“Aktýor bolmak aňsat, şoňa öwrülmek kyn” – bu sözler “Şauşenkodan gaçyş”, “Ýedi”, “Million dollarlyk çaga” we başga-da köp kinolary bilen tanalýan hem-de Oskar baýragynyň eýesi we Golliwudyň iň meşhur we abraýly aktýorlaryndan biri Morgan Frimene degişlidir.
Morganyň ömri we ýetginjek ýyllary
Aktýoryň çagalyk ýyllary ABŞ-nyň günortasyndaky Memfis şäherinde geçýär. Morgan 1937-nji ýylyň 1-nji iýunynda dünýä indi.Onuň ejesi Meými Edna tam süpürji, kakasy Morgan Protfild Friman dellekçi bolup işleýär. Friman maşgalasy Grinwudda (Missisipi ştaty) Gary (Indiana ştaty) ýaşap, ahyrsoňy Illinoýs ştatynyň Çikago şäherinde mesgen tutdy. Frimen 8 ýaşynda mekdepde okaýarka, ilkinji sahna oýnunda oýnap, ulalanda kino sahnalaryň esasy gahrymanlarynyň biri boljakdygyny görkezip başlady.
Köp sanly kynçylyklary başdan geçiren Morgan kino uly gyzyklanma bildirýärdi we mekdebiň teatr toparyna girdi we 15 ýaşyndaka eýýäm mekdep ýyldyzy boldy. Uçarmanlaryň suratyny görenden soň, asmany arzuw edip başlady we mekdebi gutarandan soň Tehasdaky harby mekdebe girdi. Okuwyny gutarandan soň, harby karýerasyny taşlap, Kaliforniýany terk etdi.
Ilkinji ädimleri
Los-Anjelesde Morgan birnäçe ýyllap kinostudiýalaryň bosagasyna çykdy, ýöne ýekeje-de rol alyp bilmedi. Ol 21 ýaşyndady, ne puly, ne-de tanyşlary bardy. Kinony çyn ýürekden gowy görýärdi. Birnäçe ýyldan soň, Morgan Nýu-Ýork şäherine göçüp bardy. Ol ýerde Frimen täsin işler alyp, höwesjeň teatrlarda oýnady. Morgan Nýu-Yorkda 25 ýyl ýaşady. Teatrda işlemek oňa üýtgeşik bir gazanç getirmedi. Ol özüniň asyl käriniň kino sungatyndadygyna ýürekden duýýardy .
60-njy ýyllaryň ahyrynda aktýor teleýaýlymda iş tapmagy başardy.
Arzuwy hasyl bolup başlady
1984-nji ýylda 48 ýaşyna ýeten aktýor “Garri we Son” filminde oýnady. Bu ýerde kän bir üstünlik gazanyp bilmedi. Ýyllaryň geçmegi bilen Morgan kinorežissýorlaryň ünsüni çekip başlady. Morgan kinoteatra çakylyk alyp başlady. “Miss Deýziniň sürüjisi” kinosy oňa ajaýyp üstünlik gazandyrdy. Bu eser dört gezek Oskar gazandy we 1990-njy ýylda iň gowy film baýragyna eýe boldy. Aktýoryň özi bolsa “Altyn globus” baýragyna mynasyp boldy. Şondan soň ol köp sanly filmlerde surata düşdi.
Kino ýoly
2004-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli aktýor 30-dan gowrak filmde baş keşbi janlandyrdy. Golliwudyň iň abraýly hem-de sylanýan aktýorlarynyň birine öwrüldi. Morgan “Şauşengden gaçyş” filmi, 2009-njy ýylda Nelson Mandelanyň keşbini ýerine ýetiren “Boýun egmedik” filmi bilen köp sanly kino muşdaklarynyň söýgüsini gazandy. Ol “Olimpiň ýykylmagy” we “Londonyň ýykylmagy” atly filmlerde ABŞ-nyň wise-prezidentiniň keşbini janlandyrdy. Morgan režissýorlyk derejesinde 3-nji orunda durýar.
Morganyň şahsy durmuşy
Morgan Friman dört gezek öýlendi. Onuň iki ogly we iki gyzy bar.
Barak Obama tarapyndan sylaglandy
2016-njy ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-nyň şol döwürdäki Prezidenti Barak Obama Morgan Frimene “Milli sungat” medalyny gowşurdy. Dabarada Prezident Obama Frimeniň aktýor, režissýor we kyssaçy hökmünde görkezen ajaýyp işi üçin hormatlanýandygyny aýtdy. Onuň sahnadaky ajaýyp çykyşlary, adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryny janlandyrmagy, bütin dünýäde tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp boldy” – diýip, belledi.
Baýraklary
1990 – “Altyn globus” baýragy – bu baýragy “Miss Deýziniň sürüjisi” filmindäki keşbi üçin aldy.
2005 – Oskar baýragy – bu baýragy “Million dollarlyk bäbek” filmindäki keşbi üçin aldy.
2005 – ABŞ-nyň aktýorlarynyň Gildiýa baýragy – bu baýragy “Million dollarlyk bäbek” filmindäki keşbi üçin aldy.
2012 – Ýene-de bir gezek “Altyn globus” baýragyny gazandy.
2016 – 2015-nji ýyl üçin ABŞ-nyň sungaty boýunça milli medala eýe boldy.
Beýik aktýoryň “Iň Gowy Filmleri”
“Perişdäniň ýykylmasy” 2019
“Londonyň ýykylmasy” 2016
“Aldawyň illýuziýasy” 2 2016
“Olympiň ýykylmasy” 2013
“Obliwion” 2013
“Garaňky rysar 2” 2012
“Garaňky rysar” 2008
“Betman: 2005-nji ýyldan başlaýar”
“Ýedi” 1995
“Şauşengden gaçyş” 1994.