DÜNÝÄ

Türkiýede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli küşt boýunça bäsleşik geçirildi

2024-nji ýylyň 22-23-nji sentýabrynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli küşt boýunça bäsleşigi geçirildi.

«Gökyay» Gaznasynyň küşt muzeýiniň binasynda geçirilen küşt ýaryşyna daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri we maşgalalarynyň agzalary, küşt oýunyň muşdaklary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Şeýle hem, çäräniň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň eserleriniň, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, taryhyny we däp-dessurlaryny beýan edýän sergi guraldy.

Related posts

Stambulyň ilaty ilkinji gezek azaldy

Prezident Ärdogan Kazandaky BRIKS sammitine çagyryldy

Aşgabatda Bütindünýä türki diller maşgalasy güni bellendi