SPORT

Arkadag şäherinde halkara futbol duşuşygy geçiriler

12-nji martda Arkadag şäherinde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygy geçiriler. “Arkadag” stadionynda “Arkadag” topary bilen Hindistanyň “Ist Bengal” topary duşuşar.

10 müň orunlyk sebitiň ilkinji akylly şäheir bolan Arkadag şäheriniň stadionynda halkara futbol duşuşygy geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 15:30-da başlanar.

Bu toparlaryň ilkinji duşuşygy geçen hepde Hindistanda geçirilipdi. Hindistanda geçirilen oýunda “Arkadag” topary duşuşygyň 11-nji minutynda Ýazgylyç Gurbanowyň geçiren goly bilen 1:0 hasabynda üstün çykypdy.

Öňde boljak duşuşyk hem futbol janköýerlerinde uly gyzyklanma döretdi we şäher üçin esasy futbol baýramçylygyna öwrüler.

Related posts

“Arkadag” topary Türkiýede ukrain topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Ata Watan Eserleri

Dünýä rekordy: Issyk-Kul kölüni ýüzüp geçdi

Çempionlar ligasy: “Real” myhmançylykda ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri