DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Albukerke şäheri bilen doganlaşan şäher: Aşgabat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny Albukerke şäherinde şanly 140 ýyllygyny belleýän «Doganlaşan Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi. Bu çärä ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimow gatnaşdy. Bu barada www.turkmenistan.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Çäräniň barşynda doganlaşan Aşgabat we Albukerke şäherleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň başlygy Alana Makgratonyň hem-de bu komitetiň esaslandyryjysy we ilkinji ýolbaşçysy Salli Elis Tompsonyň türkmen paýtagtynyň şanly senesi mynasybetli wideogutlaglary diňlenildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän şu ýylda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu, ozaly bilen, Aşgabadyň dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň, myhmansöýerligiň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýan paýtagty hökmünde giňden ykrar edilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle hem Albukerke şäheriniň häkimi Timoti M.Kelleriň karary esasynda yglan edilen «Doganlaşan Aşgabat şäheriniň gününiň» iki şäheriň arasyndaky ýakyn doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Şäheriçi awtobus ugurlary: Haýsy ugurlar hereket edýär?

Ýene-de okaň

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň baş assambleýasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Gökderede ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Türkmenistan kreatiw we döredijilik boýunça halkara maslahata gatnaşdy