TEHNOLOGIÝA

“Mi Band 5” bilezigi

Müşderilerini innowasiýa we elýeterli tehnologik enjamlar bilen üpjün etmek ugrunda tagalla edýän Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy 11-nji iýunda meşhur akylly bileziginiň “Mi Bandynyň” täze agzasy bolan “Mi Band 5”-i tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Bu akylly bilezik, ozalky “Mi Band 4”-e garanyňda,  tapawutly bolar. “GizChina” saýty tarapyndan berlen maglumataga görä, 11-nji iýunda “ Xiaomi Mall WeChat” arkaly bu önüm tanyşdyrylar.

“Band 5” SpO2 datçigi bilen enjamlaşdyrylar: 1,2 dýuým OLED ekranyndan başga-da, NFC we “Google Pay” goldawyna eýe boljak täze “Mi Band”yň ekranynyň aşagyndaky düwmesi bolar. Mundan başga-da, “Xiaomi”-niň täze akylly bilezigi “Mi Band 5”, ganyň kislorod derejesini yzarlamak üçin giň mümkinçilige eýe bolar.

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi