SPORT

Pepe Reýna indiki möwsüm futbol ýoluny tamamlap biler

Angliýanyñ “Aston Willa” toparynda çykyş edýän Pepe Reýna 2021-nji ýylyñ tomsunda öz futbol ýoluny tamamlajakdygyny mälim etdi.

– Aston Willada kärende hökmünde çykyş edýän, mundan soñra men “Milana” dolanmaly. Geljekdäki möwsümiñ soñunda futbol ýolumy tamamlamak isleýärin. Ondan soñra tälimçilik ýolunda işläp biler diýip – Pepe belleýär.

Pepe Reýna “Milan”, “Aston Willa”, “Barselona”,” Liwerpul”, “Wilýareal”, “Napoli”, “Bawariýa” toparlarynda çykyş etdi. 37 ýaşly derwezeban Çempionlar ligasyny, UEFA-nyñ Superkubogyny, Germaniýanyñ çempionatyny, Angliýanyñ kubogyny we Naýbaşy kubogyny, şeýle hem Italiýanyñ kubogyny gazandy.

Related posts

Boks boýunça Aziýa çempionaty Iordaniýada geçiriler

Türkmenistanyň zenan futbolçylary täze ýaryşlara taýýarlanýar

“Arkadag” topary wagtyndan öň TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy