SÖHBETDEŞLIK

Orazgül Apbasowa: “Käşgä 60 ýaşa dolanyp barsadym…”

Biziň bu gezekki söhbetdeşimiz Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Orazgül APBASOWA bilen boldy. Bizi özüniň döwletli ojagynda myhman alan halypa “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “atavatan-türkmenistan.com” saýty üçin birnäçe sowallarymyza jogap berdi.

Orazgül ene, haýyşymyzy kabul edip, biziň bilen söhbetdeş bolmaga razylyk berendiňiz üçin Size döredijilik toparymyzyň adyndan uly minnetdarlyk bildirýäris. Geliň, söhbetdeşligimizi Siziň teatr dünýäsine gelmegiňize itergi beren sebäpler hakdaky gürrüňden başlaýalyň…

 – Tebigat her bir adam dünýä inende oňa talanty, zehini peşgeş berýär. Şol berlen zatlary ulanyp, dogry ýolda gidiberseň, islendik ýerde seniň abraýyň belent bolýar. Menem maňa berlen bu peşgeşleri ulanmaga mekdepde okaýan döwürlerim başladym. Men şol döwürlerde goşgy okap, uly monologlary aýdyp, çärelerde çykyş etmegi halaýardym. Şol çykyşlary gören Ýakup Ymamkulyýew maňa şu ýoldan gidip, halka, Watana hyzmat edip biljekdigimi aýtdy. Ýakup Ymamkulyýew Kaka etrabynda çeper höwesjeňler gurnagyna gatnanymyzda bize ýolbaşçylyk edip, özüniň maslahatlaryny bererdi. Menem şonuň beren maslahatlaryny alyp, ençeme ýyllardan bäri halkymyza, Watanymyza hyzmat edip gelýärin.

Men Mollanepes teatrynda teatr ugrundan açylan okuwy tamamladym. Meni ol ýere okuwa girmegime Aman Kömekow sebäp boldy. Soňra men Daşoguz welaýatyndaky Nurmuhammet Andalyp adyndaky teatra işe girip, ol ýerde 8 ýyllap zähmet çekdim. Ol teatrda bize Aman Gurbandurdyýew mugallymçylyk etdi. Men şondan sahnada nähili çykyş etmelidigini, nämelere üns bermelidigini öwrendim. Şol teatrda 8 ýyl işlänimden soň meni Aşgabatdaky teatra geçirdiler.

1957-nji ýylda 1-nji seýilgähde uly teatr festiwaly geçirildi. Menem şol festiwalda çykyş etdim. Meniň şol çykyşlarymy halap, maňa birnäçe meşhur artistler özleriniň maslahatlaryny berdiler.

– Teatrda görelde alan halypalaryňyz kimlerdi?

 – Olar gaty kän. Men ähli artistlerden özüme gerekli maslahatlary alyp, olardan sahna ussatlygyny öwrendim. Olardan meşhur artistler Sabyr Ataýewany, Sona Myradowany, Suraý Myradowany, Kakabaý Durdyýewi, Durdy Magtymowy, Hommat Çerkezowy, Nurbibi Gutlyýewany, Nurjemal Söýünowany, Liza Garaýewany… aýdyp bilerin. Men olaryň ählisi bilen bilelikde sahnada keşp janlandyrdym.

Bir gezek sahnadaky keşbimi oýnap bolanymdan soň, sahnanyň arkasyna geçenimde Kakabaý Durdyýew meni ýanyna çagyrdy-da, maňa: “Gyzym, sende hakyky artistlik uçguny bar. Sen hiç wagt teatrdan gidäýmegin!” diýdi. Onuň bu aýdanyna meniň depäm gök diredi.

Sona Myradowa bilen “Gelinleriň gozgalaňy” spektaklynda bilelikde oýnadyk. Ol gelinleriň gaýynenesiniň – Permanbibiniň keşbini, men bolsa, gelinleriň biriniň keşbini janlandyrýardym. Wagtyň geçmegi bilen Sona Myradowanyň şol janlandyran keşbini – Permanbibiniň keşbini janlandyrmak maňa ynanyldy. Sona Myradowa diňe spektaklda enemiz däl, durmuşda hem enemiz ýalydy. Men şular ýaly ussat we meşhur artistler bilen bilelikde işländigim üçin özümi örän bagtly saýýaryn.

– Bilşimiz ýaly, Siz beýleki bir halkymyzyň söýýän ussat artisti Aman Gulmämmedow bilen bilelikde işläpsiňiz. Şu barada hem biraz durup geçäýseňiz…

 – Men Aman Gulmämmedow bilen “Ömür dawasy” diýen spektaklda bile oýnapdym. Şol spektaklda Aman aga meniň adamymyň keşbini janlandyrypdy. Men ol wagtlarda 30 hem ýaşamokdym. Ýaşlygyma garamazdan, maňa şonuň ýaly uly keşbi ynandylar. Aman Gulmämmedow hemişe “Kiçi keşp ýok, kiçi artist bar” diýýärdi. Çünki sahnada her bir keşp uly hasaplanýar. Ol sahnada keşp janlandyranymyzda biziň her birimize özüniň düzedişlerini, maslahatlaryny bererdi.

– Siziň pikiriňizçe, sungatda üstünlige nähili ýetilýär?

Meniň pikirimçe, diňe bir sungatda däl, haýsy käriň eýesi bolsaňam diňe halal, käriňe ýüregiňi berip işleseň üstünlige ýetip bolar. Bular seni diňe üstünlige elter.

– Halkymyzda artist ählitaraplaýyn bolmaly diýlen düşünje bar. Siz bu hakda näme diýip bilersiňiz?

Artist hökman ählitaraplaýyn bolaýmaly. Ýöne käbir artistler drama keşpleri, käbirleri tragediýa keşpleri, käbirleri bolsa wäşi – komediýa keşpleri janlandyrsa halkyň göwnünden turýar. Soňky döwürlerde meni diňe degişmelerde oýnadýarlar. Halkymyz hem wäşi keşpleri janlandyryşymy halaýandygyny aýdýar. Ozalrak biziň teatrymyzda dutar hakda bir spektakl goýuldy. Şonda bir drama keşp bardy. Şol keşbi meniň şeýlebir oýnasym geldi. Şol keşbi maňa tabşyrmagyny haýyş edip režissýora aýdypdym. Şonda režissýor men ol keşbi janlandyrsam halkyň maňa güljekdigini, halk meni wäşi keşpde kabul edendigini aýtdy. Soň şol keşbi janlandyrmak meniň ýüregimde arman bolup galdy.

– Siz nämelerden ahmyr edýärsiňiz?

 – Men käşgä 60 ýaşa dolanyp barsadym… Şonda men halkymyzyň göwnünden turjak has köp keşpleri janlandyryp, olara ýetirip bilerdim. Emma häzir saglyk ýagdaýym sebäpli munuň bolup bilmejekdigine gynanýaryn. Dogrymy aýtsam, ýaşymyň ötenine gynanýaryn. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň teatr sungatyny ösdürmek üçin döredip berýän mümkinçiliklerini görüp, ýüregimde has köp işlemäge uly hyjuw bar. Emma muny amala aşyrmaga saglygym we ýaşym el berenok. Şuňa gaty ahmyr edýärin.

– Halkymyz Siziň janlandyran keşpleriňiz bolan Ýalpyl daýza we Ozzy eje keşpleri arkaly tanaýar. Şu keşpler Size uly meşhurlyk getirdi diýip bileris. Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde şol keşpleriň döreýşi hakynda hem aýdyp beräýseňiz…

 – Biziň Tirkiş atly režissýorymyz bardy. Şol teleýaýlymda komediýa oýunlaryny, kinolaryny gaty kän goýýardy. Ýalpyl daýza we Ozzy eje keşplerini hem şol tapdy. Allaberdi Meläýew diýen režissýorymyz hem bardy. Şol hem Emenek bilen meniň sahnalarymyzy goýýardy, hem degişmeleri ýazýardy, hem onuň özü-de käbir keşpleri janlandyrýardy. Şol keşpleri janlandyranymdan soň meniň adymy hiç kim tutmady. Hemme kişi maňa ýa Ýalpyl daýza, ýa Nurbibi daýza, ýa Ozzy eje diýýärler.

– Häzirki artistlerden kimlere tomaşa etmegi halaýarsyňyz?

 – Gülşat Tahyrowanyň, Dilşat Meläýewanyň, Şemşat Kasymowanyň keşplerine tomaşa etmegi gowy görýärin.

– Ýaş artistlere Siz nähili maslahatlary berýärsiňiz?

 – Men olara ilki sahnada birnäçe ýyl işlemeklerini aýdýaryn. Eger sahnada işleri paşmasa, olaryň sahna adamy däldiklerini, başga hünärlerde özlerini barlap görmeklerini maslahat berýärin. Şol sebäpden hem ýaşlara ýüregiňiziň saýlan kärinde halal zähmet çekmeklerini gaýta-gaýta aýdýaryn. Sizden öň bu ýolda geçen halypalary diňläň, olaryň maslahatlaryny alyň.

– Eger artist bolmasaňyz haýsy käri saýlardyňyz?

Men artistlikden başga käri arzuw hem, höwes hem etmedim.

– Durmuşda kynçylyk çekmek-de adamy taplaýar diýýärler. Siz muňa nähili garaýarsyňyz?

Durmuşda kynçylyk çekmek adamy akyllandyrýar, taplaýar. Kynçylyk halal ýaşamagy adama öwredýän esasy zat. Çünki adam diýlen zat elindäki bar zadyň gadyryny diňe onuň ýoklugynda bilýär.

– Artistde hakyky artistlik haçan başlanýar?

 – Artistde hakyky artistlik onuň ýüreginde artistlige bolan söýgi döräp başlan pursadyndan başlaýar. Şol söýginiň yzyndan gidip, özüňi ösdürip, kämilleşdirmek her bir artistlige göwün beren adamyň boýnunyň borjy.

– Ýakynda sungata degişli daşary ýurtly ýazyjynyň ýazan bir kitabynda “Artiste kömek edýän, ony goldaýan 3 kişi bar. Olar Hak, halk we özi” diýlen ýazgyny okapdym. Bu barada Siziň pikiriňizi hem soraýsam…

 – Gaty dogry pikir. Artist Allatagala tarapyndan berlen zehinini dowamly artdyryp, halka hyzmat etmeli. Sahnada keşp janlandyranyňda halkyň saňa bolan duýgusyny duýmagy başarmaly, her bir keşbiňe uly zähmet siňdirmeli, saňa ynanylan keşbiň duýgusyna öz duýgyňy hem goşmaly. Şeýle edilende halk artisti söýýär. Bu durmuşda Hakyň we halkyň söýgüsinden başga uly zat ýok diýip pikir edýärin.

– Söhbetdeşligimizi Siziň ýürek buýsançlaryňyz bilen jemläýeliň

 – Meni şu derejä ýetiren halkyma, meni söýýän tomaşaçylara köp sag bolsun aýdýaryn. Her biriňize Taňryýalkasyn. Şeýle ajaýyp parahat döwürde işlemek üçin, ýaşamak üçin giden mümkinçilikleri döredip Gahryman Arkadagymyzyň hem jany sag bolsun, ömri uzak bolsun!

Orazgül ene, biz hem Size jan saglygyny, ýene uzak ýyllar her birimize halypa bolup, biziň aramyzda bagtly ömür sürmegiňizi tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. Ýüzümize ýylgyryş çaýýan ýüzüňizden hiç wagt şatlyk egsilmesin! Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin hem köp sag boluň!

 

         Söhbetdeş bolan: Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Mergen Annamuhammedow: radio – alypbaryjylar üçin iň uly mekdep

        

Ýene-de okaň

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda