TEHNOLOGIÝA

“Redmi 10” smartfonlarynyň aýratynlyklary habar berildi

“Redmi 10″ smartfonynyň öň tarapynda 6.5 ” ululygyndaky FullHD+ durulykdaky 90 Hz täzelenme tizligine eýe bolan ekran ýerleşer. “Xiaomi” şereketi bu akylly telefonda “MediaTek Helio G88 yonga” prosessoryny goýar. Bu telefon 6 GB RAM+128 GB ýady goldar. Şeýle hem “Redmi 10” smartfonynda 5000 mAh batareýa ýerleşdiriler.

Garaşylşy ýaly, telefonyň arka tarapyndaky esasy kamera 50 megapiksel, ultra giňiş linza 8 megapiksel , makro sensor 2 megapiksel, çuňluk sensory bolsa 2 megapiksel göwrüminde bolar. Telefonyň öň tarapynda bolsa 8 megapiksellik selfi kamerasy ýerleşer.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Sudokuny oýlap tapan aradan çykdy

 

 

Related posts

Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini öwrener

Habarlar gullugy Halkara kosmos bekedinde wekilhana açdy

“Amazon”-yň elektroulagy

Ata Watan Eserleri