SPORT

Musa Jalaýew Russiýanyň çempiony bolmak üçin ýaryşar

Türkmenistanly suwda ýüzüji türgen Musa Jalaýew Russiýanyň çempionatyna gatnaşar.

Suwda ýüzmek boýunça Bütinrussiýa federasiýasynyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, çempionat 25 ― 30-njy oktýabr günlerinde geçiriler.

Çempionata Suwda ýüzmek boýunça halkara federasiýasynyň Russiýada türgenleşýän wekilleri hem gatnaşar. Olaryň arasynda türkmenistanly, latwiýaly, gyrgyzystanly, belarusly we makedoniýaly türgenler hem bar.

Musa Jalaýewiň häzir ýörite maksatnama esasynda Kazan şäherinde türgenleşýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende aýtsak, Russiýanyň çempionaty, şol bir wagtyň özünde, 2021-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň hem bir saýlama tapgyry bolar.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Related posts

«Arkadag» futbol toparynyň nobatdaky üstünligi

Ata Watan Eserleri

Italiýa dünýä rekordyny gaýtalady

Kuraş-2023: Sanjar Abdirahmanow ýarym finalda

Ata Watan Eserleri