BIZNES

Mynasyp ýanhemra – “Ak bulut”

Watanymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak wakalara baý bolup, ynsanyň kalbynda ajaýyp duýgulary oýarýar. Ýurdumyzyň ösüşli ýollary häzirki wagtda telekeçilik ulgamynda hem ýagty geljegi nazarlap, batly gadamlar bilen öňe barýar. Hususy kärhanalarda öndürilýän önümler häzirki wagtda halk köpçüligi tarapyndan uly islegli harytlara öwrülýär. Şeýle kärhanalaryň biri bolsa «Türkmeniň rysgaly» hususy kärhanasydyr. Bu kärhananyň önümleri biziň gündelik durmuşymyzda ulanylyp, olar halk köpçüligi tarapyndan islegli harytlaryň hatarynda görülýär. Biz bu hususy kärhananyň harytlary barada gyzyklanyp, «Türkmeniň rysgaly» hususy kärhanasynyň söwda bölüminiň  hünärmeni Merdan Jumaberdiýew bilen söhbetdeş bolduk.

Merdan, ilki bilen önümçiligiňiziň ilkinji gadamlaryndan söhbetimize başlaýaly.

 ― «Türkmeniň rysgally» hususy kärhanasy 2016-njy ýylda işe başlady. Hususy kärhanamyzyň ilkinji önümleri çygly süpürgiçler, çaga arlyklary, kir ýuwujy serişdeleri. Hususy kärhanamyzyň önümleriniň aglabasy «Ak bulut» haryt nyşany bilen halk köpçüligine ýetirilýär.

Näme üçin «Ak bulut»?

 ― Halkymyz asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşaýar. Asmanymyz arassa, asmanyň päkligini göz öňüne tutup önümlerimiziň aglabasyny «Ak bulut» nyşany bilen öndürmegi ýola goýduk.

Önümleriňiziň çig mallaryny nirelerden alýarsyňyz?

 ― Öndürilýän önümlerimiziň çig mallarynyň 40 göterimini ýurdumyzdan alýarys, galanynam import edýäris.

Hususy kärhanaňyzda öndürilýän önümleriň ähmiýeti.

 ― Her bir önümiň ähmiýeti adam saglygyna we onuň durmuşyna täsirliligi bilen aňladylýar. Biziň önümlerimiziň aglabasy adam bedeni bilen bagly bolansoň önümlerimizi ýörite barlagdan geçirýän labaratoriýamyz bar. Şol sebäpden-de biziň hususy kärhanamyzyň önümleri ekologiki we gigiýeniki taýdan arassalygy, zyýansyzlygy bilen tapawutlanyp durýar.

Hususy kärhana ilki näçe işgär bilen başlady we häzirki wagtda näçe işgär zähmet çekýär?

 ―  «Türkmeniň rysgaly» hususy kärhanamyz ilki 10 işgär bilen önümçilik işine başlady, häzirki wagtda bolsa önümlerimiziň sanynyň we görnüşleriniň köpelmegi netijesinde zähmet çekýänleriň sany artyp, 100-e ýetdi.

Täze önümleriňiz.

 ― Ozaldan çykarylýan önümleriň görnüşlerini köpeltdik, şampun, gaty we suwuk sabynlaryň birnäçe görnüşleri, bir gezek ulanylýan iki we üç kesijili sakal päkileri, diş ýuwujy serişdeleriniň görnüşleri öndürilýär.

Nirelere eksport edýärsiňiz?

 ― Önümlerimiz Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbekistan, Owganystan döwletlerine eksport edilýär. Mundan başga-da ýurdumyzyň ähli ýerlerine eltip bermek we sanly ulgam ýagny elektron habarlaşmalaryň üsti bilen gerekli önümler bilen her bir raýatlarymyzy kanagatlandyrmaga mümkinçiligimiz bar.

Geljekdäki maksatlaryňyz.

 ― Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda telekeçilik ulgamynyň ösüşlerine uly mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, biziň hususy kärhanamyz hem geljekde önümçiligiň görnüşlerini köpeltmegi we önümlerimiziň daş gaplarynyň önümçiligini öz kärhanamyzda öndürmegi maksat edinýär.

Merdan, sagboluň önümçilik babatyndaky gürrüňleriňize. Mundan beýläk-de döwletli işleriňizde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

― Sagboluň.

 Söhbetdeş bolan:  Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

 

Milli Liderimiz “AÅŸgabat” atly täze kitabyny ýazýar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bitaraplygyň 30 ýyllygyna täze «Yutong» awtobuslaryny satyn alar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň BAE iş sapary tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 700 sany “Yutong” kysymly awtobuslary satyn alar

Ata Watan Eserleri

“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy Arkadag şäherinde Çeper halyçylyk kärhanasyny gurar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwda nokatlary açylar

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýrar