TEHNOLOGIÝA

Näme üçin kompaniýanyň ady “Xiaomi”?

Köp adamlar hytaý markalarynyň atlaryny gülkünç hasaplaýarlar. Bu barada “Xiaomi” kompaniýasynyň baş ýolbaşçysy Leý Szýun, öz söwda markasyna at dakmak bilen baglanyşykly tejribesi hakda aýdyp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa esaslandyrylanda oňa “Gyzyl ýyldyz” (Red Star), “Gyzyl burç” (Red Pepper) we “Gara tüwi” (Black Rice) ýaly atlar goýmak hakynda gepleşipdirler. Emma dürli sebäplere görä hiç biri makullanmandyr. Ýöne bu pikirler kompaniýa häzirki berlen ada itergi beripdir.

“Maslahat wagtynda birden iň gowy görýän sözlemlerimi ýada saldym. Budda – bir däne tüwüsini mukaddes Meru dagy ýaly möhüm hasaplaýar” diýip, kompaniýanyň baş ýolbaşçysy belläp geçýär. Soňra ýolbaşça kompaniýanyň adynda tüwüniň iýeroglifini (Mi) ulanmagy teklip etdiler. Maýa goýujy Liu Sin “ownuk” sözüni “tüwi” sözüne goşmagy teklip etdi we kompaniýanyň ownuk, ýöne möhüm işleri edýändigini we olaryň hersine üns berýändigini hakda pikir berdi. “Xiaomi” ady işgärleriň arasynda çalt  makullandy.

“Xiaomi” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun, kompaniýanyň adynyň täsiri hakda öz pikirlerini şeýle beýan etdi: “Esasy tehnologiýa bolmasa, gowy önüm öndürip we ulanyjy tejribesine üns berilmese, islendik at kompaniýanyň ösüşine itergi berip bilmez. Munuň tersine kompaniýanyň ady ýönekeý bolup, tutuş topar önümde köp işlese, marka üstünlik gazanar” diýip, belleýär.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi