SPORT

Ronaldo Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Dünýä futbolynyň ýyldyzlaryndan Kristiano Ronaldo taryhy rekord goýdy. Ol EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň çäginde Portugaliýanyň myhmançylykda Islandiýa bilen geçiren duşuşygynda esasy düzümde meýdança çykdy.

Duşuşykdan öň oňa Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamasy gowşuryldy. Bu duşuşyk onuň milli ýygyndydaky 200-nji oýny hökmünde hasaba alyndy. Şunlukda, Ronaldo IFFHS-niň maglumatlaryna görä, ol milli ýygyndyda 200 duşuşyk geçiren ilkinji futbolçy boldy. Ondan öň malaýziýaly Son Çin Ann 219 duşuşyk geçiripdir. Ýöne onuň duşuşyklarynyň 24-si Olimpiýa ýygyndynyň düzümindäki resmi däl duşuşyklardyr. Şol sebäpli Ronaldo bu ugurda rekordyň eýesidir.

Islandiýa – Portugaliýa duşuşygy 1-0 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. Ýeke-täk goly-da 89-njy minutda super ýyldyz Kristiano Ronaldo derwezä girizdi. Bu onuň saýlama tapgyryndaky 5-nji goly boldy. Ronaldonyň milli topardaky gollarynyň sany-da 200 oýunda 123-e ýetdi.

Related posts

PSŽ topary Fransiýanyň Superkubogyny gazandy

Türkmen samboçylary Aziýa çempionatynyň ilkinji gününde 6 medal gazandy

Ýewro-2020: Daniýa ilkinji çärýek finalçy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment