SPORT

Nadal 1000-leriň sanawynda

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen ýaryşyň ikinji tapgyrynda dünýä belli ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal, tennis sporty boýunça dünýä sanawynda 64-nji orunda barýan Lopez bilen garşylaşdylar. Nadal ilkinji döwi 6-4 hasaby bilen utulandan soň, galan iki oýunda 7-6 we 6-4 hasaby bilen umumylykda bolsa 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Rafael üçin bu ýaryşda iň gowy wagty 2007-nji ýylyň final oýuny bolupdy. Häzirki wagtda bolsa Nadal duşuşykda Lopezi ýeňip üçünji tapgyra çykmagy başardy. Bu netije bilen Rafael Nadal ýekelikde çykyş etmek görnüşi boýunça 1000-nji ýeňşini gazandy. Taryha ser salanymyzda bolsa 2002-nji ýylda Malýorka şäherinde geçirilen “ATP” tennis çempionatynda Rafael Nadal professional karýerasynda ilkinji ýeňşini gazanypdy. 34 ýaşly ispaniýaly tennisçi, Jimmi Konnorsdan (1274), Rojer Federerden (1242) we Iwan Lendlden (1068) soňra, 1000-den köp ýeňiş gazanan türgenleriň sanawda 4-nji tennisçi boldy.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi