HEKAÝALAR

Nurly gije

                                                                          Hekaýa

         Kerwen uly dünýäniň içinde terslin-oňlyn ýöräp, ahyry ýüzüni Dehistana tarap öwürdi. Kerwen bilen bile gelýän adamlar biri-birine gören-eşiden zatlary hakynda joşgun bilen gürrüň edişýärdiler. Diňe kerwende burundyr gulak bereketi berlen adam – bykyny kelte kerwenbaşy bi gürrüňlere goşulman geçen ýylky bolan wakany ýadynda aýlaýardy.

Kerwen geçen ýylam häzirki öňünden çykjak obada bolupdy. Hemme obalarda bolşy ýaly, bu obada-da  kerweni ilki ýalta itlerdir oglanjyklar garşy alypdy. Oglanjyklar ýerli-ýerden uly adamlardan eşiden sözleri bilen kerweni garşylaýardy.

– Çemmeriňiz berkmi?

– Ýüpüňiz pugtamy?

– Ýüküňiz abatmy?

Täjirler bu mylaýym ýüzli oglanlara hoşamaýlyk bilen garap, olaryň her bir aýdýan sözlerine uly adamlara aýdýan ýaly jogap berýärdiler. Käbirleri bolsa öz söwaalarynyň küşat bolany üçin bir takga şekerrek igdäni olardan gysganman jomartlyk edýärdi. Soňam olar düýeler dyzyny ependen öz täjir häsiýetleri bilen bar bolan  gülbentlerini hödürleýärdiler.

– Kime Çin welaýatynyň parçasy gerek?

– Hindiniň misden ýasalan kündigi bar!

– Eýran halysyna hyrydar bolanlar bärik gelsinler!..

Kerwenbaşy bolsa öz harydyny küýseýän adamyny gözleýärdi. Ol hemme obalarda seýrek bolşy ýaly bu obadada seýrek bolarly. Henize çenli şol harydy sorap gelýän adam ýokdy. Birdenem  gözleri çaganyňky ýaly aýdyň mylaýym ýüzli ýigdekçe oňa gaty kän wagtdan bäri garaşyp ýören sowalyny berdi.

– Atam, sizde köne kitaplar ýokmy?

Kerwenbaşy özüniň algyr gözleri bilen oň ýüzüne seretdi.

– Kitaby näme etjek?

Oglan ýuwaşja, ýöne düşnükli jogap berdi.

– Kitaby okasaň uly dünýä syýahat eden ýaly bolýaň…

Kerwenbaşynyň gözi ýitelen ýaly boldy. Ol şeýle sowala gaty kän ýyllardan bäri garaşýardy.

– Ogul, kitaby soraýaň weli sowatlymyň?

Oglan başyny atdy. Kerwenbaşy ýene ony yralap gördi.

– Aslynda sowat diýlen zadyň nämedigini bilýäňmi?

Bu gezek oglan dogumly jogap berdi.

– Onuň kellä geýerden agyrrak telpekdigin-ä bilýän…

Oglanyň bu jogaby kerwenbaşyny has odukdyrdy.

– Çaýkanyp duran uly dünýede her kim garabaşyny goramak üçin gylyçdyr galkan satyn alýar. Sen bolsa…

Oglan has-da agras häsiýete geçdi.

– Gylyçdyr galkan bilen dünýäniň gohuny ýatyryp bolmaz. Ömür gykylygy ýatmaýan dünýäni düzetjek bolsaň her kim ilki özüni düzetmeli.

– Oglum, seň başyň ýaşam bolsa, bilýän zatlaryň kän eken.

– Ýok atam, men her gezek öň görmedik kitabymyň gatyny açamda özümiň uly dünýäniň syrlaryndan hiç zady bilmeýänligim aýan bolýar.

Kerwenbaşy kerweniň üstündäki uly sandygy açyp, oglanyň öňünde goýdy. Oglanyň gözi jöwherlenen ýaly boldy.  Sandygyň içi her hili kitaplardan doludy. Olaryň galyňam bardy, ýuwkasam. Şonuň ýalam könesem bardy, täzesem. Oglan uzak wagtlap olary synlap, daşy mäkäm jitlenen kitaba elini uzadanda kerwenbaşy begençli gürledi.

– Oglum, sen bulaň gymmatyny soraman goluňy uzadaýdyň-la?..

Oglan gowşady.

– Atam, bularyň bahasyna ýetip bolmaýa. Sen aýt, näme bermeli? Eger isleseň men egimdäki donum bilen aýagymdaky täzeje dolagymy bereýin. Eger ony az görseň başymdaky tahýamam seňki…

Kerwenbaşy köpmanyly ýylgyrdy.

– Gel ikimiz şert edeli! Men indiki ýolam dolanyp gelinçäm sen kitabyň many-mazmunyny öwren-de, maňa aýdyp ber. Belki donuňdyr dolagyň özüňde galar.

Şol döwürler bir zat ýoň bolupdy. Niçikmi ýaş oglan ussadan özüne jöwher pyçak edinesiniň gelýändigini, ýöne harajatynyň ýetmeýänini aýdanda, ussa oňa şeýle şert goýardy: “Bolýar, ýanyňa ýoldaş hökmünde men saňa jöwher pyçagy eçileýin. Ýöne bir şert bilen – onuň tygy dosta uzamasyn, onsoňam sen ony ýitirmeli dälsiň. Eger ýitiräýseň, öwrülip jöwher pyçak biliňde görünmez”.

Onsoň jöwhere hyrydar bolan ýigit donuň üstündäki kendir guşaga jöwher pyçagy gysdyryp gezerdi. Diňe ýatjak bolanda ony ýassygynyň aşagyna salardy.

Ýene şonuň ýaly ýüzüne almaz suwy çaýylan Damask poladyndan ýasalan gylyja heniz eňegine päki degmedik oglan hyrydar bolsa, ussa oňam öňünde şeýle şert goýardy: “Söweşde gorkup, gylyjy eliňden gaçyraýmagyn. Gaçyraýsaň, özüňdeneme beter il-günüň utanar”.

Onsoň ýigdekçe gözüne urlan ýaly söweşe girerdi. Birden imany dolup, atyndan agaýsa-da, elindäki gylyç ýere gaçmazdy.

***

Kerwenbaşy şol zatlar hakynda pikir edip barşyna ýigdekçäniň berjek jogabyna howlukýardy. Hanha-da obanyň itleriniň sesi eşidilip başlady. Ýene şol öňki-öňkülik. Adaty bolşy ýaly adamlar kerweniň daşyna hümer boldular. Ynha-da şo gözleri çaganyňky ýaly aýdyň oglan. Ol kerwenbaşa hany nätdiň diýdirmän gözlerini çalaja süzdi-de töweregi owazlandyrdy.

Depderler içinde bir kitap gördüm,

Kasasyl-enbiýa atly ýaranlar.

Hezreti ýusupny beýan eýläli,

Kyssasy şekerden datly, ýaranlar…

 

Ýigdekçe goşgyny owazlandyrdygyça kerwenbaşynyň barha gubarlaşýan jigeri ýigdelýän ýaly bolýardy. Oglanyň zybanyndan bolsa kerwenbaşynyň öň eşitmedik şygyrlary garaňky gijäni barha ümsümleşdirip, ýitirim çöle siňip gidýärdi.

 

Ýedi ýaşda gördi Ýusup bu düýşi,

Ýaranlar ajapdyr Allanyň işi.

Rawyl, Neptun atly oldur gardaşy,

Ýusupyny çaýa atdy, ýaranlar…

 

Kerwenbaşynyň gaty köp wagtlardan bäri şeýle sözlere atygsan ýüregi oglanyň öňünde pagyş-para bolup, sözläp başlady.

– Oglum, dünýede okap ýalňyşan adam ýokdur. Sen ylmyň-bilimiň üstüňe gelerine garaşma-da, özüň olary agtar. Adam uly dünýäni gördügiçe şonça-da köp zatlary bilesi gelýändir. Dünýä bolsa uly syrdyr. Sen hindi iline git. Ol ýerde Lakaşmileriň, Grişanlaryň, Sinhleriň dünýä goýup giden ýagşy sözleri bilen tanyş bol. Olar ummandanam uludyr.

Kerwenbaşy şü sözleri aýdýardy. Hemem haýsydyr bir zady ýadyna saljak bolýan ýaly gözlerini süzüp pikire batýardy. Ýaş ýigit bolsa bi täsin garrynyň indiki aýtjak bolýan sözlerini maňlaýyndan okajak bolýan ýaly onuň çatmaňlaýyna seredýärdi. Kerwenbaşam öz sözleriniň oglana nähili täsir edýänini biljek bolup käte gyýtmak gözlerini oňa tarap aýlaýardy. Birdenem ol ümsüm gijäni ýaňlandyryp, assaja hiňlendi.

 

Mundan hindi ile barsaň,

Al-Mahtuby ýüzňe sylsaň,

Erenlerden pata alsaň,

Ýoluň aýdyň bolar ogul…

 

         Ýaş ýigit hopugyp gürledi.

Atam, Al-Mahtup näme? Lakaşmiler kim? Hindi ili nähili il?

Kerwenbaşy şeýle sözlere agaraşýan borly. Ol oglanyň mähirli gözlerine garap sözüni dowam etdi.

– Lakaşmiler sözlerini uly dünýä ýaýradan adamlardyr. Ýagşy sözüň nirede aýdylandygy hökman däldir, ol uly dünýäni gezýändir. Ana, olaram öz sözlerini dünýa ýaýradyp bilen adamlardyr.

Al-Mahtup bolsa dünýä ylymlarynyň jemlenen ýeridir. O ýerde ile aýan bolmadyk älem syrlary ýatandyr.

Ýaş oglan heniz ýola düşmänkä özüne näbelli bolan ýurt, nätanyş adamlar özüne tarap goluny bulap duran ýaly bolýardy.

 

***

Şol nurly gije – symgylt ýyldyzlaryň şöhlesi düşýän ajaýyp gije oglan başga-da kän-kän şygyrlary aýdypdy.  Düýnki ýagyşa ýuwlan altyn Aýam hamana oglanyň şygyrlaryny eşitjek bolýan ýaly barha bärik süýşýärdi. Kerwenbaşy bolsa oglany özi bilen bile äkidip, onuň sesini uly dünýä eşitdiresi gelýärdi.

***

Tükeniksiz ýollar irginsiz tukatlykda, jümle-jahandan üzňe, bir almany iki bölen ýaly meňzeşlikde geçip durdy. Birden dagly obanyň gyrasynda iki atly keserdi. Atlylaryň bolşy herseňidi. Olaryň gürze sakgallysy agyr goluny galgadyp hemle gatyşykly buýruk bilen gürledi.

  –   Ýigit, Akdüşelgä bar! Ol ýerde uly mesele çözülýä. Bi şu ýeriň Hanynyň buýrugy, oňa ötegçi-beýleki hemme tabyn bolmaly!

Dag obasy uly bagçylyga bürenip otyr. Ol dagarjyk jülgäniň gyrasynda ýerleşýär. Jülgäniň içi bütinleýin bolmasa-da garaňky. Diňe onuň derä çykýan ýerini gündogar gijesiniň gara çadyry örtmändir. Golaýjak bir ýerde çeşmäniň mylaýym sesi eşidilýär. Ol hamala gyz jorasyna öz söügülisi hakynda gürrüň berýän ýaly diýseň asuda.

         Akdüşelge diýlen ýere eýýäm bir topar adam ýygnanypdyr. Ortarada uly ot gübürdäp ýanýar. Ýokarda – agaç kürsüniň üstünde doňdurlan heýkel ýaly Han otyr. Onuň gyýtmak gözleri hemme zady görýär. Taýak atym beýlede ýaş Melike iki eli bilen ýüzüni tutup otyr. Onuň süýem barmagy bilen orta barmagynyň arasyndaky oýjumakdan gözýaşy syzylyp çykýar. Ol kepän dodaklaryny ökünçli ýalap, mähellä nämedir bir zatlar diýip pyşyrdaýar. Zenanyň gözleri owadan hemem iňňän manyly. Onuň timar berlen ýüzi lapykeçlik alamatyny berýär. Hanyň goluny galdyrmagy bilen wagyrdy ýatdy.

– Bu zenan meniň aýalym… Ol günä iş edipdir…

Han birden saklandy-da, yzyny aýdasy gelmeýän ýaly ýaýdanjyrady. Soňam öňkä görä ýuwaşyrak gürläp, sözüni pessaýlyk bilen dowam etdi.

  – Onuň günäsi… kör adamyň ýanynda ýüzüni açypdyr…

Märeke daňydan boşan ýaly bolup gygyryşdy.

– Melikede günä ýok…

– Goý, jedel dogry çözülsin…

– Melikäni günäli bilinmeli däl. Sebäp ol ýüzüni açanam bolsa, kör biçäre ony gören däldir…

– Diwany dogry kesmeli…

– Hak söz…

          Han goluny göterip, ýüzüni gamaşdyrdy. Ol onuň närazylygyny aňladýardy.

  – Meniň barha berçigýän göwnümi rahatlandyryp biljek başga adam ýokmy?

Märekäniň gyrasynda duran iki sany derwüşiň gözler batyly ýüzüni asmana tutup, şeýle diýdi.

– Melike ýüzüni açanam bolsa meniň ýagty dünýäni görüp bilmeýşim ýaly olam batyl bendäni gören däldir…

Mähelle ýene gozgalaňa düşdi.

– Hak söz. Garry derwüş hyrkasyna halallyk bilen dünýäniň tozuny siňdiripdir.

O sözem Hany kanagatlandyrmadyk bolarly. Ol kör derwüşiň ýanynda duran ýaş derwüşe ýüzlendi.

– Eý Allanyň ýerdäki kölegesi! Sen azaply ýollaryň içinde içiňi hümledip gezen mahalyň şeýle çözmesi kyn bolan matal duçar bolupmydy? Batyl derwüşiň aýdýany rastmydyr?

Ýaş derwüş bir ädim öňe ätläp şeý diýdi.

– Men goja derwüşiň aýdýan zatlarynyň hemmesi bilen ylalaşýan – Melikede hiç-hili günä ýokdur.

Han hiç zat gürlemän ýüzüni sallanda ýaş ýigit ardynjyrady. Hanyň nazary oňa düşüp şeý diýdi.

– Ýaş ýigit, siz kim ýa sizem derwüşmisiňiz?

– Men derwüşleriň goluna suw akydýan ýumuş oglany.

– Siz näme diýmekçi?

– Melike günäkär…

– Düşündir…

Hamala şeýle şerte razy däl ýaly Hanyň sesi azmly eşidildi.

– Ol kör kişi ony görmedigem bolsa, ýaş Melike batyl bendäni görüpdir…

Han ýerinden syçrap turdy.

– Eý Hudanyň ýerdäki ýegi, siziň sözüňiz makul. Siz ýumuş oglanam bolsaň ýene bir hakylaty – çyn derwüşiň sözüni aýtmaly borsuňyz.

Ol şeý diýip agaja saralgy hebeşe goluny uzatdy.

– Bu adamyň eden günäsi ýaşan gününden kän. Oňa hiç hili rehim edip boljak däl… Ýöne ol şeýle ýaramaz adam bolsa-da, siz meniň ýüregim ynjalar ýaly oňa ýagşy sözüňizi gysganmaň. Sözüňiz hakykata golaý gelsin…

Mähelläniň içinde hyşy-wuşy köpeldi.

– O nähili beýle bolýa?

– Öz-ä günäkär, ýene-de…

– Biz-ä düşünmedik…

Birhaýukdan soň ýaş oglanyň sesi eşidildi.

– Oňa iň ýagşy dileg – çaltyrak panydan gitmegidir… Ol näçe köp ýaşasa, şonça-da köp günä gazanar…

Bu gezek märekäniň hasam gowry artdy.

– Gör-ä muny…

– Ýadyňa-oýuňa düşjek zat däl…

– Men-ä gürlejek däl…

Hanyň ýeke ýüzi däl, gözlerem gülýärdi.

– Ýumuş oglany, sen ýaş, ýaşlygyňa garamazdan Alla saňa ýeterlik pähim beripdir. Şeýle-de bolsa sen aýt, geregiçe ýuwaş, şonuň ýalam gaharjaň Handan – menden gorkýaňmy?

Ýaş ýigit şu gezek säginmän jogap berdi.

– Men Hana ediljek hyýanatdan gorkýan.

Bu sözem Hanyň göwnüne ýaran bolarly. Birdenem sary çadyryň içinden bulutlary böwsen ýyldyrym ýaly sazyň sesi eşidildi. Saz näzikidi, şonuň ýalam şirindi. Owaz mähelläniň kalbyna siňensoň, indi lal açan dünýe bilen ylalaşyp hemmeler dymýardy. Birdenem ýerden çykan ýaly gamgyn ses eşidildi.

– A-a-a-a-a-a-a….

Owaz öňem alasarmykdan aýňalyp bilmän duran mähelläni şeýle bir jadylady weli, indi duranlar özüne-de, bütin dünýäde, hat-da ýap-ýaňyja günäli bilnen gara hebeşede nebsi agyrýan ýaly agyr dymýardy. Näziksow ses bolsa, kä beýgelýärdi, käte-de peselýärdi. Melul bolup duran Hanyň sesem indi owaz ýaly bolup eşidilýärdi.

– Ýaş ýigit, ýör men seni ýol azabyndan dyndaraýyn…

Olar tirkeşip sazyň çalynýan ýerine – ertekileriň döreýän ýerine ugrady. Ýukajyk tutynyň aňyrsynda gyz otyrdy. Elinde-de äpet saz guraly. Gyz ýigdekçäni görüp nähilidir bir gamgyn owaz bilen – owazdanam gamgyn ses bilen hiňlendi.

 

Nähilidir bir sebäp bilen,

Neüçin sen maňa berildiň ömür…

Gyzyň elindäki gödeňsu guralam şol sözleri aýdyň edip perdeleriň arasyndan çykardy. Ýaş ýigit aýdymy gyzyň kiçidilini görüp – alkymyna baryp diňläsi geldi. ýöne kän günlerden bäri gara ýeri basgylap ýören ýaş ýigidiň aýaklaryna ýumşak halynyň üstünde ýöremek kyn düşýän borly. Ol tas büdräpdi. Çadyryň içinden bolsa nähilidir bir hoşroý ysa garylan – ýaş ýigidiň gaty köp wagtdan bäri burnuna kaklyşmadyk ysy – zenan ysy gelýärdi.

Perzent üçin hemişe süýdüň ysy gelip duran enäniň goltugyndan başga hiç hili ys almadyk ýaş ýigidi çadyrdaky ys melul edip ugrady. Han ýaş ýürek ertekä dyzar öýütdi. Ýöne erteki otarylmady. Ol birwagtlar ejesiniň uly ýola salanda maňlaýyndan ogşaşy ýaly, gyzyň çalaja çygjaran maňlaýyndan öpdi.

Han-ha, ýaş oglanyň ap-ak sellesi hamana howanyň ýüzünde gaýyp barýan ýaly barha daşlaşmak bilendi. Sary çadyryň içinden bolsa gamgynlyk bilen gyzyň sesi eşidilýär.

– Gitme… gel men seni bagtdan gandyraýyn…

 

***

Dag ýurdy oguz sähralar ýaly däl. Bu ýerde bar zat garasöýmez nazar bilen seredýär. Daş-töwerek, hemme ýer gara daş. Göwnüňe bolmasa bar ýeri gara daşlar eýelän ýaly. Ýüregiňe ýalňyz teselli berýän zat, şu ýerde – gara daglaryň depesinde bürgütleriň ýaşaýanlygy. Ýöne olaram iýjek höreklerini kösenip tapýar.

Ýaş ýigit indi üçülenji gün dag ýodasynyň içi bilen barýar. Öňki bolup geçen wakadan doly aňalyp bilmedik ýigdekçäni bi duçar bolan zady hasam heýjana saldy. Ýigdekçe obada bir şumlugyň bolandygyny adamlaryň ýüzünden aňdy.

Olar biri-biri bilen ýuwaşja pyşyrdaşyp, üýşüşip duran märekäniň ýanyna barýardylar. Ortarada başy açyk, aglamakdan ýaňa ýüzi çişip giden zenan maşgala durdy. Onuň iki eli bilen garnyny tutup, iki egni bilen sojap dem alşy aýynyň-gününiň dolandygyny, bu gün bolmasa ertir myhmanyň ýagty dünýä geljekdigini aýdýardy.

Märekäniň gahary ýetjek derejesine ýeten borly, olar  “el degirmedigiň eli kesilsin” diýlen ýaly, biri-birine gezek bermän naçara hüjüm edýärdi.

– Azzuhur – (güller diýmek, obanyň ady) entek beýle zady görmändi.

– Masgaraçylyk…

– Obamyza ysnat getirdi…

Zenana bir zatlar-bir zatlar diýýärdi, ýene sözüni diňlemänsoňlar, bar gaharyny didelerine berip, eginlerini silkýärdi. Arasynda-da, diňşirgenip çalaja bükülýärdi. Onuň bolşuny synlap duran mähelle hasam möwç alyp gygyryşýrdy.

  • Obadan çykarmak gerek…
  • Goý ol nirede dogursa şonda dogursyn.
  • Bu tüýs betnamçylyk…

Naçar hamana golundan tutup idenekledilip barylýan ýaly çirkin ses bilen gygyrdy.

  • Getiriň Gurhany, ätläýin… Men… Men ak çägelerdenem tämiz…

Bu söz duranlaryň hasam pytalasyny tutduran borly.

  • Biz gözümiziň gören hakykatyna ynanýas…
  • Garny burnuna degjek bolup dur – bu bolsa, akja guş boljak bolýa, päheý…
  • Düýä münen hataba bukulyp bilmez…

Naçaryň gözi del ötegçide – ýaş ýigitde eglendi. Ol ylgap gelşine onuň öňünde çöke düşüp hossaryny gören çaga ýaly aglady. Soňam özelenip oňa şeýle sözleri aýtdy.

  • Eý ötegçi, obam maňa ynananok, sen beri meni diňle. Şu ýerde meniň çigit ýalam günäm ýok… Men şuny Günüň ýaşyp barýan çagy aýdýan…

Ýigdekçe nämä-näme bolýanyny biljek bolup töweregine seretdi. Soňam naçaryň didelerine garap çalaja pyşyrdady.

  • Alla keremdir, uýam…

Kimdir biri gaharly, ýöne düşnükli edip düşündirdi.

  • Naçaryň adamsynyň kerwen bilen çaptyşyp obadan çykyp gidenine iki ýyl boldy. Bu bolsa… Men akdyryn diýýä…

Ol gaharyna ellerini salgap beýlesine öwrüldi. Duranlar ýaş ýigidiň birzatlar diýerine garaşyp agyr dymdy. “Bu bar, goňşudan oklaw alyp gel” diýlen ýaly däldi. Gürrüň adamyň ykbaly bilen baglydy. Agyrdy. Şonuň üçin ýigdekçe entegem geplemän dodaklaryny pugta ýumup durdy.

Ýaş ýigit ahyry aýgyt etdi.

  • Garaşmak gerek… Çaganyň dogaryna garaşyň. Eger onuň agzynda diş bar bolsa, naçary günälemäň…

Kimdir biri durup bilmän gaharly gygyrdy.

  • Diş bolmasa?..

Ýaş ýigit gürrüňini dowam etdi.

  • Ýapyşak diýip bir zat bar. Ol enäniň garnynda galyp, birnäçe wagtdan soň oňa jan girip bilýä…

Bu söz märekäni öňküdenem beter dartgynly ýagdaýa saldy. Ahyram adamlar biri-biriniň ýüzüne seredip, närza halda dargamak bilen boldular.

Kimdir biri dözümli şeýle sözleri aýtdy.

  • Ýöne çaga obamyzda dogmasyn…

Bu berk aýdylan söz hemme kişini kanagatlandyran ýaly boldy. Naçaryň bir özi galdy. Mähelle dagandan soňam ol kän oturdy. Ahyram tolkun atyp duran ak çägeleriň ýüzünde aýak yzlaryny galdyryp, selin tümmekleriň aňyrsynda gözden ýitdi…

Şol gije ýaş ýigit uklamady. Başga-da ýatmadyk bolan bolsa gerek. Agşamyň asuda ümsümliginde her bir ses magat eşidilýärdi. Gorkuly asudalyk öz ümsümligi bilen ýüregiňe dalaş salýar. Asmanda Aý bar. Dag gerişleriniň üstünden öwüsýän güýz aýynyň sergin şemalynyň astynda giň sähralyk meýmiräp ýatyr. Daňa golaý ýaş ýigit özüniň näme edýänimi bilmän, bolan işiň çözgüdine garaşýardy.

Säher gijäniň elinden ýaňy sypypdy. Daňdanyň ümüş-tamyşlygynda kimdir biri gülýärdi. Bu şody. Ol ýaş ýigidi görüp zenan uýaljaňlygy bilen ýöwseljiräp ýylgyrdy.

  • Bu sizmi, halasgärim?..

Ol şeý diýip gamgynyrak, mähirli öwüşgini bolan gözlerini goltugyndaky bäbejigine dikdi. Naçaryň agzy merdemsidi, şonuň ýalam çagalaryňky ýaly näzikdi.

  • Gelin görüň, ynha bäbejigimiň agzynda birem däl, iki sany dişjagazy bar. özem oglanjyk…

Zenanyň sözlerinden bir gowy zadyň ysy gelip duran ýalydy. Ýaş ýigit oňa tarap ýöneldi. Ümüş-tamyşlygam bolsa bäbejigiň agzynda iki sany dişjagaz agaryp görünýärdi. Naçaryň aýalaryndan bolsa güýz topragynyň hemem ene süýdüniň ysy gelýärdi. Ýaş ýigidiň gözüne bu ýerdäki – çolalykdaky durmuş behiştdäki ýaly şirin göründi. Asmanda sönüp barýan iň soňky ýyldyz sandyraýardy. Zenanyň ünsli hem asuda gözleriniň nazaryny suratlandyrar ýaly däldi. Oba tarapda mallary örä alyp barýan çopanyň nalyşly aýdymynyň sesi gelýärdi:

– Hiç kimiň çekmäge ýetmez mejaly…

Aýdym kesekiňkem bolsa, ezizdi…

Öwezmyrat ÝERBENDI.

                                                                           

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)