SPORT

“Mançester Siti” toparynyň ilkinji transferi

2019-2020-nji ýylyň möwsüminde Angliýanyň “Premýer-liga” futbol çempionatyny ikinji orunda tamamlan “Manseçter Siti” topary tomusky transfer möwsüminde täze futbolçylary öz hataryna goşmak üçin 330 million ýewro sarp etmegi meýilleşdirýär.

Şonuň netijesinde, topar möwsümiň ilkinji transferini amala aşyrdy. Ispaniýanyň “Walensiýa” toparynyň futbolçysy Ferran Torres bilen şertnama baglaşyldy. Bu barada “Manseçter Siti” toparynyň resmi internet saýtynda hem bellenilip geçilýär.

Torres bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşylyp, munuň üçin 23 million ýewro sarp edildi. Ferran Torres “Walensiýa” toparynyň ýetişdiren oýunçylarynyň biri bolup, soňky 3 möwsümden bäri toparyň düzüminde ýokary ligada çykyş edýär. Torres “Walensiýanyň” düzüminde 44 duşuşykda çykyş etdi.

Angliýanyň çempionatynda hem-de Ýewropaky ýaryşlarda üstünlik gazanmak isleýän “Manseçter Siti” topary Italiýanyň “Napoli” toparynyň goragçysy Kalidou Kulibalini hem-de “Bormunt” toparynyň goragçysy Nathan Akeni satyn almakçy. Şeýle hem topar hüjümçileriniň hataryny hem güýçlendirmegi meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri