SIZDEN GELENLER

Mekdebe çenli terbiýe

Türkmen perzendini asylly sypatlarda kemala getirmek wezipesi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mekdebe çenli bilim we terbiýe işi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, okuw-terbiýeçilik ileriniň usulyýetiniň baýlaşdyrylmagyna şol sanda bilim işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan hem nesilleri terbiýelemegiň ylmy esaslaryna daýanýan milli pedagogikanyň usulyýeti çuňňur öwrenilýär we tejribeler arkaly berkidilýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, «Ata Watanymyzyň geljegi bolan bilimli-terbiýeli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, biziň her birimiziň mukaddes borçlarymyzdyr».

Bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatlaryndan, kabul edilýän Kanunlardan, kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, döwlet Maksatnamalaryndan we meýilnamalaryndan ugur alynýar. Şeýle hem bagtyýar nesillerimizi döwrüň ruhuna laýyk häsiýetde, milli esasda kemala getirmekde köp asyrlaryň synagyndan geçen terbiýeçilik däplerine, türkmeniň döwletlilik ýörelgesine eýerilýär. Bilim-terbiýeçilik ulgamynda hormatly Prezidentimiziň eserleriniň giňden peýdalanylmagy bolsa alnyp barylýan işiň mazmuny baýlaşdyrylyp, onuň maksadalaýyk bolmagyny üpjün edýär.  Şeýlelikde döwletiň geljekki eýeleri bolan gujur-kuwwatly, edep-ekramly, ylym-bilimli, il-ýurdyna, öz topragyna wepaly perzentler ýetişýär.

Biz hem öz çagalar bakja-bagymyzda alnyp barylýan okuw-usulyýet, terbiýeçilik-guramaçylyk işlerimizi meýilnamalaýyn esasda ýola goýup, mähriban çagalarymyza sowat öwretmekde, terbiýe bermekde döwrebap terbiýeçilik pedagogikasyndan peýdalanýarys. Häzirki wagtda çagalar bakja-bagymyzyň binýadynda sanly ulgam ornaşdyrylyp, çagalaryň ösdürilişinde onuň aýdyň netijelerini görýäris. Çagalar bakja-bagynyň toparlarynda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä sanly ekran serişdelerini  peýdalanmak, sapaklary ses, saz we beýleki duýga täsir ediş serişdeleri bilen baýlaşdyrmak, innowasiýanyň soňky gazananlary we kompýuterleşdirilen enjamlar arkaly çagalaryň sözleýiş endiklerini, beden taýýarlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny ösdürmek gazanylýar. Sapaklaryň wideo ýazgylary esasynda tejribeler gaýtadan seljerilýär we täze usullar arkaly olaryň üsti ýetirilýär. Terbiýeçiler bilen ata-eneleriň arasynda yzygiderli ýagdaýda maslahatlar, duşuşyklar geçirilýär. Öňdebaryjy tejribeler we gazanylan üstünlikler binanyň görnükli ýerinde ýerleşdirilip, olar bilen köpçüligiň tanyş bolmagy gazanylýar. Diwarlyklarda okuw-terbiýeçilik işleriniň meýilnamalary, netijeleri, tapawutlanan görkezijileri, täzelikler, syýasy habarlar şeýle-de hepdäniň ezber, bilgirje, sagdyn körpeleriniň suratlary ýerleşdirilýär. Sanly sungat gurallary, saz gurallarynyň dürli görnüşleri we beýleki tehniki mümkinçilikler esasynda çagalaryň döredijilige bolan höwesleri artdyrylýar, milli medeniýetimize bolan päkize garaýyşlary giňeldilýär.

Şol sanda körpeleriň kompýuter sowatlygyny ösdürmäge, daşary ýurt dillerini özleşdirmäge bolan ukyplarynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns çekilýär. Bu ugurda öwrediji oýunlara, sözlük gorunyň üstüniň ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Talabalaýyk guralýan okuw sapaklary, guramaçylykly çäreler, bäsleşikler, göwnaçmalar, gezelençler has ezber körpeleriň saýlanmagyna getirýär we olar mynasyp derejede höweslendirilýär. Bular bolsa öz gezeginde her bir çaganyň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegine oňyn täsir edip, öňde goýlan maksatlara ýetmäge itergi berýär.

Ýeri gelende bellesek, terbiýeçilik işi diňe bir uly toparlarda guralýan okuw sapaklarda däl-de kiçi, orta, orta-bakja toparlaryň işinde hem aýdyň ýüze çykýar. Körpeler her gün ir säher bilen çagalar bakja-bagynyň bosagasyndan gelenlerinde gyzgyn-mähir, uly söýgi hem zenan aladasy bilen gurşalyp, dynç alyş we göwünaçma wagtlarynda, naharlanýan we multfilme tomaşa edýän pursatlarynda hem terbiýeçilik däpleri mynasyp derejede saklanýar.  Ata-enelere we olaryň hossarlaryna çagalaryň şol günki özüni alyp baryşy, ruhy we beden saglygy barada aýdylyp, olara degişli maslahatlar berilýär. Iňňän jogapkärli we örän buýsançly bolan çaga terbiýelemek wezipesini alyp barýan terbiýeçiler hem olaryň ýakyn kömekçileri bolan enekeler öz borçlaryny yhlas bilen bitirmegi belent dereje hasaplaýarlar. Şonuň üçin hem biziň her birimiz öz öňümizde duran wezipelerimizi birkemsiz berjaý etmek üçin terbiýeçilik işiniň mazmuny doly öwrenip, saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolup, kämilleşýän zamanamyzyň ruhunda gadam urmaga borçlanýarys.

Orazbibi MUHAMMETDURDYÝEWA,

Sakarçäge etrabyndaky «Bagtyýar nesil» atly

4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy.

Hindistandan Türkmenistana prezident derejesinde ilkinji sapar

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika