ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Öwezmyrat Gandymow:hünärine ussat mugallym

Bir mahal dutar ussasy, belli diktorlaryň biri Atamyrat Mahmydow hakynda «Edebiýat we sungat» gazetine makala ýazypdym. Şonda kän maglumatlary sazşynas Öwezmyrat Gandymowyň «Atamyrat Mahmydy ýatlap» atly kitabyndan alypdym. Öwezmyrat Gandymowyň milli aýdym-saz sungatymyza degişli dürli ýyllarda metbugat neşirlerinde çap bolan makalalaryny kän okadym. Onuň bu ugurdan teleýaýlymlardaky çykyşlaryny-da ençeme gezek diňledim. Geçen ýyldy öýdýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussat sazanda Sapar Mämiýewiň doglan gününiň dabarasy bellenilende-de Öwezmyrat aga örän täsirli çykyşy bilen kän zatlar gürrüň berdi. Umuman, onuň halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary hakynda azda-kände habarym bolsa-da, henize çenli onuň döredijiligi barada içgin gyzyklanmak pikirimde-de ýokdy. Ýöne, arada köptaraply zehinli alym Nazar Gullaýew hakynda ýatlama ýazýarkam ol barada taýýarlanan gepleşigiň wideo ýazgysyny gördüm. Öwezmyrat aga Nazar aganyň  ýakyn dosty eken. Nazar aga ýogalmazynyň öň ýanlary «Dost näme üçin menden habar tutaňok?» diýip, Öwezmyrat aganyň düýşüne giripdir. Onsoň ol ertesi gün eline dutaryny alyp, Nazar agalara gidýär. Dostunyň göwnüni açmak üçin, onuň juda gowy görýän sazlarynyň birini çalyp başlaýar welin, Nazar aga düşekde ýatan ýerinden elini uzadyp, Öwezmyrat aga bilen tä, saz tamamlanýança bile dutar çalypdyr. Şol pursatdan bir hepde ýaly wagt geçensoň, Nazar aga dünýeden gaýdypdyr. Ynha, şu pursady ýatlap Öwezmyrat aganyň tolgunyp-tolgunyp gürrüň berip oturyşy diýseň täsir etdi. Şeýle zehinli adamlar bilen dost bolan adamyň öz döredijiligi-de öwrenilmäge mynasypdyr diýen pikiri hakydamdan çykaryp bilmedim. Onsoň ýakynda onuň bilen maşgala ojagynda söhbetdeş bolduk. Öwezmyrat aga diňe bir aýdym-saz ugrundan däl, ol islendik ugurdan kärine ussat mugallym eken. Onuň bilen gürrüňdeş bolup, täsirli gürrüňlerini diňläp otyrkaň   birden garaşman durkaň sowal bilen ýüzlenýär. Haýsy bir zat hakynda gürrüň berjek bolsa, ol bu barada öň nämeler bilýändigiňi soraýar. Ol dürli ýyllarda ençeme ýurtlarda  halkara çärelere gatnaşyp çykyş edende käbir tomaşaçylaryň beren sowallaryny aýdyp, olara beren jogaplaryny gürrüň berýär. «Eger şol sowala siz nähili jogap bererdiňiz, ýa-da özüňiz şol ýerde bolan bolsaňyz haýsy sowaly bererdiňiz?» diýip şeýlebir gyzyklandyrýar welin, şol maglumatlary içgin öwrenmek üçin kän okamaly diýen pikiriňi has-da ösdürýär.

Halypa sazşynas häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda uly mugallym bolup ýaşlara bilim berýär. Ilki bilen ol ýan ýoldaşy Ogulsapar gelneje bilen tanyşdyryp, maşgalasynda bir gyzynyň, bir oglunyň, dört agtygynyň, ýedi sany çowlugynyň bardygyny, gelinleri Gunça Gandymowanyň hem öz iş ýerinde dutar mugallymydygyny, agtyklarynyň konserwatoriýada mugallym bolup işleýändiklerini aýtdy. Soňra bolsa onuň şahsy arhiwi bilen tanşyp başladyk. Öwezmyrat aga diýseň ykjam ýaşuly eken. Her haýsy aýry-aýry bukjalarda ýerbe-ýer edilip kitap tekjelerde goýlan ýazgylar maglumat almagymyzy aňsatlaşdyrdy. Sazşynas hökmünde Öwezmyrat aganyň bitiren işleriniň az däldigini bilýärdim. Ýöne onuň bu ugurdan juda kän işler edendigine welin, arhiwindäki ýazgylary öwrenenimde göz ýetirdim.

Öwezmyrat aga häzir 75 ýaşy arka atan halypa mugallym. Ol 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medala, 2001-nji ýylda «Türkmenistanyň ussat mugallymy» diýen nyşana, 2003-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri» diýen hormatly ada mynasyp bolupdyr. Öwezmyrat Gandymow 1947-nji ýylyň 17-nji maýynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 1-nji Gökje obasynda doglan. Ol 1964-1968-nji ýyllarda Türkmen döwlet sazçylyk uçilişesinde dutar hünäri boýunça bilim alýar. Bu döwürde ol esasy hünäriniň daşyndan Türkmenistanyň halk artisti Durdy Nuryýewden kompozitorçylyk ugrundan goşmaça sapak alýar. Mundan başga-da ol häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Türkmen filologiýa» fakultetini gaýybana, Marksizim we Leninizm uniwersitetiniň «filosofiýa» fakultetini tapawutlanan diplomlar bilen tamamlapdyr. Ol 1971-1976-njy ýyllarda Daşkendiň M. Aşrafi adyndaky Döwlet konserwatoriýasynyň «milli saz gurallary» fakultetini hem üstünlikli tamamlaýar. Saýlan hünärinden dürli medeni ojaklarda zähmet çekýär.

Ol özüniň zähmet ýolunyň agramly bölegini, TMK-nyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda çagalar bilen işleşmeklige bagyşlady. Şonuň üçin hem onuň döredijilik işiniň köp bölegi çagalar üçin okuw repertuaryny döretmek, olar üçin niýetlenilen okuw kitaplaryny ýazmakdan ybarat. Onuň zehininden dörän: «Dutarçylaryň hrestomatiýasy», «Dutar üçin 12 heň», «Dilli tüýdük dersligi», «Gargy tüýdük dersligi», «Kanun çalmak dersligi», «Halk saz gurallaryny çalmagy öwretmegiň metodikasy», «Dutar çalmagy öwretmegiň metodikasy», «Türkmen milli saz gurallary» ýaly ýigrimä golaý işleri çap edilip, sazçylyk okuw mekdeplerinde okuw kitaplary hökmünde giňden ulanylyp gelinýär. Halypa mugallym sazşynas hökmünde ýüze golaý ylmy makalalaryň , «Han Akyýew», «Ýazgeldi Kuwwatow», «Amannazar Ataýew» we başga-da ençeme ussat bagşy- sazandalaryň döredijilik ýoluny beýan edýän, sazşynaslyk jähetden ýazylan kitaplaryň awtory. Ol kompozitor hökmünde milli saz gurallary üçin birnäçe eserleriň asyl nusgasyny döreden, şol sanda halk sazlaryny gaýtadan işlän awtor hökmünde hem kän iş edipdir. Onuň 2009-njy ýylda çap bolan dutar hem fortepiano üçin eserleriň ýygyndysy sazçylyk, sungat okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy bolup hyzmat edýär. Ýygynda girýän gaýtadan işlenilen halk sazlary köp ýyllaryň dowamynda pedagogik iş tejribesi bilen syntgylanylan eserler. Ol bolsa bu ýygyndynyň okuw jaýlarynyň sazyň ýerine ýetiriliş tilsimlerine aňsatlyk bilen girişmeklerine hemaýat eder. Ençeme ýyllap ýaşlar neşirlerinde işlämsoň, ýaşlar bilen bagly guralýan çärelere kän gatnaşdym. Şol çärelerde Öwezmyrat aganyň döredijiligine degişli eserleriň çagalar tarapyndan uly höwes bilen ýerine ýetirilýän pursatlaryna şaýat bolmak miýesser etdi. Onuň dutar hem fortepiano üçin döreden «Nurana Diýar», klarnet hem fortepiano üçin döreden «Täze ýyl aýdymy»,  kanun, fleýta we fortepiano üçin täzeden işlenen «Bibijan» we başga-da aýdym-sazlaryny , dutar hem fortepiano üçin döreden uly göwrümli «Konsert» eserini diňlänim ýadymda. Öwezmyrat aganyň döredijiliginde uzak ýyllaryň dowamynda taýýarlanylan «Mary ýolunyň halk sazlary» atly ýygyndysy onuň bu ugurdaky göwrümli işleriniň biridir. Özüm bagşy-sazanda bolmasam-da milli bagşyçylyk sungatymyzyň sütün halypalary hakynda gyzyklanýaryn. Olaryň özboluşly ýol goýup giden nusgalyk aýdym-sazlaryny diňlemegi diýseň gowy görýän. Öwezmyrat aga hem bagşyçylyk ýolunda öçmejek ýol goýan Hydyr bagşynyň agtyklaryndan eken. Hydyr bagşy barada belli sazşynas Akmuhammet Aşyrowyň 1993-nji ýylda çap bolan «Kyrklar» atly kitabyndan azda-kände bilýärdim. Emma Öwezmyrat aganyň ýazan «Hydyr bagşy» atly kitabyny okanymdan soň, bagşy barada juda kän maglumatlar öwrendim. Bu kitaby taýýarlamak üçin Öwezmyrat aganyň gaty kän adamlar bilen söhbetdeş bolandygy, maglumatlaryň anyk ýyllary bilen çeper beýan edilmegi awtoryň çäksiz yhlasyndan habar berýär. Onuň diňe şu kitabynyň özi döredijiliginiň başga ugurlary hakynda içgin öwrenmäge gyzyklanma döretdi. Şu ýerde onuň gürrüň beren bir ýatlamasyny aýdaýyn.

«Daşkentde okan talyplyk ýyllarymyzda ýokary okuw mekdebimiziň kitaphanasynda W. A. Uspenskiniň aýaly işleýärdi. Biz oňa Kiseniýa daýza diýip ýüzlenerdik. Ol türkmen üçin saçagyny giňden ýazyp bilýän zenandy. Öýlerine kän barýardym. Olaryň öýleri türkmen ruhuny ýadyňa salýardy. Öýüň diwaryndaky asylgy türkmen halysynyň ýüzünde daşy gaplanan türkmen dutary asylgy durardy. Bir mahal Gaýgysyz Atabaýewiň ýyl ýazgysy bilen Uspenskä sowgat beren türkmen halysy tördäki pianinoň üstüne ýapylgy ýadygärlik goýlan. Kiseniýa daýza kelemli çorba bişirmäge ökdedi. Garran wagtlarydy emma, her gezek öýlerine baranymda süýji tagamlar taýýarlap garşy alardy. Ol maňa Uspenskiniň Belýaýew bilen ýazan «Türkmen sazy» atly kitabynyň asyl nusgasyny hem-de başga-da kän gymmatly kitaplary sowgat beripdi. Şeýle hem birnäçe ýyllap Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Okuw-usulyýet merkezine ýolbaşçylyk edemsoň, doganlyk ýurtlaryň ençemesinde geçirilen halkara çärelere gatnaşmak miýesser etdi. Şonda sowgat berlen dürli saz gurallar, kitaplar şahsy arhiwimde kändi. Indi ýaşym bir çene baransoň, şol sowgatlaryň ählisini Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna sowgat berdim. Olar aýdym-saz sungatymyzy ösdürjek geljekki ýaşlar üçin gymmatly miras» diýip gürrüň berdi.

Öwezmyrat aga kän halypalary gören, olaryň gyzykly gürrüňlerini diňlän, durmuş hem zähmet tejribesi ýetik bolansoň, hazyna ýaly adam eken.

«Men Hydyr bagşynyň dutaryna ýüpek kirişleri köplenç onuň maşgalasy Nurjemal enemiň taýýarlap berendigini eşidipdim. Şonuň üçin bir baranymda ondan bu barada gürrüň bermegini haýyş etdim. Şonda ol: «Ýüpek kirişleri taýýarlamagyň ussady Murgaply Gelenje ussa bolupdyr. Ol hem bagşy, hem ökde sazanda, hem-de dutar ýasaýan ussa bolupdyr. Pendiniň men diýen bagşylary ondan dutar alar ekenler hem ondan aýdym-saz öwrener ekenler. Diňe şonuň taýýarlan kirişlerinde dutar çalar ekenler. Biziň özümizden Hanjyk bagşy hem dutar ýasardy. Ol hem gowy kirişleri taýýarlamagyň hötdesinden gelerdi. Ilki-ilkiler kirişleri Hydyryň özi öwrenip ýasardy. Men diňe ýüpek köreklerini saýlap, çig ýüpegi kenep agajyna sarap bererdim. Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan ýüpek kirişleri taýýarlamagy öwrenip başladym. Kiriş diýilýän zat diýseň arassaçylygy, halallygy talap edýän mukaddes zat bolar ekeni. Men ýüpek kirişleri oňat bolan köreklerden saýlap, soňra ony ýyly suwa ýatyryp uç alardym. Soňra ony ýörite kenep agajyna sarap, kölegede guratmaly. Ondan soň inçejik çig ýüpek sapajyklardan kirişlik alyp, gerek ýogynlykda ony iki taraplaýyn aýratynlykda, soňra bolsa birleşdirip işmeli. Şondan soň ony sowuk suwa ýatyryp, ýagşy syntgylamaly. Ine, kirişler gurandan soň olar ulanmaga taýýar bolýar. Bagşylar saz üçin inçeräk, aýdym üçin bolsa biraz ýogynyrak kirişler ulanypdyrlar. Şonuň üçin men kirişleri ýogynly-inçeli edip taýýarlap, olaryň hersini aýratyn gutujyklarda saklardym. Bagşylar aýdym-sazly gijeleriň arasynda bir-iki gezek hökman kirişleri çalşardylar.Ýogsa ýüpek kirişler dartgynly, çeküwli aýdymlar aýdylanda çydaman süýnmek bilen bolardy. Onsoň onuň sesi hem onçakly gowy çykmaýan bora çemli. Hydyr ýüpek kirişleri köpden ýasap goýdurmazdy. Ol: «Kiriş könelse, sesi pese gaçýar» diýerdi. Her gezek toýa gitmezinden öň dutarynyň kirişlerini çalyşmagy halardy. Men öňden taýýarlan kirişlerimi ýaňy öwrenje oba oglanlaryna paýlardym. Olar minnetdar bolup kirişleri ulanardylar» diýip gürrüň beripdi. Jaýy jennet bolsun, Nurjemal enem 1972-nji ýylda dünýeden gaýtdy. Hydyr bagşy atly kitabymy ýazanymda kän maglumatlary Nurjemal enemden ýazyp aldym» diýdi. Men ol kitaby okanymda Hydyr bagşynyň juda jomart, ynsanperwer, sahy adam bolandygyna göz ýetirdim. Ynha, oňa şol kitapdan bir mysal:

«1929-njy ýylyň ýaz aýlarydy. Ol wagtlar ýetginjek oglandyk. Obamyzda Hydyr, Ylýas atly diýseň baý ekizler ýaşaýardy. Bir gün olaryň ikiside bir günde ogullaryny öýerip uly toý tutdy. Toýa Hydyr bagşy bilen Nobat bagşyny hem ýörite çagyrypdyrlar. Gökje obasyna märeke bary ýygnanypdy. Bagşylar gezekli-gezegine aýdym aýtdylar. Bagşylar gyzyberende märekäniň arasyndan: «Pylan aýdymy aýdyp ber, baýragyňa bir tokly» diýilýän sesler eşidilip başlady. Daň saz beriberende toý edýänleriň ulusy Hydyr öz atdaşyna: «Apaty» aýdyp bermegini haýyş etdi. Daňdanlar bagşylaryň sesi has-da durlanyp, owaz bütin obany gaplap aldy. Bagşynyň owazyna maýyl bolup oturan toý eýesiniň ulusy Hydyr hyzmat edip ýören ýigitleriň birine: «Bagşa menden bir köşekli düýe, ony bagşylara niýetlenen ýataga geçiriň! diýip gygyrdy. Muny eşiden ekizleriň kiçisi Ylýas hem       Nobat bagşa: «Maňa bagşy, bir «Amman-ammany» aýdyp ber» diýdi. Aýdym tamamlanansoň ol hem: «Menden Nobat bagşa-da bir köşekli düýe beriň!» diýip baýragyny mälim etdi. Ertesi bagşylar toý eýelerinden rugsat alyp, baýrak alan mallaryny öňüne salyp, alyp gaýdybermeli ýalydy welin, olar toýdan düşen mallary obanyň garyp-gasarlaryna bagyş edýändiklerini aýtdylar. Ynha, şeýdip Gara Gökjäniň adamlary bagşylaryň şeýle ynsanperwerliginiň, suhangöýlüginiň hem şaýady boldular» diýip, bu pursadyň gözli şaýady bolan, Tejeni etekläp oturan Gara gökje obasyndan gelen ýaşuly Juma Garýagdy oglunyň Hydyr bagşy bilen bagly aýdan gürrüňi hem bagşynyň ajaýyp häsiýetini açyp görkezýär. Bu kitabyň ýene bir aýratynlygy täsin maglumatlara baýdygy üçin gyzykly. Hydyr bagşynyň nesil şejeresiniň,oba göçülende Hydyr bagşynyň nebereleriniň ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşişiniň çyzgylary hem kitapda ýerleşdirilipdir. 1934-nji ýylda Maryda Türkmenistanyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp uly baýramçylyk konserti bolýar. Ol konsertde Hydyr bagşy, Nobat bagşy, Oraz salyr, Nursähet Halsähet ýaly meşhur bagşylar çagyrylyp, aýdym-saz edýärler. Konsert tamamlanansoň, oňa gatnaşan bagşylara şol wagtky Halk komissarlary Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew «Aýdym maşyn» ýagny, patefon sowgat berýär. (Şol patefon häzir hem Hydyr bagşylaryň hojalygynda saklanýar) diýen ýazgy ýa-da bagşynyň 1937-nji ýylyň gowgaly günleriniň pidasy bolandygy, soňra onuň bigünäligi üçin aklanandygy hakyndaky beýan edilen täsirli wakalary biparh okamak mümkin däl. Şonuň ýalyda kitapda Hydyr bagşynyň döredijiligine uly baha beren halypalaryň aýdan gürrüňleriniň ýerleşdirilmegi has-da täsirli duýgulary bagyşlaýar. Halkymyzyň milli sungatyna nä derejede gadyr-gymmat goýup häzirki günlere ýetirendigine göz ýetirýäň. Ussat sazanda Pürli Saryýew:

«Hydyr bagşydan bary-ýogy üç aýdym halkymyza miras galdy.Ýöne, ol üç aýdym, üç belent minara dek, onuň bagşyçylyk sungatynyň çür depesine çykandygyndan habar berýär» diýip baha berýän bolsa, belli opera aýdymçymyz Nury Meredow: «Men Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynda okap ýören döwürlerim wokal ugrundan halypalarym maňa köne türkmen bagşylarynyň ses ýazgylaryny diňläp görmek isleýändiklerini aýtdylar. Men şonda beýleki birnäçe bagşylaryň ýazgylary bilen birlikde Hydyr bagşynyň üç aýdymynyň ýazgysyny-da olara diňletdim. Dünýä wokal sungatynda yz goýan halypalarym ol aýdymlary öwran-öwran diňläp, bagşynyň şirwan perdelere galyp aýdan beýik seslerine aýratyn üns berdiler. Olar şonda: «Bu sesde milli äheň bilen birlikde Ýewropa wokal sungatynyň alamatlary mese-mälim duýulýar, ol Ýewropa wokal sungatyndan habarlymydy?» diýip soradylar. Şonda bu meşhur bagşynyň aýdym mirasyna bolan gyzyklanmam has-da artypdy. Mende Ýewropa wokal sungaty bilen, milli ýerine ýetijilik sungatynyň serişdelerini ulanmak bilen aýdym aýdyp görmek islegi döräpdi» diýýär. Türkmenistanyň halk artisti Hangeldi Annamyradow: «Hydyr bagşydan miras galan, howlukman, s:okduryp, seslere owaz berip, aýdan üç aýdymy, meniň üçin bagşy hökmünde aýdym-saz sungatynyň giden bir dünýäsini açypdy. Ol üç aýdymyň aňyrsynda onlarça nusgalyk aýdymlaryň ýatandygyna göz ýetirmek kyn däl. Onuň tüýdüge goşup, ýanamaçylyk sungaty bilen, dutara goşup aýdan aýdymlarynda göze görünmeýän bir täsin-täsin sepleşik bar. Ol sepleşik bagşynyň özbaşdak ýoluny,ýörelgesini hasyl edýär.Hydyr bagşynyň ýerine ýetirijilik däpleri, ol bagşyçylyk sungatynyň ajaýyp bir sahypasydyr» diýýär. Bagşy barada şunuň ýaly çuň manyly sözleri Öwezmyrat aga1989-njy ýylda Hydyr bagşynyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşanyp geçirilen dabardaky çykyşlarda aýdylan gürrüňlerden ýazyp alypdyr.

Hydyr bagşynyň «Apat», «Meýlis halar», «Heserli» atly aýdymlarynyň  ýazgylary halkymyza miras galypdyr. Ýöne  kitapda onuň ýerine ýetiren aýdymlarynyň 70-den gowragynyň sanawy bar. Türkmeniň bagşyçylyk sungatynda öçmejek yz goýan meşhur Hydyr bagşy Hojamgulyýewe (merhum) 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly at berildi. Hydyr bagşynyň obasyndaky sazçylyk mekdebe ady dakylypdyr. Onuň nebereleri häzirki wagtda Wekilbazar etrabynda ýaşaýarlar. Makalamyz sazşynas Öwezmyrat Gandymow hakynda bolsa-da, agramly gürrüňimiz Hydyr bagşy hakyndaky ýatlamalara syrygan ýaly bolmagy mümkin. Ýöne şeýle täsirli ýatlamalaryň okyjylarda gyzyklanma döretmeginde Öwezmyrat aganyň uly zähmeti bar ahyry. Bu kitap hakynda entegem kän gürrüň etsek boljak, ýöne Öwezmyrat aga şeýle baý many-mazmunly gyzykly kitaplaryň başga-da ençemesini ýazan awtor. Olar hakynda bir makalada söhbet etmek aňsat däl. Onuň Baba Gammar hakynda, Magtymguly Pyragynyň saz sungatyna dahyllydygy bilen bagly ylmy makalalaryny öwrenmek üçin aýratyn wagt gerek. Iň gowy tarapy awtor her bir ýazýan makalasynda aýdýan jedelli pikirlerini anyk çeşmelere salgylanandygy bilen düşündirýär. Men oňa Öwezmyrat aga siziň bir mahal ýazan makalalaryňyzda türkmeniň 72 saz guraly hakynda ýazýardyňyz welin, birhili milli saz gurallarymyz sanaýmaly ýaly bolup dur — diýdim. Ol ýylgyrdy-da: — Diňe Bäşim Nuralynyň döreden saz gurallary 40-dan geçýär ahyry. Ol saz gurallar halk tarapyndan ykrar edilip, orkestrlerde ulanylyp ýör. Şeýle saz gurallary herekete getirip halka ýaýmak sungat wekilleriniň paýyna düşýär. Men ol saz gurallary atlary, suratlary bilen okyjylar köpçüligine ýetirdim. Türkmen halkymyz baý sungatyň eýesidir — diýip buýsanç bilen jogap berdi. Onuň her bir sowalyňa berýän jogaplary hakyky mugallymyň häsiýetini görkezýär. Bir gezek belli tüýdükçi Çaryýar Jumaýew metbugatda ýazan makalasynda halypasy Öwezmyrat aga barda: «Özüm birnäçe ýyl ýetginjekler bilen sapak geçip ýöremsoň bu zatlary ýagşydan-ýamandan bilýärin. Kä wagt şeýle ýagdaýlara gabat gelýärsiň. Dutarda ýekeje kakuwy aşak kakyp görkezersiň welin, çaga edil bilgeşleýin edýän ýaly aşak dälde ýokaryk kakar. Sen ýene-de düşündirip görkezersiň, ol ýene-de ters kakar. Soňra bu ýagdaý ýene-de gaýtalanar. Gahary dyzap gelýän gyzmaç mugallym bolsa hökman okuwça gygyryp başlar. Okuwçy aljyrap näme etjegini bilmez, öňküçe-de bolmaz ýa-da aglap ugrar. Ine, ber-dä onsoň jogabyny, ýylyň ortasynda, ahyrynda ekzamenler bardyr. Senem aýlyk alýansyň. Hökmany jogap beräýmeli. Emma çaga bilen şeýle ýagdaý ýüze çykaýan ýagdaýynda Öwezmyrat mugallym onuň elinden dutaryny alyp goýarda, onuň saçjagazyny sypalap ugrar, bolmasa-da: «bar, hany, bir azyrak oýnap gel bakaly, sapagy soňrak geçäýeli» diýer. Sebäbi ol çaga-da, dutary bir gün isleýär, bir günem asla ýüzüne seredesi gelenok-da oýnasy gelýär. Şeýle ýagdaýlarda çagalar bilen işlemäge ökdeligi zerarlam oňa köp kärdeşleri «Çagalaryň halypasy» diýip ýüzlenýärler» diýip  ýazypdyr. Çaryýar aga mamla. Öwezmyrat aganyň çaga dünýäsine girip dil tapyşmaga ussatlygy onuň belent adamkärçiliginden habar berýär. Ol uly ýaşdaky adamlar bilenem mähir-mylakatly gürleşmäge endik edinen ýaşuly. Ýolda-yzda gabat gelip saglyk-amanlyk soraşylanda-da kiçi göwünlik bilen deň-duşuň ýaly gürleşip bilýär.

Arhiw ýazgylaryny gözden geçirip otyrkak onuň «Garagum» žurnalynyň 2008-nji ýylyň 9-njy sanynda çap bolan «Baba Gammar ýaryň bolsun!» atly makalasyna gabat geldim. Täsin suratlar bilen bezelen makala hakynda gürrüň gozgadyk. Ol menden: «Baba Gammar bilen bagly nämeler bilýäň?» diýip sorady. Eşiden rowaýatymy gürrüň berdim. Şol rowaýata degişli suratyň hem makalada ýerleşdirilendigini görkezip:

«Mary welaýatynda Baba Gammaryň mawzoleýi bar. Şol ýerde meşhur bagşylar Ödeniýaz Nobatow bilen Gurt Ýakup dagy gaty kän sadaka berýän ekenler. Bir döwür Ödeniýaz Nobatyň sesi ýitýär. Şonda ol Baba Gammaryň aramgähinde sadaka berenden soň sesi gaýtadan dikelipdir. Il-günüň keramat saýýan ýerleri mukaddes ýerler hasaplanýar. Bir gezek menem maşgalamyz bolup şol ýere zyýarata gitdik. Gowusy bolsun diýip 50 kilo golaýlap duran agramdaky goýun alyp sadaka berdik. Ýöne ýalňyşan ekenim, gaty semiz goýun durşy bilen ýag bolup durýan eken. Aslynda şoň ýaly zyýarata barlanda 20-30-kilolyk mal almaly eken. Şonda ýanymyz bilen 30-40 sany dutara bolar ýaly gulak hem kiriş äkidip, ol ýerde goýlan dutarlara dakyşdyrdyk. Çagalar üçin öz hasabyma çap etdiren «Dutar üçin 12 heň» atly okuw gollanmamdan ýüz sanysyny şol ýere zyýarata baranlara paýladyk. Sebäbi ol ýere barýanlaň köpüsi milli sungatymyzyň wekilleri. Mara barsam ol ýerdäki sungat ojaklaryna, keramatly ýerlere aýlanýan. Italmaz Ýagmyrowyň öý muzeýi bar. Onuň aýaly: «Kellesi kesilen öňä bar alan aýlygyny, häzir bolsa pensiýasyny suratkeşlere berip, bagşy-sazandalaryň suratlaryny çekdirýär, halkyň üçinden olaryň aýdym-saz ýazgylaryny satyn alyp ýygnaýar» diýip käýinýär. Hakykatdanda onuň taýýarlan şahsy muzeýi diýseň baý muzeý» diýip gürrüň berdi. Öwezmyrat aganyň arhiw ýazgylaryny öwrenmek üçin onuň bir uly torba edip arhiw ýazgylaryny, kitaplaryny alyp gaýtdym. Olar hakynda bolsa belki, ýeneki makalalarymyzda söhbet ederis.

Akgül Saparowa

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri