IŞ ORUNLARY & TENDERLER

“Petronas” işe çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri aşakdaky görkezilen iş ýerine çagyrýar:

Gyýanly obasynda işlemek üçin kömekçi (inwentar we maddy-tehniki serişdeleriň dolandyrylyşy boýunça).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

Bilimi: orta bilim hakyndaky attestat ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminamasy.

Iş tejribesi: materiallara we enjamlara degişli ülňüler hem-de normatiwler (MESC) boýunça 5 ýyllyk iş tejribesi bolmaly, satyn almak, maddy-tehniki serişdeleriň dolandyrylyşy, ammarda, sehde işleriň ýerine ýetirilişi boýunça esasy endikleri we bilimleri bolmaly.

Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: programma üpjünçiligini ulanmakda başarnyklary bolmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Related posts

Bildiriş

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýyny gurmak boýunça bäsleşik

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň ilçihanasyndan täze iş orunlary

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment