SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Omikron” Russiýa hem aralaşdy

Koronawirus ýokanjynyň “omikron” ştammy Russiýada hem ýüze çykdy. Bu barada Russiýanyň “Rospotrebnadzor” edarasynyň metbugat gullugy habar berdi. Bu ýagdaý Günorta Afrika Respublikasyndan Russiýa gelen ýolagçylarda peýda boldy. Şol ýolagçylaryň 10-synda koronawirus alamatlary ýüze çykaryldy we şolaryň 2-sinde “omikron” görnüşi peýda boldy.

Russiýanyň “Rospotrebnadzor” edarasy bu ýagdaýy gözegçilikde saklaýar we beýleki hassalardaky lukmançylyk barlaglaryny hem güýçlendirdi. Rus edarasy ýurduň ilatyny koronawirusyň täze görnüşinden goramak üçin ähli zerur bolan çäreleri görýändigini mälim etdi.

“Omikron” diýlip atlandyrylýan B.1.1.529 görnüşi Günorta Afrikada, Botswana, Ysraýylda, birnäçe Ýewropa ýurtlarynda we eýýäm ABŞ-da tapyldy. Hünärmenler munuň howp döredip biljekdigine ynanýarlar, sebäbi pandemiýa döwründe alymlaryň kesgitlän we köp sanly mutasiýa saklaýan beýleki ştammlardan has çalt ýaýraýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy B.1.1.529-ny “ynjalyksyzlyk döredýär” diýip kesgitledi we  “omikron” diýip atlandyrdy. Hünärmenler, eýýäm syrkawlanan we sanjym edilenleriň ýokaşyp biljekdigine, alamatlaryň ýadawlykdan başlap, kelle agyrylaryna we beden agyrylaryna çenli bolup biljekdigine ynanýarlar.

Noýabr aýynyň ortalarynda Afrikanyň günortasynda ýüze çykarylan koronawirus B.1.1.529-nyň täze görnüşi eýýäm 30-dan gowrak ýurtda peýda boldy.

Bu görnüşiň has howplydygy göz öňünde tutulyp, Afrikanyň birnäçe ýurduna uçar gatnawlary togtadyldy. Ýewropa ýurtlarynda täzeden çäklendirmeler girizildi.

 

ÝB Owganystanda bilelikdäki diplomatik wekilhana açmakçy

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy