DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti Fransiýada döwlet saparynda bolar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 11-13-nji mart aralygynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çakylygy boýunça bu ýurtda döwlet saparynda bolar. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär.

– Saparyň çäklerinde ýokary derejede gepleşikler geçiriler. Şeýle hem Fransiýanyň iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar – diýlip bellenilýär.

Gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysadym maýa goýum-maliýe, Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda taslamalary ilerletmek babatda maslahatlaşmalar geçiriler. Şeýle hem hökümetara we pudagara resminamalar toplumyna gol çekiler.

Şeýle hem özbek Lideri ÝUNESKO-nyň baş direktory Adre Azule bilen duşuşyp, 2025-nji ýylyň güýzünde Samarkant şäherinde guramanyň 43-nji Baş maslahatynyň mejlisine geçirmäge görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene-de okaň

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy