SIZDEN GELENLER

Nesilleriň bagtyýarlygy ugrundaky aladalar

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynda:«Çagalary heniz olar mekdebiň bosagasyndan ätlemänkäler, çagalar baglarynda hünärlere ugrukdyrmak zerur. Terbiýeçiler çagalaryň hünärlere höwesi, ukyby bilen gyzyklanmalydyrlar, olara dürli hünärleriň aýratynlygy, gymmaty barada düşünjeleri bermelidirler» diýip belleýär.

Şu nukdaýnazardan hem milli bilim syýasatynyň çäklerinde mekdebe çenli çagalar edaralarynda ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, çagalary döwrüň ruhuna mahsus milli terbiýeçilik ulgamynyň däplerine laýyk terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berilýär.Biz hem Sakarçäge etrabynda ýerleşýän «Bagtyýar nesil» atly çagalar bakja-bagymyzda alyp barýan işlerimizde bu ugurdaky döwlet syýasatyndan ugur alyp, terbiýeçilik-usulyýet işlerimizi guramaçylykly dowam etmäge  çalyşýarys.Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmek  babatdaky berýän tabşyryklaryndan, milli kanunçylykdan, döwlet maksatnamalaryndan we meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak ugrunda çagalar bakja-bagymyzda tassyklanan meýilnama esasynda sapaklary, guramaçylyk çärelerini geçirýäris.Çagalar bakja-bagymyzyň toparlarynda terbiýelenýän körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda sapaklarda sowat öwretmegiň häzirkizaman sanlylaşdyrylan usullary peýdalanylýar. Olarda tebigat, terbiýe, hünär, zähmet, döwletli döwür, sagdyn durmuş, ylym-bilim baradaky ilkinji düşünjeler berilýär. Hünärine ussat terbiýeçileriň geçýän sapaklary mazmun we hil taýdan ýokary derejeli bolup, körpeleriň aň-bilim ösüşini gazanmaga gönükdirilendir. Olaryň ruhy ahlak taýdan arassa, berk bedenli, zähmete ukyply bolmaklaryny gazanmak boýunça dürli çäreleriň toplumy guralýar.Ýeri gelende bellesek, çagalar bakja-bagymyzda göwnaçmalar, bäsleşikler, gezelençler netijeli we talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Bagymyzyň körpeleri etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde hem ezberlik görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.  Olary taýýarlaýan terbiýeçiler hem öz hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyryp bilim işgärleriniň arasynda tapawutlanýarlar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda hem Maral Gurbanowanyň ýolbaşçylygynda mekdebe çenli bilim standartyny durmuşa ornaşdyrmaga we öňde goýulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen işleri toplumlaýyn, sazlaşykly we guramaçylykly alyp barýan çagalar bakja-bagymyz üstünlikli menzilleri nazarlaýar. Ýaňy ýakynda, Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda guralan bäsleşikde welaýat boýunça çagalar bakja-bagymyzyň  «iň gowy çagalar bagylarynyň» arasynda tapawutlanyp, baýrakly orny eýelemegi buýsanç bilen bellärliklidir.Çagalar bakja-bagymyzda terbiýeçiler bilen usuly maslahatlar geçirilip, onda öňdebaryjy tejribeler öwrenilýär, täze usullary ornaşdyrmak boýunça aladalar edilýär. Çagalara daşary ýurt dillerini öwretmegiň täze usullaryny ornaşdyrmak, onda ösen innowasiýadan peýdalanmak göz öňünde tutulýar.Bosagda bolsa tomus pasly. Häzirki wagtda bolsa çagalaryň söýýän pasyllarynyň biri bolan tomus paslyny mynasyp garşylamak ugrunda guramaçylyk taýýarlyklary görülýär. Bu möwsümde hem tomusky beden taplama çärelerini, çagalaryň netijeli dynç alşyny guramak ugrunda uly aladalar edilýär.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň mynasyp terbiýelenmegi, ak mekdebe ykjam taýýarlanylmagy, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hünärleriniň ýokarlandyrylmagy ugrunda aladalar edýän we ähli bilim-terbiýeçilik ojaklary bilen bir hatarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine hem aýratyn üns berýän Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

 

Orazbibi Muhammetdurdyýewa,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky

«Bagtyýar nesil» atly 4-nji çagalar bakja-bagynyň

 terbiýeçi-usulçysy,

TDP-niň ilkinji guramasynyň başlygy.

7-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary – ýurduň geljegi

Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!

«Magtymguly — dünýäniň akyldary» – gymmatly gollanma

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri