HEKAÝALAR

Rodoguna

                                                                                                        Nowella

Daglaryň gara gerişlerinden Nusaý galasyna tarap bulutlar süýşüşip gelýärdi. Olar edil ganatly atlar ýaly parfiýalylaryň üstünden uçuşyp barýardylar. Gara bulutlary – asman bulutlaryny özlerine bagt hem şowlylyk saýýan nusaýlylar, Allanyň bu peşgeşine gylyçdyr naýzalaryny asmana gezäp şowhun bilen gygyryşýardylar. Özleriniň inçe – diňe parfiýalylara mälim bolan, söweş sungatlary bilen gör, nirelerde dişini gyjap ýatan duşmanlaryna haýbat atýardylar.

Haçan-da olaryň gözleri asman giňişliginde gara bulutlaryň ornuny bürgüt guşunyň eýelänini görende, öňküdenem  beter has hyjuwly gygyryşdylar. Sebäbi bürgüdiň äpet ganatlary Günüň öňüni tutanda, guşuň kölegesi – ruhy olaryň üstüne düşýärdi. Ömür mertlige, gaýduwsyzlyga ýaran bolup ýaşan parfiýalylara, bürgüdiň ruhy beýik ýeňişleri wada edýärdi. Şonuň üçin olar özlerini bagtyň ýumşak penjesine düşen ýaly duýup, buýsanç bilen gygyryşýardylar.

–  Allanyň ýerdäki kölegesine şöhrat!..

–   Rodoguna şöhrat!..

–  Mukaddes topraga şöhrat!…

Bu gün gala imi-sasalyk. Uruş-jenjel ýok. Ýöne uruşdanam beter başga bir söweş bar. Ony ne ýeňip bolýar, ne-de ondan ýeňlip. Bi şa gyzy Rodogunanyň tapýan hokgasy. Dogry, ol hokga bolup, hokga-da däldi. Şa gyzy şeýle oýunlaryň üsti bilen özüne hemişelik ýoldaş – mert ýigidi agtarýardy.

Ýazgyt bijesi çaýkanyp duran uly dünýäniň iň uly bijesi. Adam şondan utulsa, owadan dünýädenem utulýar. Muny bütin nusaýlylaryň bilşi ýaly Rodoguna-da bilýärdi. Şonuň üçin ol, enekesi Doranyň öwredişi ýaly, mert ýigitleriň içinden öz ýüreginiň diýýänini gözleýärdi.

Rodoguna heniz çümmüklenibem görülmedik tez gyzdy. Dogrusy ol entek çyn söýgüniň nämediginem bilenokdy. Ýöne ol onda-da, kitaplarda ýazylşy ýaly, ömründe diňe bir gyza aşyk bolýan goç ýigidi agtarýardy. Geçen ýyl ol synag geçirende şeýle ýigitleriň biri oňa tas sataşypdy.

Şo gezegem nusaýlylar edil şu wagtkylary ýaly gala üýşüpdiler. Rodogunanyň hut özi ortadan çykman pälwançylyk edýärdi. Şeýle etmegi oňa enekesi öwredipdi.

–   Eger biliňden tutan ýigit süňňüni saklap bilmän gowşaýsa, o zeýilliň söýgüsini ret etgin. Ol öňeten zenanyň ysyny alsa, ähtini bozar. Sen sözen agajy ýaly hemme pasylda bir durşuny saklaýan ýigidi gözle… Olar hiç bir döwürde-de bolluk bolan däldir. Ýöne bardyr…

Hiç haçan ýalňyşmaýan enekesi bu gezegem ýalňyşmandy. Ady belli Şa gyzynyň söýgüsini gazanmak üçin, Rodogunanyň bilinden tutan ýigitler şol dem pagyş-para bolýardy. Muňa – ýigidiň emelsizligine jany ýanan gyzam ony rehimsizlik bilen ýere pylçaýardy. Soňam ol ahmyrly gygyrardy.

–  Indi kim göreşjek!..

Gyzyň sesinde utanyçmy, janyýanmaklykmy, gaharmy bir zatlar bardy. Töweregem ony alyp göterýärdi.

–  Hany indi kim…

Soň ýene ýigitleň biri çykardy. Ýöne olam basym agzy ýokaryk pälwan bolardy. Soň ýene şol öňki ses gaýtalanardy.

– Indi kim göreşjek?

Ara dymyşlyk düşdi. Birdenem bulutlary böwsen ýyldyrym ýaly logurdyly ses eşidildi.

– Galanyň içi sabady… Göreşmäge adam galmady…

Şo pursadam kimdir biriniň täze dogan Aýy gören ýaly şatlykly sesi eşidildi.

–  Ýok, ýene biri bar… Näme, erkin awçy Keýi unutdyňyzmy?!..

Galada şeýle zatlar bolup geçýärkä, Keý awdan dolanyp ýetip gelýärdi. Ol hemişe bolşy ýaly şadyýandy. Atynyň eýerinden dag goçunyň burum-burum bolup duran şahy ýere degäýjek-degäýjek bolýardy.

Awçy aňyrdan gelşine ýaşy ýüzdenem geçen gojanyň ýanynda saklandy.

–  Garry süýekleriňi süýräp ýörmüň, goja?

–  Hudaýa şükür, entejig-ä bardyryn…

Keý iki sany horaz sülgüni gojanyň eline tutdurdy. Ganjygasyndan çykaran sütükli derini dul aýal Odanyň egnine atdy.

–  Çürşen boýnuň ýylan mahaly ýatlarsyň…

Soň Keý nämä üýşülýänini bilip, ur-tut dag goçunyň hamyny sypyrdy. Soňam ony kükregine mäkäm daňdy. Han-ha indem ol, göreş meýdanyna – göni şa gyzyna tarap barýar. Mähelläniň sesi ony hasam gara ýere dogumly basdyrýar.

–  Erkin Keý…

– Rodoguna…

– Eger ol onuň söýgüsini gazanyp biläýse, Rodoguna ile-güne çörek berjek ogly dogurar…

Gözleri çaganyňky ýaly aýdyň ýüzli ýigit, Rodoguna ýarady. Ýöne onda-da ol, gyz mertebesini – şazadalyk mertebesini saklap başga göçüm etdi.

–  Sen sähralarda ýeke özüň gezip ýörmän, gala – adamlaryň arasyna gelseň kem bolmazdy…

Erkin awçy ýuwaşja, ýöne düşnükli gepledi.

–  Ekrinlige öwrenişen kalb, özüne düşünilýän ýerde rahatlyk tapýar…

Şa gyzam tas: “Meniň kalbymam şolar ýaly” diýipdi. Soň olar seslerini çykarman göreşe başladylar.

Gyzyň alkymyndan tarypyna ýetip bolmajak, beýhuş ediji hoşroý ys gelýärdi. Ýigidiň kükreginden dag goçunyň göbeginden çykýan müşk ysy bark urýardy. – Şol döwürler müşk-anbar ysyny dag goçunyň göbeginden alar ekenler– Şonuň üçin ol, şeýle ysa öwrenişeni sebäpli sarsman durdy. Bu emel bilen al salyp bolmajagyny aňan Rodoguna özüni ýitirmän, bahym göreşiň başga bir tilsimini ulandy. Bu emel has erbetdi. Sähel süňňüňi gowşatsaň, çüwdäň ýere degjegi ikuçsyzdy. Sebäbi bi emelde gyzyň döşi bilen ýigidiň kükregi tapyşýardy.

Anha-da olar dikleşdiler. Ýigidiň süňňüni gowşatmak üçin gyz öňe, barha öňe dyzaýardy. Ýöne ýigidiň kükregine daňylan dag goçunyň hamy ony gyzgyn duýgulardan saklaýardy.

Ahyry Rodoguna ýigidi hile bilen alyp bolmajagyny aňyp, Keýiň gulagyna diňe sähra ýigidi eşider ýaly hökümli pyşyrdady.

–  Bessir…

Aňlakly Keý Şa gyzyny masgara etmejek bolup şo dem dyzyny epdi. Soň bu göreş, asyrlar boýy öz syryny saklady. Dyzyň epilenini görüp, mähelläniň gohy asmana göterildi. Şeýle şadyýanlyk diňe söweşde üstün çykylanna ediläýrdi. Ýöne bu syrlam bolsa, ýeňişdi.

–  Ýaşasyn Parfiýa!..

–  Rodoguna şöhrat!..

–  Ýeňilmez Rodoguna!..
Soň ýigitdir gyz, iki sany güýçli haýwanyň biri-biriniň güýjüne hormat goýup seredişişleri ýaly, uzak wagtlap seredişdiler.

Gyz ýuwaşşa pyşyrdap şeý diýýärdi.

–  Sähralaryň erkin ýaşaýjysy Keý, men indi şu ady köp gaýtalamaly borun öýdüp gorkýan…

Muny oňa soraşyp gelmedik gyz ýüreginiň söýgüsi diýdirýärdi.

Ýigidem edil şonuň ýaly sessiz pyşyrdaýardy…
–  Gözel gyz Rodoguna, men seni bagtly edip bilmezmikäm öýdüp gorkýan…

Soň Keý hemme parfiýalylar ýaly jeňe gitdi. Söweşip ýörkä-de şa gyzyny bagtly etmegiň özüne – ýönekeý urşuja kyn düşjekdigi hakynda gorkuly pikirde boldy.

* * *

Rodoguna bu gün ýene ýigitleri synagdan geçirýärdi. Onuň bu gezek nähili “oýun” turuzjagyna hemmeler bilesigelijilik bilen garaşýardy. Hemmeler bilen bile, uly ýeňiş bilen dolanyp gelen awçy Keýem garaşýardy. Onuň ýüzüne düşen ýaralary entegem kesmekläp durdy. Gylyçdyr naýzanyň tyglary ýigidiň ýüzüni bedroýlaşdyrman, tersine bezeýärdi. Şonuň üçin ähli parfiýalylar oň bilen başlaryny egip salamlaşýardy. Bu görnüş ýigidi gylawlandyrman, gaýtam agras ýagdaýa salýardy. Ol häzir bar zady – hatda gözel gyz Rodogunanam taşlap sähralara awa-şikara gidesi gelýärdi.  Şol ýerde bürgütleriň erkin ganat ýaýyşlaryny göresi gelýärdi.Ýöne ýurt, toprak diýenem bir zat barda. Ol şu ýerde – Oguz Gününiň aşagynda dogulandy… Bi bolsa kän zatlara borçly edýärdi. Sen arassa sährada gunnallyňmy? Innem, sähralaryň arassalygyny sakla…

Märekäniň içinden kimdir birini agtarýan Şa gyzynyň gözi ahyry oňa düşdi.

–  Edermen Keý, söweşde ýigidiň şöhraty synasyna düşen ýara bilen ölçelýändir…

Rodoguna ýigide seredip husytja ýylgyrdy. Soňam ol bilndäki altyn saply hanjarynyň uç tarapyny ýokaryk edip çägä çümdürdi. Iki ýüzli hanjaryň ýiti tygy Günüň şöhlesine lowurdap duranlaryň gözüni gamaşdyrýardy. Şonda-da, ýylanyň gözüne aşyk bolup, ejizje guşuň oňa tarap süýşüşi ýaly, mähelle jyňkyny çykarman hanjaryň parran geçjek ujuna – ötgür tyga gorky gatyşykly hormat bilen seredýärdi.

Hanjar owadandy, nepisdi. Şonuň ýalam ol, dalaw ýalydy. Şeýle nakysja ýarag, adamy ýerinden gaýdyp galmaz ýaly edýärdi ýa-da ol maýyp bolýardy. Şa gyzynyň owadan agzyndan çykan söz, hanjary öňküsindenem ýitelitdi.

* * *

Rodogunanyň kakasy garry Şa – Mitridat bir gyrada doňdurylan heýkel ýaly gyzynyň indiki çykarjak hokgasyna diňçi bolup otyrdy. Oňa giýew gerek däldi. Agtyk gerekdi. Ol gyzyny tanaýardy. Onuň  bürgüt höwürtgesine gorkak gargany getirip gondurmajagynada akly ýetýärdi. Şonuň üçinem ýüregi arkaýyndy.

Garry Şa gyzyny öňräkden bäri tanaýardy. Bi has öňräkdi. Heniz gyzynyň saçy örüme-de gelmändi. Bir gün ol, özüne ok-ýaý alyp bermegi haýyş edipdi. Şonda garry Şa gyzynyň başyny sypap şeý diýipdi.

–  Balam, sen näme haýyş edýäniňi bilýämiň? Sen elwan gülli ýaglyk alyp ber diýeňoga…

Soň ol gyzynyň hemme zada parahat garaýyş bilen ünsli seredýändigini, onda çaga pikirine meňzemeýän, nähilidir bir çuň pikiriň bardygyny aňyp öňki garaýyşyndan dänipdi. Soň ol, gyzynyň at üstünde ykjam oturşyny, söweş tilsimlerini öwrenjek bolup jan edişini, hasam ýurda-ene topraga bolan söýgüsini, öz gözleri bilen görüpdi. Ýöne gyzynyň häzirki aýdan sözi, barha gartaşýan Şany tas ýerinden galdyrypdy.

* * *

– Kimde-kim, aýak ýalaňaç hanjaryň ýiti tygynyň üstünden bassa, ol dünýäniň iň bagtly adamy bolar…

Bu gönüden-göni özüňi ardurja maýyp etmekdi. Heý, beýlede bir synag bolarmy. Näme, söweşip alynan ýaralar azlyk edýärmikä? Beýle bagtdan… Goý, Şa gyzynyň gazabyndan Taňrynyň özi gorasyn…

Rodogunany Hudaý howlukman ýaradan borly, ol örän gözel gyzdy. Munuň kimin owadan gyz seýrekdi. Göwnüne öň ol, hiç haçan görülmedik gyz ýalydy. Göreňde aklyňy çaşyryjy şatlyk bilen ýüregiňi doldurýardy. Şonuň üçin bar kişi onuň Şa gyzy bolany üçin däl-de, gözelligi üçin gulluk edýän ýalydy.

Hon-ha eýýäm bir topar oglan ädigini çykaryp aýagyny ýalaňaçlapdyr. Hat-da, ýalmawuz ýaly hanjary ýalaňaç dabany bilen basmaga taýynlaram bar.

Oglanlar üsti elwan gülli ýaglyk bilen örtülen hanjara ýöwsellik bilen seredip gyra çekildiler. Olaryň ýüzi aňryk öwrülenden, Rodoguna hanjaryň uç tarapyny beýleligine öwürdi. Üsti ýaglyk bilen ýapylan hanjar ýene syrlylygyna galdy.

Lökedeňläp gaýdan dyzmaç ýigit, özüni şu günki gün ýaralamaga taýýarlamadyk borly. Ol bat alyp ylgap gelşine, säginmän hanjaryň üstünden böküp geçdi. Ikinji ýigidem awunmajak bolup, ýaglyga ýetmän saklandy. Üçünjiňem ugry bolmady. Dişim agyrýa bahanasy bilen hatardan çykdy. Dördünjem, bäşinjem pys geçdi. Altynjy ýigidiňki has täsin bolly. Ol özüniň ýüreginiň ýerinde däldiginden utanyp, duran ýerinde uly ili bilen möňňürip aglady.

Bu boluş hemmäni körkeýplendirdi. Şa gyzynam lapykeç ýagdaýa saldy. Ol atyň gapdalyna urýan ýaly, eli bilen buduny şapbatlady-da, töweregine garanjaklady. Belki ol awçy Keýi gözleýändir.

Keý bir gyrada hiç zadyň pikirini etmeýän ýaly bolup otyrdy. Ýöne ol Şa gyzyna sataşany bäri, öňki şadyýanlygyny azaldyp agraslanypdy. Häzirem ol ýüregini diňläp oturşyna, ýyldyrymyň öň çakan ýerinden çakmajagyny bilse-de, bu bolup geçýän synagdan gaçganaklaýardy.

– Keý,  ýurdy kesekiň ädikli aýagy basgylajak bolup durka, sen öz topragyň üstündäki ýalaňaç hanjary basmaga gorkýaňmy?…

Awçy aýagyndaky agyr ädigini çykaryp durşuna äwmän gürledi.

–  Ýurduň hem gözel gyzyň elinden ölmek bagtdyr…

–  Ony kim aýdýa Keý?

–  Hakykaty söýýänleriň biri aýdandyr-da…

Ol şeý diýip, elwan gülli ýaglygyň üstünden aýakýalaň basdy.

* * *

Rodoguna üçünji synagy geçirmek hökmanam bolmady. Ol erkin awçy bilen bir bukanjak ýerde durup, duşmanlara ok atýardylar. Şa gyzy oňa, sary ýaýyň okyny sazlap berýärdi. Keýem ony mergenlik bilen çüýleýärdi. Alla tarapyn ýekeje okam boş geçenokdy. Gyz ýaýa oky salyp ýetişse ýigidem atyp ýetişýärdi.

Bu has uzaga çekipdi. Onda-da, Rodogunar-a oky gaplap ýetişýärdi. Keýem atyp. Duşmanlar seýrekledigiçe-de, Şa gyzynyň ýüregi awçy ýigide golaýlaşýardy. Sebäp bi haýsydyr bir meýdançada geçirilýän synag däl-de, durmuşyň – onda-da, allym-berdimli söweşiň içinden geçýän çyn synagdy. Keý şu gezegem kör abraýa eýe bolaýsa, onuň aşygynyň alçy gopaýmagy gaty ahmaldy.

Han-ha indi duşmanlaram ýeňse berip ugrady. Bu görnüş gyzy hasam galkyndyrdy.

– Azajyk, ýene azajyk gaýrat et Keý…

Ol şu sözleri aýdyp durka hem-ä sary ýaýyň okyny sazlaýardy hemem duşmanlaryň oguz topragyndan başly-barat bolup gaçyşlaryna syn edýärdi.

Olar şeýdip esli wagt söweş etdiler. Ýene azajyk – sähelçejik gaýrat edilse, iň soňky ganymyň soňuna sogan ekiljekdi. Ýöne birden bolmasyz zat bolly-da, çawjap gelýän oklaryň biri ýigidiň bileginiň ýumry etini serpip geçdi. Jan süýji bolarly, teni awunan Keý, saklanyp bilmän “wah” diýidi.

Hemme zady görüp-bilip duranam bolsa, Rodoguna duýgudaşlyk etdi.

– Saňa näme bolly, Keý?

Ýigit goşaryny henizem tutup durdy.

– Nälet siňmiş ok degäýdi.

Gyzyň gaşy ünjüli çytyldy.

– Ok niräňden girdi, Keý?

Ýigit ýuwaşja hümürdedi.

–  Ýok-la, çalaja sypjyrdyp geçip gitdi. Ýöne eýesiz galmyş agyrýar-da…

– Gaty agyrýamy, Keý?..

Ýigit “howwa” diýen manyda başyny atdy.

Rodoguna başyndaky elwan gülli ýaglygyny sypyryp, Kee ýüzlendi.

– Wahheý… Agyrýandyr… Gel, men ony daňaýyn…

Ýigit gozganmady. Gyz ýene durup bilmän seslendi.

– Ýöremek maňa agyr düşýä… Keý gelsene…

Ýigit oňa tarap seredende, gyzyň buduna iki sany ok çümüp durdy. Ok oňa öň degipdir. Ýöne onda-da ol, ejizlemejek bolup, sesini çykarmandyr…

Keý sesini çykarman başyny tutdy. Gyz ýene Kee ýüzlendi.

– Keý, gel meniň egnimden galdyrsana… Men duşmanlaryň ýeňilip, gaçyp barşlaryny ýene bir ýola göresim gelýä…

* * *

Soň näme boldy?

Soňmy…

Keý utanyçly ýaly bolup sähralara – erkinlige gidipdir. Ol käte-käte şeýleräk başlanýan nähilidir bir uzyn gamly aýdymada hiňlenýärmüşin.

Sen meniň hasratym,

Sen meniň bagtym,

Sen meniň jenanym,

Sen meniň tagtym.

Sen Parfiýaň nökeri,

Ilimiň ary.

Sen ýurduň namysy,

Şöhraty-şany…

Ah, gözel Rodoguna…

Rodoguna…

Parfiýa gözeli Rodoguna hakynda bolsa, adamlar entegem owadan ýazgylary ýazyp ýörmüşin…

                                                                                       Öwezmyrat ÝERBENDI

 

 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri