SPORT

Pedri “Golden Boy” baýragyny gazandy

“Tuttosport” neşiri, 21 ýaşdan uly bolmadyk Ýewropanyň iň gowy ýaş fubolçysyna gowşurylýan “Golden Boy” baýragynyň ýeňijisini yglan etdi. 2021-nji ýylda bu baýraga Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýaş ýyldyzy Pedri mynasyp boldy.

18 ýaşly Pedri Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýarymgoragçysy bolmak biln, şol bir wagtda Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hem möhüm futbolçylarynyň birine öwrüldi.

Pedri bilen bir hatarda bu abraýly baýraga Karim Adeýemi («Zalsburg»), Jud Bellingem  («Borussiýa» Dortmund), Eduardo Kamawinga («Real»), Şarl de Ketelare («Brýugge»), Gawi (“Barselona”), Braýan Hil («Tottenhem»), Raýan Grawenberh («Aýaks»), Meýson Grinwud («Mançester Ýunaýtedд»), Daniel Maldini («Milan»), Jamal Musiala («Bawariýa»), Nunu Mendeş («PSŽ»), Рýaly futbolçylar dalaş etdi.

Pedri Messiden soňra “Barselona” toparyndan bu baýraga mynasyp bolan futbolçy boldy. Baýrak şu ýylyň 15-nji dekabrynda Turin şäherinde gowşurylar.

Geçen ýyl “Borussiýa Dortmund” toparynyň futbolçysy Erling Holand bu baýraga mynasyp bolupdy.

 

«Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ministrler duşuşygy geçirildi

Related posts

Katar-2022: ozalky çempion ynamly ýeňiş bilen başlady

Infantino täzeden FIFA-nyň ýolbaşçylygyna dalaş edýär

Türkmenistan GDA-nyň oýunlarynda 2-nji medalyny gazandy