SIZDEN GELENLER

Milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy.

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklaryny tapgyrlaýyn artdyrmak, strategik taýdan möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäklerinde täze ýataklary ulanmaga girizmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa we elektroenergetika pudaklaryna degişli desgalary, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary we gaz gysyjy desgalary, her welaýatda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polisterol, poliwinil hlorid, poliwinil atsetat, metanol, sintetik dokma süýümlerini öndürmek boýunça kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Energiýanyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerini öndürmek boýunça hem uly taslamalaryň başy başlandy.

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny we bu ýerden «Altyn asyr» Türkmen kölüne uzaýan elektrik geçirijisini gurmak göz öňünde tutulýar. Taslama «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019—2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda alnyp barlyp, bu sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin hem örän ähmiýetlidir. Ýakynda ýurdumyzda wodorod energetikasyny ösdürmek bilen bagly hem ilkinji esaslar goýuldy. Wodorod energetikasy özüniň ykdysady taýdan bähbitliligi we ekologiýa taýdan arassalygy bilen beýleki adaty energiýa öndürijilik usullaryndan tapawutlanýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň geçen sanlyja günlerinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli beýik işlere badalga berildi.

Häzir Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň geljekki ösüşine onuň ekologiýa ugruny göz öňünde tutmazdan garamak mümkin däldir. Dünýäde uglewodorod serişdelerini ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda çykarmak häzirki wagtda onuň netijeliligine baglydyr. Hazar deňziniň türkmen bölegini goşmak bilen, Türkmenistanyň çäginde uglewodorod serişdeleriniň gözleginiň, gazylyp alnyşynyň we nebit işleriniň beýleki görnüşleriniň ýerine ýetirilişiniň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kesgitleýän we uglewodorod serişdeleriniň oýlanyşykly peýdalanylmagyny we Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň geljekki nesiller üçin goralyp saklanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär.

Ýurdumyzyň gazhimiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň iň girdejili pudagyna öwrülýär. ýurdumyzda tebigy gazdan himiki dökünleri öndürmegiň öňdebaryjy tejribesi gazanyldy. Mysal hökmünde, geçen döwürlerde gurlup ulanylmaga berlen «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» zawodlaryny, «Maryazot» önümçilik birleşigini ýatlap geçmek bolar. Bu kärhanalaryň öndürýän oba hojalyk himiki dökünleri, ozaly bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň zerurlyklaryny artygy bilen ödeýär. Şonuň bilen bir wagtda bu zawodlaryň işläp başlamagy karbamid önümleriniň daşary ýurtlara eksport edilmeginiň hem binýadyny goýdy. Bu ugurda täze toplum bolan «Garabogazkarbamid» zawodynyň öndürýän ýokary hilli karbamid önümleriniň hem aglaba mukdary daşary ýurtly sarp edijilere ibermäge gönükdirilendir.

 

Dünýä Ýegenmyradowa, 
Ýagsygeldi Kakaÿew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ Energetika we inzenerçilik desgalary fakultetiniñ “Fizika we elektronika” kafedrasynyñ  mugallymy.

 

SanlylaÅŸdyrmak – dünýä ösüşiniň möhüm ugry

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika