SIZDEN GELENLER

“Şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda ahalteke bedewleriniň we türkmen alabaýlarynyň keşbi” atly täsirli geçen sergi

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň baş binasynda aprel aýynda giňden bellenilip geçilýän “Türkmen bedewiniň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy” mynasybetli gurnalan serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary bolup, biz hem bu ajaýyp sergini gezlenje geldik. Kämil sungatdan dörän eserler bilen tanyş bolup, şeýle gözellikleri döredip, ynsanlara ylham, ruhy lezzet berýän suratkeşlerdir, zergärler bilen söhbetdeş bolduk.

Biziň söhbetdeşimiz Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň we Türkmenistanyň dizaýnerler birleşiginiň agzasy Myrat Sähedow.

Myrat aga, ynha ählimiziň bilşimiz ýaly ata Watanymyz Türkmenistanyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. “Türkmenistan − Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hem Aziýanyň merjen şäheri bolan mermer paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý baýramçylygy uly dabara bilen şatlyk-şowhuna beslenip, bellenilip geçilýär. Siz hem döredijilik adamsy hökmünde baýramçylyga nähili sowgatlaryňyz bilen barýarsyňyz?

Elbetde, döredijilik adamlary elmydama gözlegde bolýar. Biz hem her baýramçylyga öz döreden eserlerimiz we sowgatlarymyz bilen barýarys. Ýurdumyzda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda bedewleriniň şaý-seplerini ýasamakda, keşbini çekmekde we haly ýüzüne geçirmekde bäsleşik geçirilýär. Men hem öz şägirtlerim bilen birlikde, bäsleşige 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli gatnaşýarys. Her ýyl özümiziň döreden täze-täze işlerimizi hödürleýäris. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem türkmen bedewleriniň bezegi bolan şaý-seplerini ýasap,  bäsleşige hödürläp otyrys. Biz bu işimizi gadymy şekilde ýasap, ýurdumyzda milli mirasa goýulýan sarpany açyp görkezmek maksady bilen, Nusaýdan tapylan ritonlary, milli nagyşlary ýerleşdirdik. Mundan başga-da işimizde ok-ýaý we olary salyp ýygnamak üçin ulanylýan okdan ýerleşdirdik. Şular ýaly çeperçilik serişdelerini ulanyp, işimizi gadymdan gelýän zergärçilik sungatyna kybap getirmek isledik.

Myrat aga, şu wagt siziň döreden şaý-sepleriňizi synlap, bu ajaýyp eseriň az wagtyň işi däldigine hem göz ýetirýäris. Bu işi döretmek üçin size näçeräk wagt gerek boldy?

Göräýmäge adaty bir şaý-sep ýaly bolup görünse-de, türkmen bedewleriniň şaý-seplerini ýasamak örän köp zähmeti talap edýär. Halk arasynda ýöne ýere “Zer gadryn zergär biler” diýilmändir. Eger-de işi ýekelikde ýerine ýetirjek bolsaň, ýyllap wagt gerek bolýar, tüweleme, indi şägirtler bilen bilelikde işläp zähmet çekip, üç-dört aýyň dowamynda öz işlerimizi taýýarlaýarys.

Elbetde, şeýle ajaýyp işleriňiz bilen birnäçe sylaglarada mynasyp bolansyňyz?!

Dürli ýyllarda bedew baýramynda hormatly Prezidentimiziň elinden üç gezek şa serpaýyny almak bagty maňa hem miýesser etdi. “Ata kesbi ogla halal” diýlişi ýaly, ogullarym Atamyrat bilen Çarymyrat hem bu ýoly dowam etdirip, dürli bäsleşiklere gatnaşyp ýeňiji boldular. Ýene-de belläsim gelýän zatlaryň biri-de daşary ýurtlarda Türkmenistanyň medeniýet günleri we birnäçe Halkara sergileri geçirilýär. Men hem şunuň ýaly Halkara derejesindäki köpçülikleýin çärelere yzygiderli gatnaşyp, öz ýasan şaý-seplerim bilen birlikde, hökman bedewe dakylýan şaý-sepleriň bir-iki topbagyny öz ýanym bilen äkidýärin. Daşary ýurtly adamlar hem geň galyp synlap, edil gelin – gyzlarymyzyňky ýaly bedewleriň hem şaý-seplerniň bardygyna, olaryň sünnälenilip ýasalandygyna haýran galýarlar.

Myrat aga beren gyzykly we täsirli gürrüňleriňiz üçin size köp sagbolsun aýdýarys. Türkmeniň gadymdan gelýän sungaty bolan zergärçilik sungatynda ajaýyp bedewlerimiziň bezegleri bolan şaý-sepleri ýasamak ýaly asylly käriňizde mundan beýläk-de diňe üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Ýetip gelýän baýramlaryňyz hem gutly bolsun!

Sagboluň, şular ýaly biziň sergilerimize yzygiderli gatnaşyp duruň! Size-de okuwyňyzda uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýärin. Baýramlaryňyz gutly bolsun!

Sagboluň!

 

                                      Söhbetdeş bolan: Gytja ATDAÝEWA,

                                      Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

 

 

TOPH taslamasy boýunça türkmen-owgan duşuşygy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti