BILIM

Okuwçylara Täze ýyl mynasybetli kompýuterler gowşuryldy

Paýtagtymyzyň orta umumybilim berýän mekdeplerinde hormatly Prezidentimiziň adyndan birinji synp okuwçylara Täze ýyl sowgady hökmünde kompýuterleri gowşurmak dabaralary geçirildi.

Noutbuklara ýüklenen programma dürli öwrediş işlerini ýerine ýetirýär hem-de türkmen, rus we iňlis dillerindäki üç görnüşi özünde jemleýär. Mundan başga-da, täze kompýuterler olaryň eýeleriniň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp öndürildi we lukmançylyk talaplaryna kybap gelýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalaryň sazlaşykly ösmegi we bilimi baradaky alada ilkinji nobatdaky wezipeleriň derejesine çykaryldy. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan hem-de gurulýan öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdepler, çagalar baglary, döredijilik ugurly ýöriteleşdirilen okuw mekdepleri, ajaýyp çagalar sagaldyş merkezleri, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, teatrlar, seýilgähler hem-de medeni dynç-alyş merkezleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly işler geçirilýär. Şol işler ýaş türkmenistanlylara iň ýokary dünýä ölçegleriniň derejesinde bilim almaga elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesillerimiziň işleriň dürli ugurlarynda ýokary üstünlikleri gazanmaklary üçin hemme şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň her ýyl birinji synp okuwçylaryna özbaşdak kompýuterleri 2011-nji ýyldan başlap sowgat berýändigini bellemek gerek.

Bu meseleleriň örän ähmiýetlidigine häzirki dabaralara Mejlisiň deputatlarynyň, bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň we partiýalaryň wekilleriniň gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Şeýle hem çagalary Täze ýyl baýramynyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba we onuň owadan agtygy Garpamyk gutladylar.

Täze ýyl başlanýança kompýuterleri sowgat gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň mekdeplerinde hem geçiriler.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Related posts

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2023-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kandidatlyk dissertasiýal

Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda pars dili boýunça Olimpiadany geçirmek teklip edildi

Ata Watan Eserleri