DÜNÝÄ

“Merkezi Aziýa — Hytaý” parlamentara geňeşi dörediler

Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşygy boldy.

Li Çžanşu parlamentara hyzmatdaşlygy iki ýurduň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hökmünde görkezip, soňky ýyllarda Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň arasynda dürli derejelerdäki gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Hytaý hem-de Türkmenistan özara ynanyşmagyň ýokary derejesini saklamak bilen, iki ýurduň parlamentleriniň we syýasy partiýalarynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirýärler. Şular barada aýtmak bilen, HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi üçin islendik amatly wagtda Hytaý Halk Respublikasyna gelmegi baradaky çakylygyny beýan etdi.

Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda BMG-niň, beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça ýola goýlan gatnaşyklary dowam etdirmegiň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini netijeli ulanmagyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler “Merkezi Aziýa — Hytaý” parlamentara geňeşini döretmegiň hem-de “Türkmenistan — Hytaý: zenanlar we ýaşlar” bilelikdäki forumyny geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Marlen Mamataliýew bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Maulen Aşimbaýew bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistanyň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Kasymaliýew Türkmenistanda: Gyrgyzystanyň GDA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 7 milliard dollardan geçdi

Ali Asadow: GDA-nyň ynsanperwer başlangyçlaryna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi