JEMGYÝET

Meşhur hindi aktýory aradan çykdy

Hindistanyň meşhur aktýor Irfan Han 53 ýaşynda aradan çykdy.Ol öz ýurdy Hindistanyň “Bolliwudynda” we Amerikanyň “Golliwudynda” ýatda galyjy köp sanly filmlerinde baş keşbi janlandyrdy.

2018-nji ýylda Irfan Han howply çiş keseline duçar boldy. Şondan soň ähli surata düşýän filmlerini ýatyrdy we bir ýyllap Londonda bejergi aldy. Aktýoryň ýagdaýy gowulaşdy we “Iňlis orta derejesinde” filminde baş keşbi janlandyrdy. Film 13-nji martda görkezilmäge başlandy.

“Söweşiji” filmi Irfan Hana şöhrat getirdi. Şeýle hem ol “Harabalyklaryň millioneri” (“Slumdog Millionaire”), “Pi durmuşy” (“Life of Pi”), “Ýura döwri” (“Jurassic World”) we “Täze möý adam” (“The Amazing Spider-Man”) filmleri bilen tanalýar.

28-nji aprelde meşhur aktýor içegesindäki kesel zerarly Mumbaýda keselhana ýerleşdirildi we ertesi gün aradan çykdy. Birnäçe gün ozal, aktýoryň ejesi hem Hindistanyň Jaýpur şäherinde aradan çykypdy.

Irfan Hanyň bir aýaly we iki ogly galdy.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar