BILIM

Onlaýn okamaga isleg artýar

Koronowirus sebäpli käbir çäklendirmeler Gyrgyzystanyň milli kitaphanasynyň gaznasyndaky kitaplary onlaýn görnüşde okaýanlaryň sanyny görnetin artdyrdy ― diýip, «KirTAG» habar berýär.

Bu kitaphana tarapyndan guralan «Açyk elektron kitaphana» hyzmaty dünýäniň ähli okyjylary üçin elýeterlidir. Şeýlelikde, soňky bir aýyň içinde kitaphananyň resmi saýtynyň agzalary 12210 adam artdy. Bu bolsa kitaphananyň şonça okyjysynyň köpelendigini görkezýär. Saýtdaky kitaplar her gün, ortaça, 1500 gerek görülýär.

Onlaýn kitaphanadan peýdalanyjylaryň 86,9 göterimi Gyrgyzystanyň öz raýatlarydyr. Şeýle hem Özbegistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň raýatlary onlaýn kitaphana has köp isleg bildirýärler. Täze agzalaryň agramly bölegi 11 ýaşdan uly adamlardyr.

Esasan, rus, gyrgyz we iňlis dillerindäki çeper eserlere hem-de matematika boýunça gollanmalara has köp isleg bildirilýär.

Related posts

Täsirli geçen aýdym-sazly iňlis dilindäki “açyk” sapagy

Ata Watan Eserleri

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Kataryň uniwersitetleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär