SPORT

Ronaldo “Instagramda” hem rekord goýdy

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparyna ilkinji kubogyny gazandyran portugal hüjümçi Kristiano Ronaldo “Instagram” jemgyýetçilik torunda hem rekord goýdy. Ronaldonyň bu jemgyýetçilik torundaky abunaçylarynyň sany 600 milliondan geçdi. Ronaldo bu görkezijä ýeten ilkinji adam boldy.

Diňe “Instagram” jemgyýetçilik torunyň öz resmi hasabyndaky yzarlaýjylaryň sany 651 milliondan gowrakdyr.

2022-nji ýylyň noýabrynda Ronaldonyň yzarlaýjylarynyň sany 500 milliona ýetipdi. Ronaldodan soňra bu jemgyýetçilik torundaky yzarlaýjylarynyň iň köp onuň ýaşyl meýdançalardaky esasy bäsdeş Lionel Messidir. Messiniň hasabynda 483 milliondan gowrak adam bar. Ilkinji onlukda başga türgen ýok.

Related posts

Dünýä çempionatyna gatnaşjak Özbegistanyň futbol ýygyndysy awtoulag sowgat alar

Ata Watan Eserleri

Parižde futbol şüweleňi: “Real Madrid” -“Liwerpul”

Ata Watan Eserleri

Serdar Azmun “Romadaky” ilkinji goluny geçirdi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment