DÜNÝÄ

Prezident Andžeý Duda saýlawlarda ýeňiş gazandy

Polşanyň saýlaw komissiýasy ýurduň häzirki Prezidenti Andžeý Dudanyň ýekşenbe güni (12-nji iýul) geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda 51,21% göterim ses alandygyny aýtdy. Saýlaw toparynyň başlygy Silwester Marsiniak sesleriň 99,97% göteriminiň sanalandygyny we Prezident Dudanyň gaýtadan ýurduň prezidentligine saýlanandygyny belleýär.

Marsiniak, dolandyryjy konserwatiw Kanun we Adalat partiýasy (IPR) tarapyndan goldanýan Dudanyň 51,21% göterim ses alandygyny, çepçi liberallar tarapyndan döredilen Raýat platformasy (PO) tarapyndan goldanýan Warşawanyň häkimi Rafal Çaskowskiniň 48,79% göterim ses alandygyny mälim edýär.

Ikinji gezek prezidentlige saýlanan Duda bu döwlet wezipesinde ýene-de 5 ýyl ýolbaşçylyk eder.

Related posts

Türkmenistanyň we San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Rumyniýa iş sapary

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi