PEÝDALY MASLAHAT

Perzentlige alnan çaganyň doglan senesi üýtgetmek barada maglumat

Perzentlige alnan çaganyň doglan senesi üýtgedilip bilnermi?

Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenilşine görä, Çagany perzentlige almagyň syryny saklamak üçin, perzentlige alanyň haýyşy boýunça perzentlige alnan çaganyň doglan senesi doglan gününden üç aýdan köp bolmadyk wagta üýtgedilip bilner, şeýle-de onuň doglan ýeri hem üýtgedilip bilner.

Perzentlige alnan çaganyň doglan senesiniň üýtgedilmegine diňe bir ýaşa ýetmedik çaga perzentlige alnanda rugsat berilýär. Şunda onuňa doglan senesi çagnyň doglan gününden öň we soň üç aýdan köp bolmadyk wagta üýtgedilip bilner.

Perzentlige alnan çaganyň doglan senesiniň we (ýa-da) ýeriniň üýtgedilendigi barada, çagany perzentlige almak hakynda çözgütde görkezilýär.

 

Raýatyň pensiýa çykyp, işi dowam etmegi barada maglumat

 

 

Related posts

Nikanyň bozulmagy we nikanyň bes edilmeginiň bellige alynmagy

Saç kepeginden mümkin boldugyça nähili çalt dynmaly?

Ata Watan Eserleri

Zähmet gatnaşyklarynda ýüze çykyp biljek soraglara kanuny jogaplar