Hekaýa
Eger ors dili mugallym obamyza gelmedik bolsa, men entegem Gartaň aga käýiner ýörerdim. Indi bolsa ony, arkama hopba edip, obamyzyň içinde aýlasym gelýär. Ýüregime beýle rehimiň inmegine betbagtlygym kömek etdi. Gartaň aga kellesi mis kündük ýaly, zyllajym kel oglunyň saçyny syran päkisi bilen meňem saçymy syrdy. Soň men ap-aňsatja kel bolup, şäherdäki kelleň ýatýan keselhanasynda tas ýarym ýyllap ýatmaly boldum. Indem, alty aýlap kellämi awundyrandyklaryny hasaba almasaň, men synpymyzda ors dilini bilýän ýeke-täk okuwçy. Sebäp, ýarym ýyllap kelläme saç çykmadygam bolsa, dilime ýene bir tüý – ors dili çykdy.
Öýümiz bilen mekdebimiziň arasy eslije ýer bolansoň, okuwdan gijä galmazym ýaly, turmaly wagtyndan bir sagat ir turýan. Ýöne onda-da gijä galýan. Onuň üçin mugallym käýemegiň deregine, hemişe ukudan doýmaýan gamgyn gözlerime dözümsiz nazaryny aýlap, ýerime geçip oturmazymdan öňürti, peçe çoýunmagymy nebsagyryjylyk bilen aýdýar.
Bu günem ýene, synpymyzyň içini gyşyň allajy sowugyndan dolduryp, tanyş gapyny açdym. Ýöne meni dözümsiz Taýmaz mugallyma derek, owadan gözli gyz – ors gyzy garşy aldy. Gyzgyn peje derek, daşaryň howasyndanam beter, sowuk sözler ýüzümi dalalady.
– Girmek bamy?..
– Ol ýap-ýaňy seni gözlemäge gitdi.
Meniň üşäp gelen ýüzüm bahym gyzdy. Kimdir biriniň nakys gülkisi eşidildi.
– Familiýaň?
– Berdimyradow…
– Adyň?
– Iller-ä Öwekge diýýä…
Rus dili mugallym, bir zatlar ýazyp oturan ruçkasyny stoluň üstüne gaharly oklap, başyny galdyrdy. Soňam gaharynyň gelenini sähelçe-de gizlejek bolman, ýüzüme seretdi. Men aljyrap günämi ýuwmaga çalyşdym.
– Öwekge-dä, Öwekge kel…
Bu söz onuň hasam pytalasyny tutduran borly, ol ruçkasyny stola gaty tarkyldatdy. Bu tarkyldy mugallymyň gaty gaharynyň gelendigini aýdýardy. Indi ýa burçda durmaly bolar, ýa-da, Gülsün ejäni çagyrarlar… Hernä, oň oňuşman ýören gyzym, – synpymyzyň arassaçylygyna seredýän Nurça, bu gezek meni gollaýdy. Ýöne olam saçymyň çykanyna gynanýan ýaly gürleýär.
– Mollum, bulam oň Gartaň agaň ogly ýaly zyllajym keldi. Ýöne şäherdäki kelleň keselhanasynda ýatansoň arman saç çykaýdy. Oňa derek ol, kellä çalynýan dermanlaryň ählijesini ýatdan bilýär. Şoň üçin himiýa mugallymymyz geçen çärýekde ikiligiň deregine tas üç goýupdy. Porsy maz, ýod, hasa, ýene-de bir myrtar ysly derman bar, saçyny ilki düşürip, soň çykarýan, Öwekge şoň ady nämä?..
Men ýene tutup kellämi awundyraýjaklar ýaly, sesimi çykarmadym.
* * *
Ors dili mugallymyň gelmegi bilen synpymyz düýpgöter üýtgedi. Öňki mugallymymyzam: «Ýuwaşja otursaňyz, indiki sagat top oýnamaga daşaryk çykaraýmagym ahmal…» diýip, haýyş ediji sözlerine derek, indi:
– Näme üçin öý işleriňizi işlemediňiz, Gartaňowa, Ýelliýew, Goýunsürenowa okuwdan soň galyp, sapagyňyzy özleşdiriň – diýilýän talap ediji sözleri eşidýäris.
Menem okuwdan soň galmaly bolýanlaryň biri. Ýöne «sapagyňy bileňok» diýlen sözi ýokuş görmeseň, ors dili mugallymyň alyp galanyna sähelçe-de gynanman, gaýtam tersine begenýän. Sebäp, şol döwürler men kyn durmuşa baş goşupdym – kitaby söýüpdim. Şonuň üçin bar zada edebiýatyň gözi bilen seredýärdim. Haçan-da durmuşyň edebiýat däldigine aklym ýetende, dünýä ynanyp, oglantak ynanjymy ýitirenime, mönje çaganyň ýüregi bilen hamsygypdym. Ýöne onada-da, näme üçindir ýüregim hemişe edebiýaty küýsäp gezýär. Hamana haçandyr bir wagt, durmuş edebiýata öwrüläýjek ýaly bolýar.
Ors dili mugallym tapylgysyz owadan maşgala. Onda düşündirip bolmajak rus owadanlygy saklanyp galypdyr. Çep gözüniň garasy çalaja tänigiräk, ýöne şeýle bolmasa, ol beýle owadan bolup bilmejek ýaly. Gün düşen wagty onuň saçlary altynsöw reňke geçýär. Ýöne men ony az wagt, diňe ikinji sagatdan soň, haçan-da synpymyzyň äpişgesinden onuň oturan ýerine Günüň şöhlesiniň düşen pursaty görýärin. Şonuň üçin ikinji sagat meniň iň bir ýek görýän sagadym – rus diliniň grammatikasy bolsa-da, indi ol meniň gözüme eziz görünýär.
Häzirem men onuň altynsow saçlaryna seredip oturşyma, ors ýazyjylarynyň romanlarynda waspy ýetirilýän owadan gyzlaryň jemalyny şol saçlaryň arasynda görýän ýaly bolýaryn.
- Berdimyradow, nämäň pikirini edýäň?
Men ogurlykda tutulan ýaly aljyradym.
- Saçlaň…
- Onä saç?
Men uguralla hümürdedim.
- Puşkiniň saçy buýr-bulaşyk. Gogolyňky başga tüýsli, Lermontowyň bolsa, diňe gulaklarynyň ýokarsynda azajyk saçy bar…
Rus dili mugallym, bu wagt o nämä gerek boldy diýen manyda ýüzüme seretdi. Ýöne sesini çykarmady. Men allanam bolsam çykalga tapanyma begendim.
Ol her gezek sapak düşündirip bolandan soň:
– Düşündiňizmi okuwçylar? – diýip, mawymtyk gözlerini bir nokada gönükdirýär. Şonda onuň syrly pikirleriniň kölegesi jowur ak ýüzünde görünýän ýaly bolýar. Käte-de ol, ýüzüme seredip husytja ýylgyrýar. Şol ýylgyrma maňa durmuşdan gaty köp zady wada berýän ýaly duýulýar.
Zanny owadan maşgala hemişe owadan bolýar. Olar näme etseler, hatda, çigit çigitleselerem, edýän hereketleri özüne gelişýär, gaharlary gelen wagty, olar hasam owadan bolýar. Ors dili mugallymam, şeýle matasy ýumşak maşgala bolany üçin, men ony ujypsyzja zada käýindirip, has owadanlaşýan jemalyna seredýärin.
Ynha bu günem ol, meniň näme üçin kitabymy okaman gelenligim üçin gatyrgandy. Keýpimiň gowy wagty menden gep gaçyp gutulýarmy näme, eýle-beýle sowaly duran ýerinde nagt edýän.
– Üpük goja durmuşda sadarak ýaşasaň kem däldir diýýä. Köneki adamlaryň türkanalygam, kitapdan daşda gezenliginden diýýä…
Gahary gelen ors dili mugallym agzyma öýkünip hetjikledi.
– Seniň o akylly gojaň başga hiç zat öwredenokmy?
– Ýene bir zadam maslahat berýä. Beýdip, üýşüşip ors dilini öwrenjek bolup kösenişip ýörenden, gowusy mugallymyňyza türkmen dilini öwredäýiň diýýä…
* * *
Ökde seýsiň atyna iým bermezinden öňürti, mährini berşi ýaly, ors dili mugallym synpymyza mährini berdi. Indi iň bir gowşak okaýan okuwçy, türkmen dilinden üçlik alsa-da, ors dilinden dörtlik alýar. Daşarda top oýnanyňyzy gowy görjekmisiňiz ýa-da ors dili sapagyny geçeniňizi diýip sorasalar, ors dilini diýiljegi şübhesizdi. Mugallymymyzam muňa ýüregi bilen begenýär. Onuň begenjini görüp menem begenýän. Şonuň üçin onuň hemişe begenip ýöreri ýaly, özüme-de düşnüksiz bolan duýgularymy aýdasym gelýär. Ýöne men olary diňe geçýän sapaklarymyzyň üsti bilen ýaňzydýaryn.
– Kim sypatdan mysal getirjek?
Men kimdir biri öňürdäýjek ýaly ýerimden turdum.
– Posmotrew w twoý glaza, možno w nih utonut…
Ors dili mugallym köp manyly ýüzüme seretdi. Göwnüme bolmasa, çalaja gyzaraýanam ýaly.
– Indi işlikdenem bir mysal getir…
– Wlýublýatsýa…
– Hany onda gymyldy, hereket?..
– Ilki göz, soň ýürek…
Bu gezek ol nebsagyryjy nazar bilen seretdi.
* * *
Biz eýýäm dokuzynjy synpy tamamlap barýas. Synpdaşlarymyň göwni ýokary okuw jaýlarynda. Kim nirede okajagyny şu wagtdan arzuw edýär. Men okuwa girip bilmejegimi bilýärin. Oňa girmek üçin ýiti zehin gerek. Olam mende ýok. Bolgusyzja hekaýalar ýazyp öz göwnümi özüm awlaýaryn. Hekaýalarym ýüze tutar ýaly bolmansoň, hiç ýerde çap edilenok. Ýalňyz diňleýjim obamyzyň iň garry iti Baltyk. Olam öňüne bir zat oklasaň, diňleýär, oklamasaň ker köpek ýaly. Soň olary obamyzyň gamgyn ýelleri özleri bilen allowarra alyp gidýär.
Bir gezek şeýle, peltegiräk ýazan hekaýam ors dili mugallymyň eline düşdi. Ol şonda erbet gaharlandy. Men özümiň bimany ömrümde gaty köp käýelipdim. Ýöne şo gezekki ýaly hiç kim gaharlanmandy. Ors dili mugallyma sapagymy bilmämde-de beýle gaharlanmandy.
– Öwekge, beýdip edebiýaty wejeralama… Oňa galtyşjak bolsaň ak ýürek bilen hyzmat et…
Şonda men ors dili mugallymyň özüni gowy görşüm ýaly, gowy görýän edebiýatymy öz elim bilen masgaralanyma utanypdym. Şondan soň ugursyz hekaýa gabat gelsem, ors dili mugallymyň şol aýdan sözi ýadyma düşýär. Hemem öz ýanymdan, eger ol ony okaýsa, bir wagt maňa käýinşi ýaly, ýazan adama-da käýär diýýärin.
Bir günem ol maňa şeýle sowal bilen ýüzlendi:
– Öwekge – ol maňa şeýle ýüzlenýär – okuwyňy gutaraňsoň näme işlemekçi?
Men kibtimi gysdym.
– Bilemok, obada galyp, Ýazmyrat aga bilen – Ol sowhozmyzyň ýük düşürijisi – şulha düşüräýmesem…
– Senden işçi ýa daýhan çykmaz…
Ol şu sözleri şeýle ynamly aýtdy. Sapak geçende-de, beýle ynamly gürlemeýän ýalydy. Men torsaryldym.
– Näme şulha-da düşürip bilmez öýdýämiň?..
– Siziň duýgyňyz başga ýerde… Gowusy edebiýat ugrundan gidiň…
Ol aýdýan sözlerini mugallymyň däl-de, dözümsiz enäniň äheňinde aýdýardy.
– Üpük goja, oňa ýük bolma, edebiýatyň gyrasyndan baran adam ile meňzeş ýazyp bilmeli diýýä…
Ors dili mugallym edebiýatyň agyr ýüki öz boýnuna düşüp barýan ýaly uludan demini aldy.
– Goja dogrujasyny aýdypdyr, o ýere hiç kimiňkä meňzemeýän öz ýoluň bolmasa baryp oturasy iş ýok. Lenç edilen dil bilen, lenç edilen zatlara indi gabak galdyrylmaýar… Şonuň hötdesinden gelip bilmeseň, gowusy oňa golaýlaşmazlyk…
Ors dili mugallymyň gözlerinde gamgyn doýgunlyk ýyldyrady. Goňrumtyl çep gaşy öwrenikli gerildi. Ol onuň ýüzüni has täsirli, owadan edip görkezdi.
– Bilýäňmi näme, edebiýatda öz ýoluňy tapmak, ol janly tebigaty özüňe boýun egdirmek ýaly bir zat. – Ol gürrüňini pyşyrda geçirdi. – Ýöne sen dünýäniň başga lezzetinden mahrum bolup, diňe onuň ýakymly ýadawlygy bilen ýaşaýarsyň. Dogrusyny aýtsaň, şolara nebsiňem agyrýa. Olar dünýeden hiç zat hantama bolman, diňe süýji arzuw bilen ýaşaýarlar… Nähili gözellk, dünýeden hiç zat gerekmez bolup, öz arzuwyň bilen ýaşap ýörseň… Megerem ol bagtyň çürbaşy bolsa gerek…
Ors dili mugallymyň sözleri süýji aýdym ýaly meni özüne çekýärdi.
* * *
Ýakyp-ýandyran tomus öz şiresini dökdi. Awgust aýynyň açylganlyk güni, güýzüň daşda däldigini aňladyp, obamyzyň ýokarsyna süýt reňkli umyt dörediji ýukajyk ýorka ýaýyldy. Asmanyň päkize ýüzi diýseň arassady, buýsanjaňdy. Ho-ol aňyrda, saralan sähranyň üstünde at demi ýaly salgym görünýärdi. Dünýe saralypdyr, diňe öz çydamlylygy bilen sözen agajy gök öwsüp, seni begendirýärdi.
Şeýle günler bilen ýaşap ýörkäk, obamyza güman edilmejek geň habar ýaýrady.
– Öňki soýuz diýilýän zat indi ýokmuşyn, şäherde göçhä-göçlük başlanypdyr…
Bi gürrüňi gyzgyny sowulmanka hemmeler üçin Saşa daýa öwrülen, obamyza ilkinji bolup gelen, çyramyzy ýakyp-söndürýän garry ors gidermen boldy. Yz ýanyndanam obamyzyň göbegenesi Katýa daýza goşuny düwdi.
Saşa daýy gidäýmänkä iki halta arassa bugdaý dänesini getirip, şeýle diýdi:
– Öwekge, ýaltalyk etmän, däneleri durnalaryň düşleýän ýerine sepele, goý, olar öňküleri ýaly obamyzyň deňinde gonup geçsinler…
Ol «obamyz» diýende bokurdagy dolan ýaly boldy. Katýa daýza hiç zat gürlemän, gara sütükli ýaglygyny Gülsün ejäniň egnine atdy. Şonda onuň gözleriniň oýtumyndan gaýdan ýaş, gasyn-gasyn bolup giden ýygyrtlardan geçip bilmän saklandy.
– Bürşen boýnuň ýylan mahaly ýatlarsyň…
Biz olaryň ikisinem obamyzyň ilersindäki ýolaýyrda çenli ugratdyk. Şol ýerde ýol ikä bölünýär. Bir-ä, ýapylaň ýüzünden gyýtaklap gidýän düýeleň ýoly. Şol ýol bilen biz ýatymlyk odun ýygmaga gidýäs. Beýlekisem, şähere tarap gidýän ýol. Ol gum depeleriniň arasyndan öwrüm edip, soň uzaklara uzalyp gidýär.
Hiç kim hiç zat hakynda gürleşmän aýrylyşdy. Asla gürleşmek gerekmi näme. Ýeňsede uzak başdan geçirmeler, köp sanly günler ýatyr. Olar hemme zat hakynda aýdýarlar. O ýer göbek ganyň daman ýeri – Watan. Bu ýer ömrüň eräp tükenen topragy. Olaryň ikisem ölçegsiz uly mizan. Olaryň haýsysynyň ezizdigini, diňe tereziniň gapdalyna münen düşünýär.
Saşa daýydyr Katýa daýza hiç zat gürlemedigem bolsa, tä gözden ýitýänçäler nähilidir bir gymmatly zatlaryny galdyran ýaly birsyhly yzlaryna garanjaklap gitdi.
Ýürege salnan ýarany her kim özüçe göterdi.
* * *
Sary sähralardan ajy ýowşanyň, at deriniň, bahar maýyllygynyň ysy gelýär. Uzak alyslykda pikire çümen daraýy depeler çala salgym bolup görünýär. Gum iliniň ýetip bolmajak derejedäki lezzetli asudalygy höküm sürýär. Ýürekleri heýjana salýan sähralyk, goluny bulap, heniz aýak sekilmedik giňişliklere ädim urmaga çagyrýar.
Ors dili mugallym şeýle gözelligiň ýüzüni bozmajak bolýan ýaly ýuwaşja gürleýär. Ol şeýle geplese gyz ýüreginiň sesi eşidilýän ýaly bolýar.
– Biziň zamanamyzda adamlaryň birek-birege bolan gatnaşygy sadalaşdy. Hatda, söýgüňem lezzeti gaçyp garyplaşdy… Bu ýerde biri täze köýnek geýse-de begenýärler. Siziň obaňyzda, häzir, diňe kitaplarda waspyny ýetirilýän söýgi henizem ýaşap ýör…
Ol inçejik ýüzük dakynan orta barmagyny dodagyna ýetirip diňşirgendi. Soňam hyjuwly pyşyrdy bilen gürrüňini dowam etdi.
– Düýn bir okuwçynyň depderini barlap otyrkam bir hat çykdy. Onda şeýle sözler ýazylypdyr: «Eneň-ataň seni maňa berseler, sen razy bolarmyň…» Nähili, sadadan şahyrana ýazylan, edil ak çägeler ýaly arassa. Pukarajada bolsa dünýede şeýle söýgüler ýaşaýar… Bu ýerde adamlar okaman ýazyjy bolýar, ýazman şahyr…
Ors dili mugallym indi hasrat çekýän ýaly gürleýärdi.
– Men ömrüňde diňe bir gezek söýülýän söýgi bilen söýüşýänleri göremde, Alla olaryň haýsy eden ýagşy işi üçin biri-birine sataşdyrdyka diýip, pikir edýärdim. Hemem şeýle söýgi bilen söýülmänligim üçin öz-özümden kemsinýärdim…
Ol bu gürrüňleri ýurduna gitmeziniň öňüsyrasy aýdyp beripdi. Ertesi meniň gaty köp wagtdan bäri gorkup ýören sawçym gapyny kakdy.
– Öwekge, men ýurduma gitmeli…
Şeýdip obamyzyň iň soňky orsy, duýdansyz gelşi ýaly duýdansyz gitdi.
Biz ýene şol tanyş ýol bilen gidip barýarys. Ýol gumaksow bolsa-da, eziz. Sebäp ol obama alyp barýar. Ýöne obama alyp barýan ýoluň bolşy ýaly, obamdan daşlaşdyrýan ýolam bar…
Hoşlaşyk pursady geldi. Biz hiç zat geplemän dymdyk. Meniň ýüregim agzymdan çykyp barýa. Sebäp, şeýle pursatda, kitaplarda ogşaşýarlar. Men gözümi ýumdum. Ol ogşady. Ýöne garabagyr enäniň perzendini uzak ýola ugradanda edişi ýaly, maňlaýymdan öpdi. Hemem şeýle sözlerini gysganmady.
– Hekaýa ýazaňda uzyn ýazsaň bahym ýatlaryndan çykarlar… Seniň päk ýüregiň bar. Merýem ene öz penasynda aman saklasyn…
Şol günden başlap obamyzda göze görünmeýän tukatlyk mesgen tutan ýaly boldy. Wagt gysgançlyk bilen günleri sanap başlady. Hiç bir zadyň weji ýok. Hatda ugry düzüw düýşem görüp bolanok. Uly hossarym ruçkam, olam göwnüm ýaly ýazanok. Mundan ozal begenip barýan mekdebime, indi okamak üçin däl-de, ors dili mugallymyň eliniň degen zatlaryny görmek üçin barýaryn. Gündeligimde-de, ýekeje üçem ýok, barysy ikilik. Käte alaçsyzlykdan elimi maňlaýyma – onuň ogşan ýerine ýetirýän. Göwnüme şo ýere hiç haçan ýygyrt düşmejek ýaly bolýar.
Şeýle, ömre goşulmaýan günleri başdan geçirip ýörkäk, obamyza birden iki hat geldi. Hatlaryň biri Katýa daýzadan, beýlekisi Saşa daýy ýazýar. Katýa daýza o ýerde-de berýozalaryň selin-sazaklar ýaly, şemal bilen gussaly gepleşýändiklerini aýdyp, ýurdunyň çygly howasyna aýagynyň gury agyrýandygyny, alajyny tapyp düýe ýüňüni hemem çomjuň sakyzyny gyssagly ibermegimizi sargaýar.
Saşa daýy bolsa, baraly bäri ýekeje ýola hem del ýurtlara barýan durnalaryň kümüşsöw sesini eşitmändigini, onda-da asmana seredýändigini aýdýar.
Hat azajyk begendirenem bolsa, köp gynandyrdy.
Käte men sähelçe-de bolsa, pikirlerimden daşlaşmak üçin ýörite teke bazara çigit çigitlemäge gidýärin. Ýöne olam tersine bolýar. Ors dili mugallyma meňzeş gyz görsem, ýüregim gobsunyp gidýär. Soň gabat gelen gyz, şoňa meňzäp duran ýaly bolýar.
Käte-de durnalaryň dolanýan pursaty, olaryň düşleýän ýerine däne sepeläp gaýdýan. Şonda gör nirelerde mekan tutan Saşa daýy ýadyma düşýär. Durnalar bolsa rysgallaryny gözläp, ýyly ýurtlara sary uçýarlar, ýene howa ýumşaberse yzlaryna dolanýarlar. Şonda gargalaryň-a obamyzdan çykman gagyllaşyp ýörüşleri, şeýle nepis guşuňam iýjek höregini kösenip tapmaly bolýanyna nebsim agyrýar.
Şu gün irden sagynlyk düýeleri sürmäge gidemde, ýol bilen bir garanyň gelýänine gözüm düşdi. Onuň ýüzi maňa ümüriň arasynda ýaly bolup görünýärdi. Ýöne ol ajaýyp hem hasratlydy. Owadanlyk bilen hasratyň sepleşip biljegini ozallar göwnüme getirmeýärdim. Ol hakyt, ors dili mugallymyň özüdi. Ýöne onuň owadan ýüzünde ejirli ýylgyrma görünýär.
Biz hiç zat geplemän iň gyraky öýüň duşundan geçdik. Heniz säher gijäniň elinden sypmandy. Gartmaç ene ojakda ot ýakmak üçin çyg çeken ýowşany tütedýärdi. Basym howadan oduň ysy geldi. Ho-ol aňyrda, mallary örä alyp barýan oglanjyk, maňa tanyş bolan aýdymy gamgynlyk bilen hiňlenýärdi.
Bizem dogulypdyk şol garyp oýda,
Selinli-sazakly ili Ýerbendiň…
Şemal oglanjygyň sesini hasam gamlandyryp bölteýärdi. Ol sähel böwşeňleşende ýene inçejik ses obamyzyň üstünden aýlanýardy.
Çöketleri tel-tel bolup bölüner,
Öz başyna gezer maly Ýerbendiň…
Men aýdymy henize çenli ýekeje ýola hem hiňlenmändim. Ýöne onda-da, ol meniň üçin ezizdi… Öwezmyrat ÝERBENDI.