JEMGYÝET

Oraza aýynda 1 GB mugt internet

Türkiýe Respublikasynyň ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoğlu ministrlik bilen operatorlaryň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda 81 million telefon abonentine  1 gigabaýt mugt internet bilen üpjün ediljekdigini mälim etdi. Ministriň aýtmagyna görä, bu düzgün Oraza aýyna degişlidir.

2020-nji ýyl boýunça ykjam aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanýan abonentleriň sanynyň 81 milliona ýetendigini mälim eden ministr, häzirki wagtda Türkiýäniň Bilim ministrliginiň EBA ulgamy arkaly okuwçylara teleýaýlym arkaly sapak geçirýändigini, bu babatda ähli hojalyklara 8 gigabaýt internet hyzmatynyň mugt berilýändigini belledi.

Related posts

Hazar’ın hukuki statüsüyle ilgili anlaşmayı onaylandı

vepa

Türkmenistan ve İran gazla ilgili anlaşmazlığı uluslararası tahkimde çözecek

vepa

«Täzeje» «Mersedes-Benz 190»

vepa