BIZNES

«Maryazot» : Rus kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew «Maryazot» önümçilik birleşiginiň önümçilik desgalaryny maýa goýumlaryny çekmek arkaly düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek ugrundaky işleriniň netijesinde, ýurdumyzda täze, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan himiýa kärhanalary gurulýar, ozalky hereket edýänleriniň durky täzelenilýär we düýpli kämilleşdirilýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Maryazot” önümçilik birleşiginiň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 450 müň tonna ammiak selitrasyny öndürmäge niýetlenendigi barada habar berildi. Kärhana ammiak öndürýän iki sany sehden ybaratdyr. Tehnologik enjamlaryň könelendigi bilen baglylykda, önümçilik birleşigini taslama kuwwatyna çykarmak üçin onuň esasy önümçiliklerini düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak zerurdyr.

Russiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň maýa goýum serişdeleri çekiler

Bu işleri Russiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak barada 2019-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 11-nji mejlisiniň teswirnamasynda göz öňünde tutuldy.

Russiýa Federasiýasynyň birnäçe paýdarlar jemgyýetleriniň teklipleri giňişleýin öwrenildi hem-de azotly dökünleri öndürýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmakdaky uly tejribesi göz öňünde tutulyp, bu taslama maksada laýyk hasaplanyldy. Bu kompaniýalaryň wekilleri “Maryazot” önümçilik birleşiginde bolup, önümçilik desgalarynyň ýagdaýy bilen ýerinde tanyşdylar hem-de olary taslama kuwwatlylygyna çykarmak üçin mümkinçilikleriň bardygy barada deslapky çaklamany berdiler.

Rus kompaniýalarynyň tekliplerine laýyklykda, ammiak çig malyny, azot kislotasyny, ammiak selitrasyny öndürýän sehleri, suwy himiki taýdan arassalaýan desgasyny hem-de beýleki kömekçi desgalary tehnologik enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edip, kärhanany düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Bu işleriň ýerine ýetirilmegi ammiak selitrasynyň daşary ýurtlardan satyn alynmagynyň zerurlygyny aradan aýrar, kärhanany taslama kuwwatlygyna çykarmaga hem-de azotly mineral dökünleriň täze görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berer.

Russiýa Federasiýasy biziň strategiki hyzmatdaş

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hödürlenen teklipleri makullady hem-de Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini nygtady.

Russiýa Federasiýasy biziň strategiki hyzmatdaşymyz. Häzir biziň ýurtlarymyz geçen ýyllaryň üstünlikleri hem-de öňde duran ilkinji derejeli wezipeler nazara alnyp, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny kesgitlemäge oýlanyşykly çemeleşýändigini görkezýärler diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň işiniň eýeleýän oňyn ornuny belledi.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýokary ösüş depgini ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň uly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär.

2030-njy ýyla çenli ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnama laýyklykda, Türkmenistan rus hyzmatdaşlardan zerur gurluşyk serişdelerini, tehnikalary, enjamlary satyn alýar, Russiýanyň bolsa ýurdumyzda öndürilýän önümleri satyn almaga gyzyklanmasy barha artýar hem-de dünýäniň şonuň ýaly önümlerine mynasyp bäsdeş bolup bilýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu bilelikdäki toparyň işini utgaşdyrmagy tabşyrdy.

Ahal welaýaty boýunça taslamalar

Şeýle hem Ş.Durdylyýew “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde içerki we daşarky agyz suw, suwaryş, lagym, ýagyn suw, ýapyk drenaž geçiriji ulgamlary we sil suwlaryny sowujy akabany hem-de ýollary gurmak hakynda” Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onda kesgitlenen wezipeleri takyk durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

 

Ýene-de okaň

Ýaponiýanyň kömegi bilen gurlan ilkinji metro Wýetnamda açyldy

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi