MEDENIÝET

Muhammet Baýram han Türkmene bagyşlanan halkara maslahat

Paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.

Dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan iri medeni merkezleriň we ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylarynyň, taryhçy-gündogarşynaslaryň, sungaty öwrenijileriň, dilçileriň we edebiýatçylaryň, syýasatşynaslaryň we diplomatlaryň ünsüni özüne çeken maslahatynyň umumy mejlisde Owganystandan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Pakistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan bolan diplomatlar we alymlar çykyş etdiler.

Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen maslahat Baýram han Türkmeniň durmuş we döredijilik ýoly hakynda bilimleri we düşünjeleri artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmäge-de uly goşant goşar.

Ylmy çykyşlar Muhammet Baýram han Türkmeniň ömür we döredijilik ýoluna, edebi döredijiliginiň aýratynlyklaryna, filosofiýa we ynsanperwer garaýyşlaryna hem-de XVI asyrda Gündogaryň iri döwletleriniň biri bolan Beýik Mogollar imperiýasynyň jemgyýetçilik-syýasy gurluşyna degişli taryhy-edebi maglumatlara bagyşlandy.

Pikir alyşmalaryň dowamynda medeniýetleriň özara täsiri, halk däplerini, folklory öwrenmek, maddy däl ruhy mirasy aýawly saklamak bilen bagly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gündogaryň hem-de Hindistanyň köp ýerlerinde türkmenleriň we hindileriň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan taryhy-medeni gatnaşyklaryna taryhy nukdaýnazardan garalýan subutnamalary saklap galan ýylýazgylary ýatlanyp geçildi.

Baýram han Türkmen Beýik Mogollar döwletini dolandyranda, özüni diňe görnükli serkerdebaşy hökmünde görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, baý döredijilik mirasyny — türkmen dilinde ýazylan şahyrana eserleriň 350-sini hem-de pars dilinde ýazylan eserleriň 600-den gowragyny — joşgunly gazallary, rubagylary, kasydalary hem-de ylmyň dürli ugurlaryndaky bilimlere, şol sanda astronomiýa, lukmançylyk, hukuk ylymlaryna esaslanan “tälim beriş şygyrlaryny” ýadygärlik galdyrdy.

 

Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine girişildi

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary