama şeýle diýýärdi:
– Şu günki gün ýaly ýadymda, ejemiň elinden güýz topragynyň hemem süýdüň ysy gelýärdi. Şu wagtam burnuma şol ys kaklyşan ýaly bolly.
Uzynak adamam gözlerini uzaga dikip, pikirjeň gürledi:
– Skripka bize ejemizi ýatlatmadyk bolsa walla biz asla ýatlajagam däl. Aý, howwa-da, adam gorkmasa ýa gyssanmasa ejesini ýatlaýarmy näme. Ömür başagaý bolup ýörmeli. Şeýle zamana boldy-da…
Olaryň sözlerine duýgudaşlyk edip ýene biri gürrüňe goşuldy:
– Ejemizi ýatlamasagam, bosumyzy günde bäş-alty ýola ýatlaýays.
Gürrüňe goşulan köpeldi.
– Ýatlamanam bir gör… Şo gün seni işiňden aýyrsyn. Bu wagt işden aýrylsaň emmesinden kesilen bäbek ýalysyň-da…
Eje baradaky gürrüňler gäminiň içinde dilden-dile, agyzdan-agza geçip, barha güýç alýardy. Han-ha bir ýaş oglan gözüni ýaşdan dolduryp şeýle diýýär:
– Eje jan, bagyşlap bilseň meni bagyşlaweri. Men ýaşkam saňa azar ýamanyny beripdim. Inni näçe ökünýänem weli, giç-dä… Sen öňem maňa kän geçirimlilik edipdiň. Ýene geçireweri, käbäm…
Haýsydyr bir garry aýal gaharly gürledi:
– Etjegiňizi edip soňam “eje, geçireweri” diýäýiň…
– Men ýola düşmänkäm ejem meň maňlaýymdan ogşap “Ebri, balam, men saňa ýolda iýeriň ýaly ýumurtga gaýnadandyryn. Meni hem jigileriňi ýadyňdan çykarman, ýatlap durgun” diýipdi. Men bolsa ony diňe şu gün ýatlaýan. Oňa-da skripka sebäp bolly.
Bu gürrüňler maňa gaty uzaklarda galan obamy ýatladýardy. Gum depeleri, guýynyň başyndaky meňzi topraga meňzäp duran gumlular, Baltak janaweriň haýbatly sesi, Ýerbendiň gamgyn ýelleri gözümiň öňünden kino lentsy ýaly hatara bolup geçýärdi. Täzelikde Gülsün ejeden alan hatymy ýene bir gezek ýatladýardy. Ol ilki gaharlanyp şeýle ýazýardy: “Adamyň sag aýgy ýoldan çyksa, çep aýagam oň yzyna düşjek eken. Sen beýdip ýat ýurtlarda entäp ýörseň diliňem ýitirersiň. Adam dilini ýitirse, enesinem ýitirýändir. Enesini ýitirse – ýurdunam unudýandyr”.
Şol gün gije külterli ýüpüň üstünde ýatyşyma hiç uklap bilmedim. Megerem şol gün meniň Gülsün eje hakynda iň köp pikir eden günümdir. Hemmeler ýatyrdy. Diňe derýa öz heňini çalýardy. Men şundan artyk saklanyp bilmän Tagawanyň ýanyna bardym. Ol şol oturşyna boýnuny birýana gyşardyp süýji ukuda ýatyrdy. Özem çalaja ýylgyrýan ýaly. Megerem düýşünde ejesini görýändir. Men aýagym bilen ony yraladym. Ol gözüni ýalpa açsa-da, hiç zat gürlemedi. Men onuň eline Linkini – 5 dollary tutduryp haýyş etdim:
– Ene hakyndaky zasy çalsana…
Ol sesini çykarman beýlesine öwrüldi. Dolarlaryň sany 20-ä ýetende-de ol henizem geplemän skripkasyny gujaklap ýatyrdy. Men az-kem gaharlanyp, üýşmek ýüpüň üstünde süýndüm.
Daňa golaý meni kimdir biri yralady. Gözümi açsam – Tagawa! Ol müýnli ýaly şeýle diýdi:
– Ser, pliz giw wan dollar!
Men sesimi çykarmadym. Ol ýene gürläp başlady:
– Eger 1 dollar berseň men ene hakynda sazy iki ýola çalyp bereýin!
Men näçe diňläsim gelse-de kejirligim tutup sazyň sany ýigrimä ýetende-de Tagawanyň islegine boýun bolmadym.
… Säher gijäniň elinden sypanda biziň barýan gämimiz meniň düşjek ýerime gelip togtady. Bosman gäminiň şäherjikde bir sagat durjakdygyny aýtdy. Men Tagawanyň ýanyna ýöneldim. Ol bu gezek men hiç zat geplemezimden ene hakyndaky sazyny çalyp başlady. Skripka şeýle bir näzik owaz bilen “eje-e” diýýärdi. Meniň göwnüme çaga ilkinji ýola dil ýaranda-da şeýle näziklik bilen “eje” diýmejek ýalydy.
Tagawa tä gämi ugraýandygyny duýduryp zoguny çalýança ejäni ýatladýan sazyny çaldy. Saz gäminiň üstünden pel-pelläp, soňam gör nirelerde ýitip gidýärdi. Meniň göwnüme ol maňa tanyş bolan sähralara tarap rowana bolýan ýalydy…
Öwezmyrat ÝERBENDI.