SÖHBETDEŞLIK

Merjen Esenowa: sungatda bäsdeşlik möhüm

Türkmenistan Watanymyzda ähli ugurlarda, okamak we zähmet çekip kämilleşmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Alypbaryjylyk hem-de telewideniýa žurnalistikasy ugrundan zehinleriň sany hem gün-günden köpelýär. Ökde alypbaryjylaryň kämilleşmeginde  türkmen telewideniýasynyň  orny has uludyr. Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň www.atavatanturkmenistan.com saýty üçin türkmen telewideniýasynda köp ýylyň zähmetini arka atan zehinli alypbaryjy zenanymyz Merjen Esenowa bilen söhbetdeşlik taýýarlap size ýetirmegi makul bildik.

                             

Merjen çakylygymyzy kabul edip, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň www.atavatanturkmenistan.com saýtymyza gelip, bize wagt aýranyňyz üçin köp sagboluň! Söhbetdeşligimizi hemmä mahsus bolan sowal bilen başlasak. Alypbaryjylyga höwesiňiz haçan döredi we bu ýoldaky ilkinji ädimleriňiz barada gürrüň beräýseňiz?!

Adamyň ulalyp, gelejekde haýsy hünäre eýe boljakdagy çagalygyndan belli bolarmyş. Men hem bu hünäre bolan höwesim çagalykda döredi diýsem ýalňyşmaryn. Ol wagt türkmen dili we edebiýaty sapagyna aýratyn üns bererdim. Ussat şahyrlarymyzyň goşgularynyň aglabasyny ýat tutup, aýtmak meniň üçin has ýakymlydy. Höwesim bolandygy üçin, goşgunyň sözleri näçe agyr bolsa-da maňa ýat tutmak kyn düşmeýärdi. Şonuň üçin, mekdepde hemme baýramçylyk çärelerini alyp barmagy maňa ynanýardylar.  Ine, bir gün hem Mähri Öwezowa atly mugallymym meni gepleşikde çykyş etmek üçin telewideniýa alyp gitdi. Ol ýerde Dursun Çerkezowanyň taýýarlamagyndaky gepleşikde çykyş etdim. Gepleşigiň dowamynda, mugallymym Dursun daýza bilen tanyşdyrdy. Ol meniň kakam bilen hem köp ýyllar kärdeş bolup işländigini aýtdy hem-de goşgy aýdyp bermegimi isledi. Içimdäki höwesi ýerine ýetirýän goşguma siňdirip, joşgunly aýdyp berdim. “Men göwnünden turarmykam, meni alypbaryjy edermika” diýen pikirler aklymy gurşap alypdy.

Şol ýerde ýerine ýetiren goşgyňyz häzir hem ýadyňyzdamy?

Elbetde, häli-häzirler hem ýadymda. Ýagny:

Günämizi bagyşlaýar eneler,

Sebäp –  eneleriň ak süýtli döşi,

Köp, köp garalygyň günäsin ötýär.

Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy.

Bu setirler we awtory hemmä tanyşdyr. Bu gymmatly setirler ussat şahyrymyz Kerim Gurbannepesowa degişli. Dursun daýza maňa jaň etjekdigini aýdyp, meniň telefon belgimi alyp galdy.  Şol wakadan soňra, aradan mart , aprel, maý  geçdi. Ýöne hiç hili jaň gelmedi. Men Dursun daýzanyň jaňyna üç aý garaşdym.  Ahyry iýun aýynyň içinde jaň geldi. Dursun daýzany “alo” diýen sesinden tanadym.  2003-nji ýylda hiç zat bilmeýändigime  garamazdan ilkinji gepleşigimi çagalaryň dynç alyş merkezinde alyp bardym. Dursun daýza maňa öwredip, goldaw bermegi esasynda köp zatlary öwrenmäge başladym. Bu ýola ilkinji ädimlerim şulardan ybarat. Bu wakany gürrüň bermek esasynda hem bir zady aýtmak isleýärin. Ýagny, ýürekden edilen ynam, umyt adamy hiç wagt aldamaýan ekeni.

Merjen orta mekdebi tamamlap, türkmen telewideniýasynda zähmet ýoluna başladyňyzmy, ýa ýokary okuw mekdebinde okuwyňyzy dowam etdiňizmi?

Ýok, orta mekdebi tamamlap, kitaphana işe başladym. Sebäbi men orta mekdebi tamamlan ýyllarym, ýokary okuwa tabşyrmak üçin iki ýyl iş tejribäniň bolmagy möhümdi. Ýöne ol wagtlar telewideniýany hem bir gyrada goýamokdym. “Ýaşlyk” teleýaýlymynda gepleşikleri alyp barmak bilen ýaýlyma çykýardym. Soňra, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň medeniýet öýüniň müdiri bolup işe başladym. Ol ýerde üç ýyl zähmet çekdim. Işimden daşary hem “Ýaşlyk” teleýaýlymynda “Diňe söýgi hakynda” atly gepleşigi alyp barýardym. Alypbaryjylyga bolan söýgüm meni ahyry telewideniýa getirdi. Şol wagtlar Myrat Akmämmedowiç maňa “Diňe söýgi hakynda” atly gepleşigi taýýarlamaklygy tabşyrdy. Elbetde, ilkinji gezek özbaşdak taýýarlan gepleşigim bärden gaýtsa-da, onuň meniň höwesimi gaçyrmazlyk üçin gepleşigime öz öwgüsini ýetirmegi ykbalymy telewideniýa baglamagyma iterdi. Sözüň güýjüniň nähili uludygyna men şonda göz ýetirdim. Şeýlelik bilen öz söýgüli hünärimde kämilleşmek maksady bilen 2007-nji ýylda TDMI-na okuwa girdim. Okuwym bilen işimi utgaşdyryp alyp gitmek meniň üçin lezzetlidi. 2010-njy ýylda meniň ujypsyzja zähmetime uly baha berip, Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak miýesser etdi.

“Türkmen owazy” teleýaýlymyna haçan işe bardyňyz?

2008-nji ýylyň ahyrynda “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň açylýandygy göz öňünde tutulyp, işgär saýladylar. Men hem bu teleýaýlyma işe saýlanan işgärleriň biri boldum. Şeýlelikde, 2009-njy ýyla gadam basanymyzda “Türkmen owazy” teleýaýlymy açyldy. Ýaýlymyň ilkinji alypbaryjysy hökmünde ”Kalbymyň owazy” atly gepleşigi taýýarlap başladym. Gepleşigimiň mazmuny kyssalary, oýlanmalary şekile geçirip halka ýetirmekden ybaratdy.

Merjen okuwçy wagtyňyzdan bäri, telewideniýada gepleşikleri alyp baryp gelýärsiňiz. Dürli mowzuklarda gepleşikleri alyp barmak bilen bir hatarda taýýarlap halka ýetirdiňiz. Haýsy mowzukdaky gepleşigi taýýarlamak siz üçin gyzykly?

Men edebi, çeper döredijikli gepleşikleri taýýarlamagy özüme has ýakyn görýärin. Türkmen telewideniýasyna gadam basyp, ilkinji taýýarlan gepleşigim hem bu mowzukda bolany üçin özüme ýakyn görýän bolmagym mümkin. Oýlanma, monolog, goşgy okap hem-de şekile geçirmek meniň iň gowy görýän mowzuklarymyň biri. Okaýan her eserimiň duýgusyny diňläýjä ýetirmekden men örän uly lezzet alýaryn. Galyberse-de men gepleşiklerimiň her sanynda üýtgeşme salmagy gowy görýärin. Çünki bir akym bilen gitmegi kän halamaýaryn. Täzelik döretmek esasynda, özüm hem täze zatlary öwrenýärin.

Taýýarlaýan her bir gepleşigiňiziň aňyrysynda öz zähmetiňiz bilen bir hatarda hat-da birnäçe adamyň zähmeti ýatyr. Gepleşikleri ýazga geçireniňizde adatdan daşary ýagdaýlar bolýarmy? Eger, şeýle ýagdaýlara duş gelen bolsaňyz, biz bilen hem paýlaşsaňyz.

Elbetde, ýazgy pursatlarymyzda garaşylmadyk gyzykly wakalar bolýar. Gepleşigi ilki taýýarlaýançaň, soňra ýazgy wagty hem-de ýazgydan soňraky işleri örän kän zähmeti talap edýär. Täze ýylyň gelmegi mynasybetli, döredijilik toparymyz bilen gepleşik ýazmak üçin taýýarlyga başladyk. Gepleşigimiziň myhmany Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa boldy.

Biz konsertde çykyş etjek aýdymlary bir gün öňünçä ýazga geçiripdik. Ýazga geçirilen aýdymlary bolsa, blokda goýberilýärdi. Ýazgy pursatda, aýdymlary goýberilip, birnäçe aýdymy ýazgy edilenden soňra, ine birden blogyň bir belgisi üýtgäpdir. Soňra Züleýha Kakaýewa “Ýagyş ýagýar” diýen aýdymyny ýazga geçirjek bolanymyzda duýdansyz sesi ýogyn, erkek adamyň sesine golaý ses çykdy. Biri oýun edýändir diýip pikir etdik. Hiç kim düşünmän, bu sesiň nireden gelýänini bilenok. Şeýle bir gülküli, duýdansyz waka boldy. Bu pursat hemmeleriň ýüzünde ýylgyryş döretdi we ýadawlykdan saplady. Asyl ol tehniki näsazlyk esasynda ýüze çykypdyr ekeni. Ýazgy pursatynyň bu ýagdaýy internet ulgamynda-da tomaşaçylar köpçüligine ýaýrady. Ýazgy pursatlarynda şeýle gülküli, täsirli wakalaryň hem şaýady bolýarys.

Merjen “Türkmen owazy” teleýaýlymynda häzirki wagtda nähili gepleşikleri taýýarlaýarsyňyz we her bir gepleşik üçin ssenariýa ýazýarsyňyzmy?

Häzirki wagtda “Türkmen owazy” teleýaýlymynda “Zenan kalbynyň owazlary” we “Çeper elleriň öýdümi, şirin dilleriň aýdymy” atly çeper döredijilikli we zenan aýdymçylarymyzyň durmuş ýolundan söz açýan gepleşikleri taýýarlaýaryn. Türkmen zenanynyň dünýäsi syrly we owadan. Gepleşiklerimiň üsti bilen hem şol owadan dünýäni açyp görkezmek meniň esasy maksadym. Ýagny gepleşiklerimiň üsti bilen aýdymçy zenanlarymyzyň aýdymlaryny, täze aýdymlaryny, türkmen zenanlarymyzyň el-işlerini halka ýetirýärin. Ssenariýa hem gepleşigiň süýji, yzygiderli gowy bolmagy üçin uly orun eýeleýär. Şonuň üçin ssenariýa ýazmazdan gepleşik ýazgy etmeýärin. Ýöne kähalatlarda bir hepdäniň dowamynda iki-üç gepleşik ýazgy etmeli pursatlar hem bolýar. Ine, şol pursatlarda ssenariýasyz çykýan wagtlarym hem bolýar.

Merjen siziň geýinýän lybaslaryňyz milliligi bilen bir hatarda, egniňizde owadan, reňkleriň sazlaşykly oturýanlygy bilen tapawutlanýar. Söhbedimizi lybaslaryňyz dogrusynda dowam etsek, gyz-gelinlerimiz üçin hem gyzykly bolar.

Men işimiň daşyndan dürli biçüwdäki türkmen gyz-gelinlerimiziň lybaslaryny hem tikýärin. Şonuň üçin öz köýneklerimi  islegime laýyklap, özüm tikýärin. Hat-da reňkleriň sazlaşykly oturmagyny hem özüm saýlaýaryn. Tikinçilik hünärini men sekizinji synp wagtym öwrendim. Ejem bize çagalykdan gyz-gelinlere mahsus el işleriniň aglabasyny öwretdi. Hat-da maşgalada dört gyz bolanymyz üçin, çagalykda ejemize gyňaç düwmäne hem ýardam bererdik.

Arzuwly, maksatly ýaşaýan adam durmuşyň kynçylyklary  bilen gabatlaşýar. Kynçylyklara, şowsuzlyklara gabat gelip, başarmaryn diýip yza tesen ýeriňiz boldumy?

Elbetde, kynçylyklar hem biz üçin durmuş mekdebi bolup durýar. Ýöne kynçylyklara döz gelip bilmän, häzirki güne çenli yza çekilen ýerim ýok. Kynçylyklar maňa iki esse güýç berýär. Durmuşymda meniň şeýle bir ýörelgäm bar: kimdir biri başaran bolsa, senem başararsyň. “Bitmejek iş ýokdur “diýen pikirim bar. Bir döwür mende şeýle bir zat boldy. Bir zatlar ýazmak isleýän, ýöne hiç bolmaýar. Täzelik döredesim gelýär, emma näçe pikirlere girsem hem täze pikir döremeýär. Muňa men şowsuzlyk diýip at berdim. Bu ýagdaýyň mende bir ýyl dowam eden wagty boldy. Şu wagt bolsa, bir işe başlasam, täze-täze pikirler gelip durýar. Ýagny, bir söz bilen aýdanymda döredijilik kynçylygy bilen uzak gabatlaşdym. Ylham gelmedi. Döredijiligiň togtaýan wagty bolýan ekeni. Muny dörediji adamlar bilen geçiren söhbetdeşligimde hem özleri belläp geçdiler. Ýöne men şonda-da aý bolanak diýip oturmadym. Diýjek bolýan zadym, başlaýan işim näçe şowsuzlyk bilen tamamlansa-da ýene täze güýç bilen gaýtadan synanyşýaryn. Yza gaýtmazlyk, tutanýerli häsiýetim meni üstünlige, köp tejribeleri toplamagyma iterdi.

“Hyýal güýji, bilim güýjünden ýokary” diýlen bir ajaýyp jümle bar. Siz hem mundan bäş ýyl mundan ozal hyýalyňyza getiren zadyňyzy häzir ýaşaýarsyňyzmy?

Men teleýaýlymda taýýarlanýan ähli gepleşikleri görýärin.  Şol gepleşikleriň köpüsi diýseň ýerine düşen gowy gepleşiklerdi. “Şolar ýaly ähli taraplaýyn tomaşaçynyň göwnünden turjak gepleşikleri taýýarlaryn” diýip öz-özüme söz beripdim. Hat-da göz öňüne hem getiripdim. Men şol taýýarlanylýan ähli gepleşikleri görüp öwrenýärdim we öz ýerine ýetiren, taýýarlan işlerimi şolaryňky bilen deňeşdirip görýärdim. Göwnüme gowy zatlary etmegi düwsem, şony hem hökman durmuşa ornaşdyrýaryn. Sebäbi men hyýal güýjüne ynanýaryn.

Merjen, ýaňy sözüňizde ssenariýasyz gepleşikleri hem taýýarlamaly pursatlar bolýar diýdiňiz. Ýöne, bu alypbaryjynyň we gepleşik taýýarlaýjynyň örän köp okamagyny talap edýär. Indi bu ýolda zähmet çekýän kärdeşleriňize nähili kitaplary okamagy maslahat berýärsiňiz?

Men çeper eserleri okamagy gowy görýärin. Alypbaryja çeper eserleri okamak örän zerurdyr. Türkmen diliniň baý sözlük gory bar. Şol sözlerimiziň manysyny öwredýän ýörite sözlüklerimiz bar. Ýagny, “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi” atly kitaplarymyzy doly okamagy maslahat berýärin. Žurnalistika degişli kitaplary köp okamagy maslahat berýärin. Alypbaryjylara iň esasy zat dil baýlyk bolup durýar. Şonuň üçin bu agzan kitaplarymy köp okamagy maslahat berýärin.

Häzirki wagtda telewideniýada taýýarlanylýan gepleşikleriň haýsyny özüňize nusgalyk hökmünde tomaşa edýärsiňiz? Özüňize nusga hökmünde haýsy gepleşikleriň adyny agzap geçip bilersiňiz?

“Türkmen owaz” teleýaýlymy meniň öýümde hemişe açyk bolýar. Işgärlerimiziň köp bölegi hem ýaşlar bolup durýar. Ýaş kärdeşlerimiziň taýýarlaýan gepleşiklerinde kemçilikleri bolsa, men soňra özüne çagyryp düşündirýärin. Men adamlaryň ýalňyşmazlygyny isleýärin. “Owazlar sazlaşanda” atly gepleşigiň her sanyna uly höwes bilen tomaşa edýärin we bu gepleşikden öwrenere zat köp hasaplaýaryn. Galyberse-de men hemişe gözlegdäki adam. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “Atavatan Tv Youtube” kanalynda taýýarlanýan her bir gepleşigi görýärin. Ol ýerde örän köp mowzuklarda gepleşikler taýýarlanyp, tomaşaça ýetirilýän ekeni. Ol gepleşigiň many-mazmunyna uly baha berýärin. Galyberse-de ol gepleşikler adama ruhy güýç we  berýär.

Merjen söhbedimizi siziň maşgalaňyz dogrusynda dowam edäýeliň.

Meniň hem agzybir maşgalam bar. Ýanýoldaşym Myrat, oglum Süleýman, gyzym Mähri meniň döredijilikli işlemegime ruhy lezzet berýärler. Ýanýoldaşym meniň iň ýakyn maslahatçym.

Maşgalada biz bäş perzent ýagny dört gyz we bir oglan. Ejem Aşgabat şäherindäki 5-nji orta mekdebinde mugallym bolup zähmet çekýär. Kakam Kakamyrat Gurbanow türkmen telewideniýasyna ömrüni bagyşlan adam. “Gözýetim” atly gepleşigiň taýýarlap we alyp baryp halka ýetiripdir. Häzirki wagta men kakamyň ýoluny dowam edýärin. Atam Saparmyrat Gurbanow hem ýazyjy bolan. Elbetde, jigilerimden hem atamyň kesbini dowam edýän bar.

Merjen teleýaýlymyň aglaba bölegi ýaşlar diýdiňiz. Şu wagta çenli toplan tejribeleriňiz esasynda, zähmet çekip ýören ýaşlara näme maslahatsyňyz bar?

Kitap adamzadyň ruhy baýlygy hasaplanýar. Kitabyň gadyr-gymmatyny köp okaýan adamlar has hem gowy bilýändir. Şonuň üçin ýaşlara kitap köp okamagy maslahat berýärin. Çünki, kitap okaýan adamda ruhyçökgünlik bolmaýar. Alypbaryjy ýaşlarymyza hem bir gepleşikde ulanan sözlerini gepleşigiň soňky sanlarynda ulanmazlygy maslahat berýärin. Çünki, ähli zat täzeçillige, üýtgeşmä teşne. Täze pikirleri bolsa, kitaplar bilen guran söhbediňden tapmak mümkin.

Arzuwlar kalba ganat, ýaşaýşa söýgi döretýär. Söhbedimiziň ahyrynda siziň joşgunly kalbyňyzyň arzuwlaryny eşitmek biz üçin galyberse-de okyjy üçin hem ýakymly bolsa gerek.

Her bir ynsanyň ýüzünde ýylgyryş, ýaşaýşa söýgi bolmagyny arzuw edýärin. Sebäbi söýgi bizde ýaşaýşa bolan ruhy güýji kemala getirýär. Adamlaryň kalby mähir bilen doly, her bir türkmen halkynyň maşgala ojagynyň abadan bolmagyny, durmuşymyza gözellik çaýýan ähli zatlaryň durmuşymyzda bolmagyny arzuw edýärin! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna we agzybir işgärlerine hem üstünlik hemra bolsun!

Sagbol Merjen! Ajaýyp arzuwlaryňyz üçin köp sagboluň! Owadan gül keşbiňiz kimin durmuşyňyz hem owadan bolsun! Goý, asylly käriňiz bilen abraýyňyz mundan beýläk hem belende galsyn!

Şahsy maglumatlar

Doglan senesi: 03.07.1988.

Halaýan reňki: açyk ýaşyl we perwana.

2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi.

Söhbetdeşligi taýýarlan: Miwe Jumadurdyýewa “Miras” teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy.

 

 

Sungatyň goşa daragty : Suraý we Sona Myradowalar

 

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda