TEHNOLOGIÝA

Oraza hasaplaýjysy: Agyz Beklenýän we Açylýan wagtlar

Agyz beklenýän we açylýan wagtlar haçan? Bu soraglar Oraza aýynda iň köp soralýan  we “Google” gözleg ulgamyndan hem jogaby gözlenýän soraglar! Sanly ulgamyň ösen döwründe bu soraglaryň jogabyny aňsatlyk bilen öwrenmek mümkin!

Ýurdumyzdan iň köp girilýän saýtlaryň sanawynda ilkinji üçlükde, Türkmenistan barada habarlar ýaýradýan saýtlaryň sanawynda bolsa 1-nji orunda durýan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty  hem Oraza aýynda ýurdumyzyň paýtagty we welaýatlary boýunça agyz beklenýän we açylýan wagtlary gündelik Size ýetirip durar. Maglumatlar her gün gije sagat 00:00-da täzelener we şol günki agyz beklenýän we açylýan wagtlary görkezer.

Saýtymyzyň “Atavatan Türkmenistan”  Applikasiýasyny ýükläp alan okyjylarymyz (ýüklemek üçin şu ýere basyň)  günde 2 gezek, her gün irden sagat  04:00-de we her gün agşam sagat 18:00-da paýtagtymyz we welaýatlar boýunça agyz beklenýän we açylýan wagtlary awtomatik görnüşde telefon ekranlaryndan öwrenerler! Surat görnüşde geljek maglumaty isleseňiz ýakynlaryňyz bilen paýlaşyp hem bilersiňiz!

Siz şeýle hem, saýtymyzdan Agyz Beklenýän we Açylýan wagtlary telefonyňyza ýükläp alyp bilersiňiz!

Türkmen we Iňlis dilindäki ilkinji akylly sözlük- Makul Sözlügi  sözlügi ýükläp almak üçin şu ýere basyň!

 

Çagalar üçin sözlük indi “offline” hem işleýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler