SIZDEN GELENLER

Nesillere döwrabap sowat öwretmek : bilim binýadyny berkitmek

Ýaş neslimizi ylymly-bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlar edip ýetişdirmegiň her bir bilim işgäriniň borjudygyny bilmegimiz zerurdyr.

Şeýle-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işlerini ösen döwürlerimiziň talaplaryna laýyk alyp barmak, onuň netijeli usullaryny işiň ähli dowamlylygyna ornaşdyrmak we kämilleşdirmek häzirki wagtda möhüm wezipeleriň biridir.

Mekdebe çenli ýaşly körpeleriň aňyna bilimiň başlangyç düşünjelerini ýetirmek, olarda asylly häsiýetleri terbiýelemek, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli işlemegi talap edýär. Çagalar baglarynda sowat öwretmek sapaklarynda körpelere “ses”, “söz”, “bogun”, “sözlem” barada düşünje bermek, olary belgileri bilen işlemek, çekimli we çekimsiz sesler, açyk we dymyk çekimsiz sesler barada düşünje bermek, mundan başga-da mazmunly suratlaryň üsti bilen, her bir sese degişli sözi aýdyp bilmegi, sözleri bogna bölmegi, sözdäki bogunlary kesgitlemegi öwretmek, çaganyň söz baýlygyny artdyrmagy dowam etmek, olara gysgajyk sözlem düzmegi, sözlemdäki sözleri kesgitlemegi, harpy öwretmek, basmaça harplar bilen tanyşdyrmak, harpy häsiýetlendirmek (çekimli-çekimsiz, açyk-dymyk çekimsiz…), bogun, söz okamagy öwretmek esasy maksatlar bolup durýar.

Sowat öwretmek sapaklarynda öwrediji oýunlardan we okuw-görkezme, paýlama esbaplardan ýerlikli peýdalanmaklygyň ähmiýeti örän uludyr. Uly göwrümli kesme harplar bukjasy we her bir çaga niýetlenen harp bukjalary, her harpa degişli mazmunly suratlar toplumy, olara degişli goşgularyň, ýaňyltmaçlaryň, sanawaçlaryň toplumlary terbiýeçiniň sowat öwretmek sapagyny talabalaýyk guramakda ilkinji okuw gollanmalary hasaplanylýar.

Biz hem sowat öwrenmek sapagyndan okuw gollanma höküminde okuw maksatnamasyna esaslanyp ýörüte elektron görnüşinde “Galamjyk” ady bilen widio görnüşinde esbap taýýarladyk. Bu esbaby interaktiw doska ýok ýagny köne çagalar baglarymyzda telewizor arkaly ulanmak şerti bilen taýýarladyk. Widioda galamjyk gürläp çagalara her harpy öwredip geçýär.

Galamjyga ýörüte ses berilip gürledilen. Sazlar bilen bezelen. Galamjyk harplaryň çekimli ýada çekimsizligini her harpa degişli sözleri suratlar arkaly çagalara gaýtaladýar we bogunlara bölüp aýtdyrýar.

Şeýle guramaçylykly sapaklary gurap, işjeň we döwrebap sapaklar arkaly nesilleriň bilim-terbiýesini ösdürmäge, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdýarys.

Ženet DAWRONOWA,

Sakarçäge etrabyndaky 14-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika