DÜNÝÄ

Milli Liderimiz Emomali Rahmona gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň kärdeşi Emomali Rahmony Täjigistan Respublikasynyň prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlap, gutlag hatyny iberdi.

Milli Liderimiz gutlag hatynda Täjigistanyň doganlyk halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Mälim bolşy ýaly, Täjigistanda geçirilen prezident saýlawlarynda ýurduň döwlet Baştutany Emomali Rahmon ýeňiş gazanyp, täzeden prezidentlige saýlanypdy.

Şu gün Duşanbe şäherinde täzeden ýokary döwlet wezipesine saýlanan Emomali Rahmon wezipesine girişdi.

Related posts

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Ýaşlar forumyna gatnaşýar

Hytaýyň daşary işler ministri Özbegistana barar

Ata Watan Eserleri

Hytaý Bahar baýramyny belleýär