DÜNÝÄ

Prezident Ärdogan 3 iri halkara foruma gatnaşar

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan üç sany uly halkara çäresine gatnaşar.

Hususan-da, Türkiýäniň Prezidenti 3-4-nji iýulda Astanada geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar.

Mundan başga-da, Prezident Ärdoganyň 6-njy iýulda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriljek Türki Döwletleri Guramasynyň resmi däl sammitine gatnaşmagyna garaşylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň Prezidenti 9-11-nji iýul aralygynda NATO guramasynyň liderleriniň sammitine gatnaşmak üçin Waşington şäherine sapar bilen barar.

Iýul aýyndaky wakalaryň çäginde Prezident Ärdoganyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen köp ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.

Related posts

Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Ata Watan Eserleri

BDT Zirvesi 2019’da Aşkabat’ta yapılacak

vepa

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi