DÜNÝÄ

Milli Geňeşiň Mejlisinde kabul edilen kanunlar

Sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda  işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar «Elektron hökümet hakynda» hem-de «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

«Elektron hökümet hakynda» resminama ara alnyp maslahatlaşylanda bu Kanunyň taslamasynyň elektron hökümetiniň işiniň tertibini kadalaşdyrýandygy hem-de Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygy nygtaldy.

«Itçilik we kinologiýa işi hakyndaky» Kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bolup durýan türkmen alabaýlarynyň genofonduny aýawly saklap galmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi.

Mundan başga-da, deputatlar «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Milli Geňeşiň altynjy çagyrylyşynyň mejlisiniň nobatdaky maslahatynyň garamagyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

 

Birža täzelikleri: owgan işewürleri suwuklandyrylan gazy satyn aldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar