SPORT

Portugaliýaly futbolçy karýerasyny tamamlady

Portigaliýaly futbolçy Luis Nani 38 ýaşynda futbol karýerasyny tamamlady. Bu barada tejribeli futbolçy özüniň jemgyýetçilik torundan habar berdi.

– Professional futbolçy hökmünde karýeramy tamamlaýaryn. Futbol bilen hoşlaşmagyň wagty geldi. Bu döwürde dürli basgançaklardan geçdim. Maňa goldaw beren hemmelere minnetdarlyk bildirýärin- diýip, belledi.

Luis Nani öz ýurdy Portugaliýa bilen bir hatarda Türkiýede, Angliýada, Ispaniýada, Italiýada we beýleki birnäçe ýurtlarda futbol oýnady. Ol Türkiýede “Fenerbahçe” we “Adana Demirspor” ýaly toparlarda, şeýle hem  dünýä belli “Mançester Ýunaýted” toparynda, “Sporting”, “Walensiýa”, “Lasio” ýaly ençeme toparda çykyş etdi.

20 ýyla golaý futbol oýnan Luis Nani Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hem güýçli futbolçylarynyň biridir.

Related posts

50 ýyldan soňra Angliýanyň Superkubogyny gazandy

Dünýä çempionatyna gatnaşjak ýygyndylar

Arda Güler sebäpli toparyň baş lukmany işden çykaryldy