TEHNOLOGIÝA

Robot it Marsa gider

Häzirki wagtlarda “NASA” we “SpaceX” kompaniýalary ilki Aýa, soňra bolsa Mars planetasyna uçmak üçin dürli gözlegler geçirýärler. “NASA” kompaniýasy gyzyl planetanyň daglyk ýerlerinde we ýerasty gowaklarynda özbaşdak gezmek üçin robot itleri ulanyp başlar. Mars itleri diýip atlandyrjak robot itleri, mümkinçilik, bilesigelijilik we tutanýerlilik funksiýalry esasynda işlär. Munuň üsti bilen planetada bolup geçýän köp zatlardan habarly bolup bilerler. Alymlar bu robotlaryň has hereketli boljakdygyny we enjamlaşdyrylan datçigiň üsti bilen päsgelçilikleri habar berjekdigini, şeýle hem belli ýollary saýlap biljekdigini we ýerasty geçelgeleriň, gowaklaryň wirtual kartalaryny döredip biljekdigini aýdyp geçdiler. “NASA” kompaniýasynyň taslamasynda “Hyundai” kompaniýasynyň golaýda satan “Spot” atly Boston Dynamics robot itini ulanar.

Häzirki wagtda bu “Spot” robot it, Mars planetasyny ýada salýan kyn ýollarda synagdan geçirilýär we ýerasty geçelgelerde gezmegi, basgançaklara çykmagy öwrenýär. Soňky aýlarda Norwegiýa deňziniň Skarw ýatagynda “Aker BP” nebit we gaz öndürýän gämisinde uglewodorod syzyşlaryny gözlemek üçin işe başlan Spot, koronawirus keseli sebäpli hassahanalarda ulanylypdy. Itler diňe bir ýerde bolman, eýsem kosmosda hem adamyň iň gowy dosty bolup bilerler.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa gutlag

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi