BILIM

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Dialogynyň täze mümkinçilikleri

BMG-niň Baş edarasynyň (Nýu-Ýork şäheri) binasynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) Ýaşlar forumynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasy tarapyndan gurnalan “Ýaşlar tarapyndan alnyp barylýan ylmy innowasiýalar we syýasy çäreler: Durnukly ösüşe tarap öňe gitmek” atly taraplaýyn çäre geçirildi. Bu çäräniň dowamynda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew çykyş edip, ýaşlaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde esasy orny eýeleýändigini nygtady hem-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ýaşlary giňden goldamaga we olaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendigini aýratyn belledi.

Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda bu başlangyçlaryň ýurduň ösüşiniň milli strategiýasynyň esasy ugurlary bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny, bu strategiýada döwletara hyzmatdaşlygyň, ylmy-tehnologik döwrebaplaşdyrmagyň hem-de häzirki zaman meselelerini çözmekde innowasion çemeleşmäniň ähmiýetiniň nygtalýandygyny aýtdy. Ol 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda akylly we durnukly şäher hökmünde döredilen Arkadag şäherinde esaslandyrylan “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogy” başlangyjynyň ýaşlaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldamaga hem gönükdirilendigini ýatlatdy.

Azat Ataýew ýaşlary, alymlary we telekeçileri birleşdirmäge gönükdirilen bu tagallalaryň Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, innowasiýalary öňe sürmäge hem-de adam maýasyny ösdürmäge gönükdirilen syýasatyna doly laýyk gelýändigini nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda bilim ministriniň orunbasary 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş edarasynyň binasynda geçiriljek, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk baradaky 2250 belgili (2015) Kararnamasynyň on ýyllygyna bagyşlanan çärä hemmeleri gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň pikiri boýunça, ýaşlaryň başlangyçlaryny sebit we halkara derejesinde mundan beýläk hem utgaşdyrmak ylmy-tehniki ösüşi höweslendirer we ýaşlaryň ornuny has-da pugtalandyrar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Aşgabatda saparda bolar

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Katar bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanly ýaşlaryň 100 sanysy Hytaýyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy

Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda II halkara bäsleşigi geçirildi