Nowella
“Sen gyz perzent diýip gynanma, çaganyň ýagty dünýä gelenine begen”.
Köne ýazgylardan
Daşarda ýowuz durmuşdan nalaýan ene möjegiň myrtar uwwullysy ýaly ses eşidilýärdi. Gyş gijesiniň köşeşmeýän bu aýylganç hasraty gorkunç düýş ýaly ýüregiňe wehim salýardy. Ýöne düşekde ýatan zenanyň – entejikler bu owadan dünýede ýaşasy gelýän zenanyň kesilip-kesilip eşidilýän pyşyrdysy has gorkulydy. Oňa gürlemek kyn düşýän bolarly, ol her gezek geplejek bolanda, kükregi aşak-ýokaryk galýardy. Onda-da ol, aýtmaly zadyny doly aýdyp bilmerin gorkusy bilen kynlyk bilen ýuwdunyp pyşyrdaýardy.
– Bu üýtgeşik çaga bor, ol jan girenden soň garynda adaty çagalaryň ýatyşyndan, garyn ukusyny has köp ally… Sen ony gözden salmagyn… Bar indi, enekä aýt, men oň iň soňky ýola ýüzüni göresim gelýä…
Entek enäniň mährinden doly saplanmadygam bolsa, bu dünýeden närza ýaly çagajyk çyr-çyr aglaýardy. Ýöne garabagyr ene inni oň sesini eşidenokdy…
***
Gyzjagaz gowşaksydy. Ejizjedi. Enekeler oň çaga gözleriniň aşagyndaky gögümtik aýtymy görüp oň ikinji gary görüp bilmejekdigini aýdyp gussaly pyşyrdaşýardylar. Ol gorkuly pyşyrdylar Mitirdat şanyňam gulagyna gyltyzyrak degýärdi. Ýöne ol bir gün gyzjagazyň üýşmek parçalaryň arasynda horja ellerini çykaryp ýatanyny görüp entejik oň ýaşajakdygyna gözüni ýetirdi.
Haçan-da gyzjagaz ýedi ýaşanda, Mitirdat şa gyzyna saçyna mazaly ak sepen gartmaç zenany – asly arap ilinden bolan Hanapiýany görkezip şeýle diýdi.
– Şu seň enekäň bolar, sen oňa gulak asmalysyň.
Şol günden başlabam enekesi bilen gyzjagazyň arasynda dostlukly gatnaşyk başlady. Hanapiýa ony dokuz aýlap garnynda göteren gyzy ýaly görýärdi. Gyzjagazam enekesini göwsi bilen ulaldan enesi ýaly. Eneke oňa köşk adamlar bilen nähili gürleşmelidigini, ýazuw-pozuwy, kitaby söýmegi öwredýärdi.
Gyzjagaz enekesiniň aýdyp berýän gürrüňlerini ünsli diňleýärdi. Diňläp bolandan soňam çaga bilesigelijiligi bilen sowal köküni berýärdi. Onuň berýän sowallaryna enekesi gamgyn gözlerini süzüp jogap berýärdi. Hemem agyr oýa batýardy. Hasam ol oň edermenlik hakynda, adalatlylyk barada, hakykaty söýşüne begenýärdi.
Hanapiýada ýeterlik pähim bardy. Ol saçy örüme gelen gyzlaryň owadan ýaglykdyr gülli köýnekleri söýşüni bilýärdi, ýöne Şa gyzynyň olara kän pisint etmän, kitaby söýşüne, erkek oglanlar ýaly okdur ýaýa imrinişine dymmak bilen jogap berip begenýärdi.
Şa gyzy bolsa, garyň aşagynda ýatan maýsanyň Günüň gyzgyn çoguna parlap galşy ýaly barha nurlanýardy. Indi onda zenanlykdan ynsanlyk has köpelen ýaly duýulýardy. Bir günem ol enekesine şeýle sowal bilen ýüzlendi.
– Eýsem, söýgem Hudaýlyk ylmy ýaly ylymmydyr?!
Enekesi şonda pessaý, ýöne düşnükli edip jogap beripdi.
– Ýok, söýgi ylym däldir, ýöne ylymdanam güýçli soraşman gelýän duýgudyr…
Şa gyzy ýene arzuw-hyýalyndan doly saplanmadyk gyzyň sowal berşi ýaly sowal berdi.
– Dogrudanam, Şa gyzy ýetim oglana baryp bilermi?!
– Beýle täsinlik dünýede seýrekdir, ol adamzadyň umytsyz ýaşamazlygy üçin ertekilerde oýlanyp tapylan arzuwdyr.
***
Rodogunada bolýan üýtgeşikligi ýeke enesi Hanapiýa däl, Mitirdat şanyň özem duýýardy. Bir gezek köşk dabarasyna gatnaşan, ýüzi garakçynyňky ýaly, gözleri bolsa ruhanyny ýada salýan ötegçi Şa gyzyny ünsli synlap şeý diýdi.
– Gyz enäniň göwresindekä, oglan düşeginde ýatypdyr…
Bu geň, şonuň ýalam heniz eşitmedik sözüne Mitirdat bir hili bolly.
– Ony nämeden çen tutup diýdiň?
Takwa ötegçi howlukman, parasatly jogap berdi.
– Men ony Şa gyzynyň hereketlerinden görýän…
Mitirdat şol wagt sesini çykarmadygam bolsa, aýaly pahyryň dünýe bilen hoşlaşmazynyň öň syrasy aýdan sözüni ýatlady.
“Ol garyn ukusyny almalysyndan has köp ally…”
Ynha indem oň heniz düwünçekkä oglan düşeginde ýatanlygy aýdýlýar.
Şa Mitirdat oňa kän üns bermän gezdi. Bir gezek bolsa, gyzynda erkek oglanlaryň häsiýetiniň gyz häsiýetinden has köpdügini öz gözleri bilen gördi.
Uly dünýäniň içinde terslin-oňlyn gezýän kerwenler Nusaýda bäş-üç gün ýük ýazdyryp geçerdiler. Şol gün kerweniň Bagdatdan gelen güni Mitirdat şanyň özi, gyzynyň göwün islän zadyny alyp bermek maksady bilen kerwensaraýa barypdy. Hut Şanyň özüniň söwda etjegini bilen täjirler şa gyzydyr Mitirdata gorky gatyşykly hormat bilen seredip, öz harytlaryny hödürleýärdiler.
– Çyn iliniň ýüpek parçasy bar!
– Şahy matalary, owadan gülbentler alyň. Ol Şa gyzyna ýaraşyk berer…
– Kişiniň aýalynyň posasyndanam şirin bal alyň…
Her gezek biri-birinden owadan harytlaryň deňine gelenlerinde, Şa haýsyny halaýaň diýen görnüşde gyzynyň ýüzüne seredýärdi. Şa gyzy olara – gözüň ýagyny iýip barýan harytlara başyny galdyrman, aňtowçy tazy ýaly öz ysyrganýan zadyny aňtaýardy. Ahyry olar her-hili ýarag esbaplaryny satyp duran täjiriň ýanynda saklandylar.
Şa gyzy gözüňi gamaşdyryp duran, altyn zynjyrly, iki ýüzli gamany görkezip şeý diýdi.
– Atam, maňa şuny alyp beräý…
Mitirdat kän wagtlap gürlemän durdy. Soňam gyzynyň ýüzüne seretdi.
– Gyzym, sen maňa ysyrga alyp ber diýmeýäniňi bilýäňmi?
Şa gyzy atasynyň ýüzüne seretmän gepledi.
– Bilýän…
Uly söwdanyň boljagyny bilen täjir durup bilmedi.
– Alyň, gama sap Damaskyň poladyndandyr…
Mitirdat şa gyzyna howatyrly seretdi.
“Oň öňünde näme garaşýarka”
Şa gyzy bolsa, gün geldigiçe barha öz häsiýetini açýardy. Bir gezegem ol, bolaýsa on iki, on üç ýaşly oglanyň çukuryň içinde bolsa-da, daşyna bir topar özi ýaly oglanyň hozanak bolup durşuny gördi. Aýagy gandally ýaş oglan ýörite gazylan garymyň içinden göwresini süýündirip, ak çägäniň ýüzüne bir zatlaryň şekilini çekýärdi. Daşyny gallaşyp duran oglanlaram oň çeken şekiline seredip “O-da, o” boluşýardylar.
Bu görnüş Şa gyzynam özüne çeken borly, ol at başyny çekip atasyna ýüzlendi.
– Ata gör ony, oglanyň aýagy gandallam bolsa, bar oglany daşyna ýygnapdyr. Eger oň aýagyndaky gandalyny aýraýsaň gör näçe adamyny daşyna ýygnar?!
Mitirdat şa sesini çykarmasa-da, gyzyna pikirli seretdi.
– Ata, meň oň näme üçin aýagyna gandal salanlaryny bilesim gelýä.
Bu gezek Mitirdat jogapsyz goýmady.
– Günäsi bar bolany üçin gandal salandyrlar. Görseň ol at ogrusymydyr, ýa talaňçymydyr. Soňky bir döwür halk halys başyna gitdi. Bular ýalyň gözüniň oduny alyp berkiräk temmi bermeli…
Gözleri neresse çaganyňky ýaly aýdyň, mylaýym ýüzli ýaş oglan Şa gyzyna bada-bat ýarady. Şa gyzyny gören ýaş oglan aýagyndaky agyr zynjyry şakyrdadyp, oňa başyny egdi.
– Adyň näme?
Ýaş oglan ýüzüni galdyrman jogap berdi.
– Nazary…
– Aýagyňa gandal salarlary ýaly näme günä iş etdiň?
Oglan günäsi geçirmesi kyn bolan günäkär ýaly, çalaja gürledi.
– Damyllamyň göwnüne degdim.
Şa gyzynyň bilesigelijiligi artdy.
– Düşnükli edip barysyny düşündir!
– Meň günäm – men durmuşyň iň kyn ýoluna düşdüm.
O söz Rodogunanyň hasam bilesigelijiligini artdyrdy.
– Öz ýoluňy tapynçaň, durmuşyň ähli ýoly kyn. Seň saýlanyň haýsy ýol?
– Kitaby söýdüm…
Bu söz Şa gyzyny tas tisgindiripdi. Ol zordan şeý diýip billi.
– Onsoň?..
– Men kitaplary köp, onda-da juda köp okamsoň, damyllanyň öwredýän sapaklary maňa gyzyksyz göründi. Bir günem men saklanyp bilmän oňa şeý diýdim.
– Siziň okadýan dersleriňiz meniň üçin beýle bir gyzykly däl. Siz maňa hakykaty aýdýan ylmy öwrediň… Ana, şo sözem aýagyma gandal urulmaga sebäp bolly…
Rodoguna oglana nebsi agyrjy nazaryny sally, şonuň ýalam oň hakykaty söýýänine begendi.
– Gandal aýagyňy agyrdýarmy?
Bu gezek oglan göwniaçyk jogap berdi.
– Ilki salanlarynda agyrtdy. Soň känbir bilmedim. Durmuş bar zada öwrenişdirýän eken…
Soň bu gürrüň atasy bilen gyzynyň arasynda bolanda Mitirdat şa şeý diýipdi.
– Hakykatam, adalatam gara güýçdedir. Kim ýeňse, şoňky dogrudyr. Onsoňam gyzym, sen bir zady hemişe bilip goýgun. Hakykat ynsan yzyndan ýeterden has ýüwrükdir… Atam, adamlaryň hakykaty yzarlananam şoň üçinmikä?
Mitridat şa sesini çykarmady.
***
Şa gyzynyň adalaty, hakykaty söýşi barada indi bazarlarda, Nusaýyň darajyk köçelerinde, kerwen ýollarynda adamlar üýşüp gürrüň edýärdiler. Onuň bi hormata mynasyp iş edýänini hemmeler oňlaýardy.
Bir gezek ol arz jaýynda otyrka duwana pisint bir adam gelip, ilki Şa gyzynyň adyna kän salawat aýtdy. Soňam şeý diýdi.
– Parfiýa imperiýasynyň garamagynda ýaşaýan obalaryň birinde ylym-bilimi ýetik bir takwa goja ýaşaýar. Ýöne ol şeýle danalygyna garamazdan hor-homsy gününi ötürýär. Eger oňa garaşyk edilse ol dünýä kän zatlary berip bilerdi…
Şa gyzy mertleri, namysjaň ýigitleri gowy görşi ýaly, kitaphon adamlaram gowy görýärdi. Olaryň uly dünýäde häki bir gara ýeri basgylap ýörmän yz galdyryp, ertirki gün ýatlanar ýaly iş edýändiklerine guwanýardy.
Şonuň üçin ol däht etmän şol takwa kişiniň obasyna tarap ýola düşdi. Sebäbi köşkdäki şolbir aýdylýan pikirsiz gürrüňler oň ýüregine geregiçe düşüpdi. Ösüp barýan ýaş ýürek düýpli pikirlere atygsaýardy.
Garry aýdylşyndanam ebla eken. Ol Şa gyzyna çalaja nazaryny aýlap, baky uka gidýän ýaly gözlerini süzdi.
Şa gyzy gürrüňi şundan başlady.
– Atam siz kim?!
Garry ýuwaşja gozgandy. Soňam durmuşy bilen tüý bolup duran agzyndan şeýle sözleri çykardy.
– Menem hemmeler ýaly günäli ötüp-ýitip gidýän adamlaryň iň bir bihepbesi…
– Günäňiz näme atam?
Şa gyzy şeý diýip goja tarap süýşdi.
– Özüme ylaýyk pikirdeş tapman dünýeden gitmeli boljagym…
Gojanyň sözi Rodogunany oýlandyrdy. Sebäp olam käte garny dok, eşigi bitinem bolsa, düşnüksiz gama batýardy.
Ol gam düşnüksizdi. Saňa nämedir birzatlar ýetmeýän ýaly bolýar, ýöne nämäniň ýetmeýänini özüňem bileňok. Asla dünýede hemme zat ýadadýan eken. Ýalňyz ýadatmaýan zat süýji gürrüňler… Şonuň üçin ol goja bilen gürrüňleşesi gelli.
- Atam sen hökümdardan gorkýaňmy?
Soňam ol şeýle sowala nähili jogap taparka diýen pikir bilen gojanyň çat maňlaýyna seterdi. Hamana oň aýtjak bolýan pikirini ýuwkatap maňlaýyndan okajak bolýan ýaly.
Bu gezek goja buýsançly owaz ýaly gepledi.
– Men oňa ediljek hyýanatdan gorkýan…
Gojanyň söz oklaýşy Şa gyzynyň göwnünden turdy. Şonuň üçin ol oňa ýene sowal beresi gelli.
– Nädeňde döwleti gowy dolandyryp bor?
Goja bitip barýan ýarasy dyrmalanan ýaly jogaby nagt etdi.
– Her kesi öz başarýan işinde goýmaly…
Gojanyň jogaby Şa gyzyny oýlandyrdy.
Hut şol günüň özünde Şa gyzy bilen şol obanyň kethudasynyň arasynda gazaply gürrüň bolly.
– Sen öz garamagyňda şeýle takwa adamyň hor-homsy ýaşaýanyny näme üçin bilmediň?
Kethuda sakanaklady.
– Men o bir däli-diwamandyr öýdüpdim…
Rodoguna gazaplandy.
– Ol akyldan diwana. Seň ýalyň müň sözünden oň bir sözi telek.
Kethuda düýbünden özüni ýitirdi.
– Günämi aýdyň Melike… Men oňa üns bermän, başga işlere ulaşypdyryn..
Şa gyzy barha gazabyna tutýardy.
– Şeýle adamy bu topragyň ýene näçe ýyldan – elli ýyldanmy, ýüz ýyldanmy berjegini bilýäňmi? Hormata mynasyp adam, dirikä öz gadyrynyň barlygyny bilmeli. Sen bu eden işiň üçin temmiňi almaly borsuň…
Şol gün agşam Mitirdat şa bilen gyzynyň arasynda şeýle gürrüň bolly.
– Atam, dünýeden hemmeler geçip gidýärler. Şalaram, Han-patyşalaram möwrüti dolansoň sowulýarlar. Diňe olaryň akyl bilen eden ýagşy işleri ebedi ýaşaýar. Saňa bir maslahatym bar. Sen bir ýagşy işiň başyny tut-da, bütin älem biler ýaly asylly iş et.
Rodoguna öz sözleriniň atasyna nähili täsir edýändigini biljek bolup, oňa owadan gözlerini aýlady. Mitirdat şanyň ünsli diňläp oturanyny görübem ýene gürrüňini dowam etdi.
– Sen bir heremhana saldyr-da, uly dünýä bir zat berip biljek adamlaryň hemmesini – ýazýanlary, nakgaşlary, seýisleri, senetçi-ussalary, suratkeşi ýygnap, günötelgesini ber… Soňam äleme jar çekdir…
Mitirdat Şa gyzynyň ýeke bir söweş sungaty däl, ähli inçelikleri nazaryndan sypdyrmaýanyna ata hökmünde guwanýardy. Şonuň üçinem ol gyzynyň bi teklibi bilen bada-bat ylalaşyp, Parfiýa topragynda şeýle işiň ýola goýuljakdygyny äleme aýan etdi.
Ýagşy söz nirede aýdylsa-da ol uly dünýäni gezýär. Şol günden başlabam Şa gyzynyň bi teklibi uly dünýä ýaýrap, zeminiň çar künjeginde hor-homsy ýaşap ýören bilinmeýän ýazarlar, nakgaşlar, suratkeşler ýene-ýeneler niredesiň Parfiýa topragy diýip geldiler.
***
Rodoguna söweş tilsimini – naýzalaşmak, gylyçlaşmak sungatyny kemsiz öwrenipdi. Şonuň üçin ol gözsüz batyrlary, mert ärleri gowy görýärdi. Şonda-da ol, namysjaň ýigitleriň hasam namysyny berkitmek üçin uly bir depäniň üstüne çykardy-da, şeýle sözleri aýdardy.
– Biziň zamanamyzda namysjaň ýigitler az. Bu erbet zat. Has erbedi bolsa, biziň onda-da ýaşap ýörenimiz…
Soňam ol sözüniň üstüni ýetirip şeý diýdi.
– Kimde-kim düýnki söweşde tapawutlanan bolsa, meň ýanyma – ýokaryk çyksyn. Bilmedigem ho-ol aşakda dursun…
Bu söz tenini bilýän ýigitleri oda sokýardy. Şoň üçin söweşde edermenlik görkezip bileňde – Şa gyzynyň golaýynda oturmaga hemmeler arzuw ederdi. Şoň üçinem olaryň bary gözsüz batyra öwrülerdi.
Rodoguna bolsa ýeke namysjaň ýigitlerini däl, söweň atlaryňam synasyna düşen ýaralaryna seredip:
– Bu janawerleriň şöhradam endamyna düşen ýaralar bilen ölçelnändir – diýýärdi.
Dogrudanam, at janawerler batyr oguzlar ýaly söweşde gözsüzdi.
***
Dünýede şeýle zatlar bolup geçýärkä oguz topragynyň bir gyrasynda – asmanyň sähralar bilen birigýän ýerinde kiçijek külbede ene-bilen ogluň arasynda şeýle gürrüň gidýärdi. Ene hemme eneler ýaly ýuwaş, ýöne düşnükli edip ogluna şeýle diýýärdi.
– Oglum, adamzat dünýä ýaşamak üçin däl-de, yz galdyrmak üçin gelýändir. Seňem ýanbaşyňdan hanjar asjak ýaşyň dolupdyr. Sen bi ýerde güýmenip ýörme-de, külpetli topragy – oguz topragyny gora, Şa gyzyna nöker bol.
Atynyň üstünde niredesiň Nusaý diýip ýüzüni aşak salyp barýan ýigit – Arşak şu zatlar hakda oýlanýardy. Ýol bir öwrüm edýärdi-de, göni Nusaýa tarap gönügýärdi. Ýoluyň gytaklan ýerinde ýigit iň soňky ýola yzyna seretdi. Ho-ol aňyrda ejesi entegem ogluny nazaryndan sypdyrman seredip durdy.
Arşak bi ýerdede gününi pozzam oýnap geçirmändi. Ol her haýwanyň häsiýetine görä özüçe söweş tilsimini öwrenipdi. Syrtlanlardan ýapyrylyp bökmäni öwrense, gorkajyk towşandan täsin böküşi öwrenipdi. Şonuň ýalam möjekden wehimsizligi sapak edinipdi. Sähra bürgüdindenem erinligi öwrenipdi. Ýüwrüklikde-de aty – Jygalygara oňa köp zatlary öwredipdi.
Arşak çepbekeýdi. Ol çep eli bilen çemçäni tutansoň ejesi oňa telim ýola igenipdi. Ýöne, şol çepbekeýlik gylyjynyň baljygyny ýazdyranda uly üstünlik getiripdi.
Arşagyň bi täsin söweş sungaty uly goşun bilen bilelikde Şa gyzynyňam gulagyna ýetipdi. Şonuň üçin şu gün ol şol söweşijini görmek üçin lybasyny üýtgedip ýörite oň garşysyna çykdy.
Özüne tarap topulyp gelýän urşujyny gören Arşak adaty edişi ýaly gylyjyny sag eline alyp bulaýlady. Şa gyzam edil şonuň ýaly etdi. Anha, indem olar biri-birine tarap ýapyrylyşyp barýalar. Şa gyzy golaýlaberende Arşak sag elindäki gylyjy çalasynlyk bilen çep eline geçirip, gyza tarap batly salgady. Beýle zada garaşmadyk Şa gyzy zähresi ýarylan ýaly bolup zordan gylyçdan sowlup ýetişdi. Ýöne, gylyjam hakyny alman galmady. Ol gyzyň tuwalgasy bilen bile bir gysym çokulynam küpürsäp duran ýere gaçyrdy. Gylyç soň ýene-de ýokaryk galanam bolsa, ol ýigidiň özünden biygtyýar aşak sallandy. Sebäp onuň gözüniň öňünde ajaýyp gözli, saçlary seçelenip duran Rodoguna durdy. Ýöne Rodoguna naýzasy bilen aňyrdan batly gelşine ýigidiň ýüreginiň ýokar ýanna kiçiräjik, ýöne hiç wagt ýitip gitmejek çukurjygy emele getirdi. Geň zat. Naýzanyň ujy kükrege çümenem bolsa, ol agyrtman ýigidiň özüne-de düşnüksiz bolan bir duýgyny oýardy. Bu duýgy oňa soň-soň ýyllaram, tä ömri ahyr bolynça ondan aýrylmady…
Şa gyzy agzyndan şeýle sözleri çykardy.
– Urşujy, näme üçin söweşi dowam etdirmediň?
Ýigit müýnli pyşyrdady.
– Meniň gylyjym Şa nesline batyrynmaz…
Gyz öňküsindenem gaty haýkyrdy.
– Men köşkde Şa bolsamam, söweşde ýönekeý urşujy. Şonuň üçinem sen öz günäňe görä temmi almaly borsuň…
Öwezmyrat ÝERBENDI.