JEMGYÝET

Roseniýor «Çelsiniň» baş tälimçisi boldy

Liam Roseniýor Angliýanyň «Çelsi» toparynyň baş tälimçisi boldy. 41 ýaşly iňlis hünärmen bilen şertnama 2032-nji ýyla çenli baglaşyldy.

1-nji ýanwarda Enzo Mareska «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesinden  boşaldyldy. London kluby Premýer-liganyň sanawynda 19 oýundan soň 30 utuk toplap, 5-nji orny eýeleýär. Topar ähli ýaryşlary hasaba alanyňda soňky 9 oýnuň diňe 2-sinde ýeňiş gazandy.

Roseniýor 2024-nji ýylyň tomsundan bäri «Strasburgda» işläp gelýärdi, ol ýerde Patrik Wierany çalşypdy. Geçen möwsümde onuň topary Fransiýanyň 1-nji ligasynda 7-nji orny eýeläp, Konferensiýa ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanypdy.

Şeýle hem ol Angliýanyň ikinji we üçünji diwizionynda çykyş edýän “Derbi” we “Hall Siti” ýaly toparlara hem tälim beripdi.

Related posts

Jon Kallahan 66 ýaşynda aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

TAPI Gaz Projesinde ilk gaz 2019’de akacak

vepa