SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýada koronawirusa garşy sanjym haçan başlaýar?

Dünýäde ilkinji bolup, täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy sanjymy hasaba alan Russiýa Federasiýasynda “COVID-19” keseline garşy köpçülikleýin sanjym etmek işi 2021-nji ýylda başlanar. Bu barada ýurduň wise-premýeri Tatýana Golikowa habar berdi.

Tatýana Golikowa Russiýa Federasiýasyndaky adam hukuklary boýunça ombudsmenleriniň utgaşdyryjy geňeşinde eden çykyşynda “Ilaty köpçülikleýin sanjym etmek 2021-nji ýyldan meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, Russiýa Federasiýasynyň kanunçylygyna laýyklykda, sanjymyň meýletin amala aşyrylýandyna ünsi çekmek isleýärin” – diýip belledi.

2 MILLION DOZA “SPUTNIK V” SANJYMY ÖNDÜRILER

Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň ahyryna çenli Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Malaeý adyndaky merkezi tarapyndan “Sputnik V” koronawirusa garşy sanjymynyň 2 million dozadan gowragyny öndürmegiň meýilleşdirilýändigini belledi. “Sputnik V” sanjymynyň hasaba alnan döwründen bäri 117 müň dozasynyň raýat dolanyşygyna girizilendigini belledi.

Ýurduň ygtyýarly wekiliniň aýtmagyna görä, ilkinji nobatda töwekgelçilikli toparlaryň – lukmanlaryň we mugallymlaryň sanjym ediljekdigi mälim edildi.

Çumakow adynky merkeziň hem koronawirus sanjymyna garşy işläp düzýän sanjymynyň dekabr aýynyň ahyryna çenli ikinji kliniki tapgyrynyň tamamlanjakdygy bellenilip geçildi.

RUSSIÝANYŇ KORONAWIRUSA GARŞY SANJYMLARY

  • Russiýa 11-nji awgustda dünýäde ilkinji bolup “Sputnik V” ady bilen koronawirusa garşy sanjymy hasaba aldy.
  • Russiýanyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we raýat abadançylygyna gözegçilik etmek boýunça federal hyzmat gullugynyň (Rospotrebnadzor) “Wektor” merkeziniň “EpiWakKorona” atly sanjymy 13-nji oktýabrda hasaba alyndy.
  • Çumakow adyndaky merkezi hem sanjym işläp düzdi. Bu sanjym 300 meýletinçi bilen kliniki synaglardan hem geçýär. Sanjymyň ýylyň ahyryna çenli hasaba alynmagyna garaşylýar.

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy