SPORT

Porýe Makgregory jogap tutluşygynda ýeňdi

Abu-Dabi şäheriniň ýörite Söweş adasynda “UFC 257” atly ençeme söweş tutluşyklary geçirildi. Merkezi tutluşykda Konor Makgregor bilen Dastin Porýe garşylaşdy.

Ýylyň esasy tutluşyklaryndan biri hökmünde görkezilen bu tutluşykda bu gezek Dastin Porýe ýeňiş gazandy. Ol tutluşygyň iki döwünde Konor Makgregory tehniki nokaut arkaly ýeňmegi başardy.

Mälim bolşy ýaly, mundan öň hem, ýagny 2014-nji ýylda Makgregor bilen Porýe garşylaşypdylar. Şol tutluşykda birinji döwde Makgregor 106 sekuntdan soňra nokaut arkaly ýeňiş gazanypdyr. Bu gezek şowlulyk 32 ýaşyndaky amerikaly türgen Dastin Porýeniň tarapynda boldy.

Ýeňil agramdaky bu tutluşygyň hiç hili derejesi ýokdy. Ýöne “UFC” ýaryşlarynyň ýolbaşçysy Deýn Uaýtyň aýtmagyna görä, ýaryşyň ýeňijisi häzirki wagtda bu agramda çempionlygyň eýesi bolup durýan Habib Nurmagomedowyň çempionlyk kemerine dalaşgär bolup durýandygyny belledi.

32 ýaşly Makgregor iň soňky gezek 2020-nji ýylyň ýanwarynda tutluşyk geçirip, şonda irlandiýaly türgen Donald Serrony 40 sekuntda ýeňmegi başarypdy. Şondan öňki tutluşygynda, ýagny 2018-nji ýylyň oktýabrynda Makgregor Habib Nurmagomedowdan ýeňlipdi.

Amerikaly türgen Porýe 27 ýeňiş gazanyp, 6 gezek ýeňildi we bir tutluşygy geçirilmedi. Şeýlelikde ol umumylykda, 33 tutuluşyk geçirdi.

Makgregor 27 tutluşyk geçirip, 22-sinde ýeňiş gazanyp, 5 gezek ýeňildi.

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar